Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky “Arzuw” myhmanhanasynda “Gaznalylar döwrüniň türkmen edebiýaty we dünýäniň ruhy medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan edebiýatçy alymlar gatnaşdylar. Ruhy-medeni galkynyş eýýamynyň, gadymy türkmen halkynyň ylmy pikirlenmeleriniň we şahyrana sungatynyň gülläp ösen döwrüniň meselelerine bagyşlanan giň möçberli maslahat pikir alyşmak, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak üçin amatly şerti üpjün etdi.
Maslahata gatnaşyjylar medeni aragatnaşyklaryň ähmiýeti barada aýtmak bilen, häzirki döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçillik we çuňňur ynsanperwerlik syýasaty netijesinde Türkmenistanyň medeni gatnaşyklara bagyşlanan halkara ylmy maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülmeginiň kanunalaýykdygyny nygtadylar. Iri daşary ýurt ylmy-barlag merkezleri we ýokary okuw mekdepleri bilen ýygjam aragatnaşyklaryň ýola goýulmagy, alymlaryň arasynda özara tejribe alyşmalaryň guralmagy türkmen halkynyň bolşy ýaly, sebitiň beýleki halklarynyň taryhynyň we ruhy- medeni mirasynyň hemmetaraplaýyn we doly öwrenilmegini, umumydünýä medeni ösüşindäki ornunyň kesgitlenmegini şertlendirýär.
Iki günlük maslahatyň işi üç bölümde alnyp baryldy. Şonda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri we Gaznalylar eýýamynda türkmen edebiýatynyň ösüşiniň ugurlary”, “Gaznalylar döwletiniň dili we ýazuw çeşmeleri”, “Gaznalylar eýýamynyň ylmy we dünýäniň ruhy gymmatlyklary” ýaly ugurlar boýunça çykyşlaryň 100-den gowragy diňlenildi.
Gaznalylaryň hökümdarlyk eden döwrüniň adamzat medeniýetiniň taryhynda görnükli belli yz galdyrandygy we dürli ylymlaryň mundan beýläkki ösüşini, milli edebiýatlaryň kemala gelmegini köp babatda şertlendiren işleri bilen belli bolan we Günbataryň hem-de Gündogaryň ýurtlaryna öz täsirini ýetiren görnükli türkmen alymlaryny, edebiýatçylaryny we şahyrlaryny dünýä berendigi bellenildi. Şeýle hem şolar ýaly belli alymlaryň zähmeti netijesinde astronomiýa, fizika, himiýa, matematika, minerologiýa, geodeziýa, geografiýa ýaly ylymlaryň ösüşine kuwwatly itergi berildi. Mundan başga-da, olaryň pelsepewi dünýä garaýyşlary, köpsanly ylmy işlerinde beýan eden ýörelgeleri orta asyr döwlet dolandyryş, diplomatiýa ylmy üçin esas bolupdyr. Olar häzirki döwürde hem tutuş dünýäniň alymlarynyň üns berip öwrenýän ylymlaryna öwrüldi.
Maslahata gatnaşyjylar şu döwrüň edebi ýadygärliklerini öwrenmekde geçiren barlaglarynyň, täze ýazuw ýadygärlikleri boýunça gözlegleriniň we arheologik tapyndylaryň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Olar türkmen halkynyň gaznalylar döwründe adamzat ösüşine täsirini ýetiren ruhy-medeni, ynsanperwerlik we ylmy netijeler baradaky täze açyşlary tassyklaýan anyk maglumatlardyr.
Çäräniň jemleýji mejlisinde bölümleriň işleriniň netijeleri jemlendi. “Gaznylylar döwrüniň türkmen edebiýaty we dünýäniň ruhy medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty türkmen alymlarynyň gazananlary baradaky düşünjeleri has-da giňeltmäge, olara daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga, bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak arkaly has möhüm maksatlary kesgitlemäge mümkinçilik berdi hem-de türkmen halkynyň medeni-taryhy we ruhy mirasyny öwrenmekde hem-de ony wagyz etmekde ýygjam ylmy-barlag gatnaşyklaryny ýola goýmakda wajyp ädime öwrüldi.
Forumyň çäklerinde “Gaznalylar döwründe çeper mirasy we türkmen edebiýatyny wagyz etmek, dünýäniň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak we artdyrmak” mowzugy boýunça “tegelek stoluň” başynda duşuşyk geçirildi. Oňa gatnaşyjylar bölümleriň işi mahalynda ýüze çykan meseleleri has jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar.
Ylmy maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda giňişleýin pikir alşylmagyna we ýygjam ylmy, işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam eden maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde guralandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözleri aýdylýar.
Çäräniň medeni maksatnamasy daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Olar maslahatyň açylyşynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen duşuşdylar, Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanyşdylar, “Ylham” seýilgähinde, Türkmenistanyň Baş milli muzeýinde we Şekillendiriş sungaty muzeýinde boldular.
Maslahata gatnaşyjylar Hazaryň kenarynda bolan döwründe Awaza derýasy boýunça gezelenç etdiler. Şeýle hem olar gadymy we häzirki zaman deňiz gämileriniň nusgalarynyň örän köpsanlysynyň jemlenen ýeri bolan dünýä gämileriniň muzeýine baryp gördüler.