Ï “Gaznalylar döwrüniň türkmen edebiýaty we dünýäniň ruhy medeniýeti”
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Gaznalylar döwrüniň türkmen edebiýaty we dünýäniň ruhy medeniýeti”

view-icon 1618
- ady bilen “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda 4-5-nji dekabrda ABŞ-nyň, Kanadanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Moldowanyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Koreýanyň, Türkiýäniň, Marokkonyň, Malaýziýanyň, Nigeriýanyň, BAE ýaly we beýleki ýurtlaryň otuz ýurdunyň iri ylmy merkezleriniň belli alymlarynyň – edebiýatçylarynyň we gündogary öwrenjileriniň gatnaşmaklarynda ylmy maslahat geçiriler. Diňe bir Gündogar halklaryna däl, eýsem dünýäniň beýleki sebitleriniň halklarynyň döredijilik mekdeplerine we ruhy medeniýetine öz täsirini ýetiren irki orta asyr türkmen edebiýatyna bagyşlanan maslahatyna biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň – taryh, arheologiýa we etnografiýa, golýazmalar institutlarynyň hünärmenleri, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gtnaşarlar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil we edebiýat instituty bu maslahatyň esasy gurnaýjysy bolup çykyş edýär.

Gaznalylar dolandyran döwründe pars dili resmi döwlet dili bolupdyr. Emma muňa garamazdan, alymlar we ýazyjylar arap we türk dillerinde hem özleriniň ajaýyp eserlerini döredipdirler.

Umuman, Gaznalylar döwletiniň gülläp ösen döwründe onuň hökümdarlary medeniýetiň we ylmyň gülläp ösmegine giň ýol açypdyrlar. Bu döwürde ylmy işler arap dilinde, çeper eserler pars dilinde ýazylypdyr. Gaznalylar döwletiniň hökümdarlarynyň hem özleriniň ene dillerinde – türkmen dilinde ajaýyp eserleri döredendiklerini belläp geçmelidiris. Gaznalylar köşgünde hökümdarlaryň hemişe goldaw beren şahyrlaryň abraýly mekdebi bolupdyr..

Gündogar edebiýatynda beýik şahsyýetleriň hormatyna goşgulary, poemalary, şeýle hem olary wasp edýän epiki eserleri döretmek däp bolupdyr. Bu döwürde beýik gündogar şahyry Firdöwsi Gaznalylaryň hökümdary bolan Soltan Mahmyda bagyşap “Şanama” eserini döredipdir. Bu eser gündogar dünýäsinde ensiklopediki eser hökmünde ykrar edilendir. Bu edebi däp türkmen edebiýatynda hem dowam etdirilipdir...

Halkara maslahatyna gatnaşyjylaryň ylmy maglumatlary Gaznalylar döwrüniň edebiýatynyň we ylmynyň gülläp ösüşi baradaky täze gyzykly mglumatlary susup almaga kömek eder. Halkara maslahatynyň jemleýji mejlisinden soňra oňa gatnaşyjylaryň “tegelek stoluň” başyndaky maslahaty geçiriler. Bu ýerde dünýäniň ruhy gymmatlyklaryny saklamak we ýaýratmak babatda Gaznalylar döwrüniň çeper mirasyny we türkmen edebiýatyny wagyz etmek hakynda gürrüň geçiriler.