Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirilýär. Şu gün, medeni çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti özüniň medeni saparynyň ABŞ-nyň iň iri şäherleriniň biri, dünýäniň möhüm syýasy, ykdysady we medeni merkezi bolan Nýu-Ýorkda we Aşgabadyň doganlaşan şäheri Albukerkede dowam etdirdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Medeniýet, ruhubelentlik, milli däp-dessurlar—bu düşünjeleriň sazlaşygy häzirki türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Amerikadaky Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilýän çäreler muny doly derejede tassyklaýar.
Ozal habar berlişi ýaly, 2-nji dekabrda Waşingtonda, Ronald Reýgan adyndaky halkara merkezinde geçirilen forumyň açylyş dabarasy we şondan soňra geçirilen ähli çäreler, şol sanda ylmy maslahat, “Magtymguly” atly filminiň görkezilmegi, “Meridian” halkara merkezinde “Magtymgulynyň watanynyň sungaty” atly serginiň açylmagy hem-de adybir kitabyň – katalogyň tanyşdyrylyşy, resmi we döredijilik duşuşyklary, köp sanly konsert çykyşlary geçirilýän medeni çärä uly ünsi çekdi.
Şu gün Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günleriniň Nýu-Ýork maksatnamasynyň çäklerinde köpsanly duşuşyklar, şol sanda Bütindünýä ýadygärlikler gaznasynda hem-de Metropoliten sungat muzeýinde duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gumanitar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Türkmen wekiliýetiniň agzalary özleriniň amerikaly kärdeşlerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň ylym-bilim hem-de medeni ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyrdylar.
Bütindünýä ýadygärlikler gaznasynda geçirilen duşuşykda taryhy-medeni mirasyň desgalaryny aýawly saklamak babatda innowasiýalary nazara almak bilen, iki ýurduň bu ulgamda özara gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Biziň ýurdumyzyň muzeý işiniň hünärmenleri Waşingtonyň we Nýu-Ýorkuň muzeýleriniň gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Munuň özi amerikaly kärdeşler bilen bolan duşuşyklaryň oňyn häsiýete eýe bolmagyna ýardam etdi. Umymadamzat gymmatlygyna eýe bolan gadymy taryhy we medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak, dikeltmek we öwrenmek, sergi işi babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri muzeý işini öwrenijileriň üns mekrezinde boldy. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň arasynda Türkmenistanyň wirtual muzeýini döretmek boýunça bilelikdäki işiň tamamlaýjy tapgyry bilen baglanyşykly mesele hem bar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2011-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşmak üçin ABŞ-a bolan saparynyň çäklerinde Amerikanyň özboluşly we täsin medeni gymmatlygy bolup durýan “Metropoliten” sungat muzeýine baryp gördi. Bu muzeýde dünýä ähmiýetine eýe bolan gymmatlyklaryň örän köpsanlysy jemlenendir. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň wirtual sungat galareýasyny döretmek baradaky teklibi ilkinji gezek beýan edildi we bu teklip ýokary baha mynasyp boldy. Munuň özi iň täze maglumatlar tehnologiýalaryny ulanmagyň netijesinde günbatar dünýäsine milli medeniýet hem-de onuň baý taryhy-medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.
Türkmen döredijilik wekiliýetiniň agzalarynyň Brukliniň sazçylyk akademiýasyndan bolan kärdeşleri bilen gatnaşyklary aýdym-saz, teatr we tans sungaty ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etdi. Bu akademiýa iri ylmy-barlag we okuw saz merkezi, şeýle hem tans we teatr sungatynyň uly merkezi bolup durýar. Şol ýerde bütin dünýäde meşhur ýerine ýetirijiler çykyş edýärler. Düýn Brukliniň sazçylyk akademiýasynyň sahnalarynyň birinde guralan teatr çykyşyna tomaşa eden ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri hem muňa göz ýetirdiler.
Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günleri dowam edýär. Waşingtonda Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisi öz işini dowam eder. Nýu-Ýorkuň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna Amerikanyň taryhynyň Milli muzeýinde türkmen sergisine baryp görmek mümkinçiligi dörediler.
Şeýle hem Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň Albukerke şäheriniň meriýasynda, Aşgabadyň Amerikadaky doganlyk şäheriniň Medeniýet müdirliginde hem-de Doganlaşan şäherler gaznasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçiriler.
Medeni maksatnamanyň çäklerinde muzeýlere we medeni durmuşyň merkezlerine baryp görmek, Nýu-Ýorkuň hem-de Albukerkeniň ajaýyp ýerleri bilen tanyşmak çäreleri meýilleşdirildi.
Ertir agşam Albukerkede Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günleriniň resmi ýapylyş dabarasy bolar we iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti guralar.