Ï Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günleri tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günleri tamamlandy

view-icon 1053
Şu gün ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştatynyň iri şäherleriniň biri, Aşgabadyň dogaşlaşan şäheri Albukerkede Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günleriniň dabaraly ýapylyşy boldy.

Medeni çäräniň geçirilmegi gabat gelen gyşyň birinji hepdesi Amerikanyň iri şäherleriniň üçüsinde – Waşingtonda, Nýu-Ýorkda we Albukerkede geçirilen dostluk duşuşyklaryna we döredijilik çärelerine baý boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça dostlukly ýurda iberilen, düzüminde ýurdumyzyň medeniýet, ylym we sungat, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 80-den gowragy bolan türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda Amerika yklymynda şu çäräniň geçirilmeginiň özi hem türkmen-amerikan gumanitar gatnaşyklarynyň giň möçbere eýedigine hem-de geljeginiň uludygyna, onuň iki dostlukly ýurt üçin örän ähmiýetlidigine şaýatlyk edýär.

Köp sanly tomaşaçylaryň biziň ýurdumyzyň ABŞ-da geçirilen Medeniýet günlerine uly üns bermegi amerikan jemgyýetiniň häzirki Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýändiginiň, Watanymyzyň hem-de onuň milli Lideriniň abraýynyň bütin dünýäde barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Konsertlere, sergilere, “Türkmenistan: Magtymgulynyň watanynyň sungaty” atly kitap –katalogyň tanyşdyrylyşyna, beýik türkmen şahyryna bagyşlanan ylmy maslahata hem-de filmiň görkezilişine, döredijilik duşuşyklaryna dürli ýaşdaky we hünärdäki adamlaryň örän köp sanlysy gatnaşdy. Olaryň ählisini biziň ýurdumyzda bolup geçýän zatlar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler bilen ýakyndan tanyşmak, türkmen halkynyň baý medeniýeti barada köp zatlary bilmek, Türkmenistanyň myhmansöýer topragynda öň bolan duşuşyklar barada ýatlamak meýili birleşdirdi. Tomaşaçylaryň köpüsi türkmen döredijilik wekiliýetiniň agzalarynyň ýanyna gelip, özlerinde galan täsirlerini paýlaşdylar, döredijilik bilen baglanyşykly ajaýyp pursatlary peşgeş berendikleri üçin hoşallyk bildirdiler hem-de türkmenistanlylara iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günleriniň uly üstünlige eýe bolmagy türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ýagdaýynyň özboluşly görkezijisi bolmak bilen, iki halkyň dostlugy berkitmäge, döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge, köpugurly hyzmatdaşlygy üçin amatly ýagdaýy döretmäge çalyşýandygyny äşgär etdi. Şunuň bilen birlikde, forumyň çäklerinde geçirilýän çäreler döwlet Baştutanymyzyň parasatly we uzakdan görüjilikli syýasatynyň netijesinde häzirki Türkmenistanyň geljege tarap okgunly öňe barýan, ýöne şol bir wagtyň özünde özüniň gadymy hem-de parasatly hak däplerine, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ahlak gymmatlyklaryna, ýokary ruhy medeniýete gyşarnyksyz ygrarly ýurtdugyny görkezdi.

Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günleriniň maksatnamasy döredijilik çäreleri bilen birlikde işewür duşuşyklary, iki ýurduň alymlarynyň, muzeý işiniň hünärmenleriniň, suratkeşleriniň, sazandalarynyň, döredijilik toparlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň duşuşyklaryny özüne birleşdirdi. Geçirilen duşuşyklaryň barşynda täze tehnologiýalary ulanmak, Türkmenistanyň wirtual muzeýiniň taslamasynyň üstünde mundan beýläk-de işlemek, muzeý sergilerini alyşmak, şeýle hem gadymy gymmatlyklary aýawly saklamak ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agazalary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentinde kabul edildi. Şol ýerde okgunly ösýän köpugurly türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy babatda gumanitar gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylmagy mynasybetli Waşingtonda, “Meridian” halkara merkezinde, şeýle hem Bütindünýä ýadygärlikler gaznasynda we Metropoliten sungat muzeýinde we Nýu-Ýorkda, Bruklin sazçylyk akademiýasynla kabul edişlik boldy.

Duşuşyklara gatnaşyjylar soňky ýyllarda täze many-mazmuna eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny, hususan-da, muzeý işini, sungatyň dürli görnüşlerini ösdürmek ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler. Şeýle hem amerikaly alymlaryň Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini aýawly saklamak, öwrenmek hem-de dikeltmek baradaky taslamalara gatnaşmagynyň geljegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Waşingtonda hem-de Nýu-Ýorkda sergiler üstünlikli geçirildi, olarda biziň ýurdumyzyň amaly-haşam we şekillendiriş sungaty, neşirýat önümleri görkezildi.

ABŞ-da bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Amerikanyň üç şäheriniň iri muzeýlerine hem baryp gördüler, olaryň taryhy we binagärlik gymmatlyklary bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günleriniň resmi taýdan ýapylyş dabarasynyň Albukerke şäherinde geçirilmegi tötänden däldir. Türkmenistanyň wekiliýeti ol ýere düýn bardy.

Albukerke türkmen paýtagtynyň doganlaşan şäheridir. Amerikada doganlaşan şäherler “sister-сities” diýlip atlandyrylýar. Munuň özi “doganlary” däl-de, “uýalary” aňladýar. Bu dereje şäherlere dürli ulgamlarda, ilkinji nobatda bolsa, bilim, medeniýet, sport ulgamlarynda, ýaşaýyş jaý—jemagat hojalygyny döwrebaplaşdyrmakda işjeň gatnaşyklary amala aşyrmaga, hünärmenleri we döredijilik wekiliýetlerini alyşmaga mümkinçilik berýär. Bu meseleler Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň Albukerkeniň meriýasynda kabul edişliginiň barşynda hem-de şäheriň Medeniýet müdirliginiň we Albukerkeniň doganlaşan şäherleriň gaznasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara howa şarlary muzeýine baryp gördi, şeýle hem amerikalylaryň zergärçilik döredijiligi bilen tanyşdy.

Doganlaşan şäherler bolan Aşgabat we Albukerke ysnyşykly gatnaşyklary saklaýarlar. Mysal üçin, Doganlaşan şäherleriň gaznasynyň agzalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyşlaryny ýatladylar. Albukerkeniň soňky ýyllarda türkmen paýtagtyna gelen wekilleriniň arasynda Sant Fe şäherindäki indeý mekdebiniň ozalky kitaphanasyçy Alan Mak Grattanyň, aýdym-saz we drama sungatynyň mugallymy Linda Maýlzyň bolandygyny ýatlatmalydyrys. Olaryň soňkusy Aşgabada artistler, sazandalar we talyplar bilen hünär babatda tejribe alyşmaga geldi. 2012-nji ýylda ABŞ-niň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Amerikanyň zergärçilik önümleriniň sergisi geçirildi, şeýle hem amerikaly zergär, ýerli indeý Stiw LaRans bu babatda öz ussatlygyny görkezdi. Amerikaly zergäriň gadymy türkmen şaý-seplerini ýatladýan inçe işleri Amerikanyň indeýleriniň we häzirki türki halklaryň gadymy kökleriniň umumylygy baradaky çaklamanyň özboluşly subutnamasy bolup durýar. Stiw Wikwiý LaRansyň işleri dünýäniň köp muzeýlerinde görkezildi. Ol indeýleriň sungat ulgamynda Smitson institutynyň bilermenleriniň biridir.

Bir söz bilen aýdylanda, “sister-сities” medeniýetiniň wekilleriniň soňky ýylardaky döredijilik gatnaşyklary hünär babatda tejribe alyşmak üçin oňaýly ýagdaýy döretdi, häzir Albukerkede öňden gelýän oňat dostlar hökmünde duşuşan iki halkyň ruhy gatnaşyklarynyň geljegini kesgitledi.

“Haýatt” myhmanhanasynyň zalynda geçirilen dostluk konserti munuň aýdyň subutnamasy boldy. Ol bir sahnada türkmen we amerikan artistlerini birleşdirdi. Şonuň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň sergisi hem ähmiýetli waka öwrülip, doganlaşan şäheriň ýaşaýjylarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynda bu döredijilik çäresiniň iki ýurduň halklarynyň dostluk hem-de özara düşünişmek gatnaşyklaryny ösdürmek işine uly goşant goşandygy bellenildi. Bu medeni çäräni, sözüň doly manysynda, taryhy waka diýip atlandyrmak bolar. Çünki ol gatnaşyklary ösdürmek, medeni-bilim gymmatlyklaryny alyşmak babatda şertleri döretmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýene-de bir uly höweslendiriş çäresi boldy.

Çärä gatnaşyjylar ABŞ-da Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigi, amerikalylary türkmen halkynyň baý medeniýeti, onuň bahasyna ýetip bolmajak ruhy mirasy we häzirki zaman sungaty bilen tanyşdyrmak babatda döredilen mümkinçilik üçin iki ýurduň Liderlerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra guralan bilelikdäki konsertiň maksatnamasyna laýyklykda, “Dokmaçylar” folklor-etnografiýa topary, “Meňli”, “Näzli” we “Aşgabat” tans toparlary, meşhur halk sazandalary hem-de Türkmenistanyň we Albukerke şäheriniň häzirki zaman estrada aýdymçylary çykyş etdiler. Joşgunly ýerine ýetirilen tanslar we aydym-sazlaryň belentden ýaňlanan owazlary, däp-dessurlar bilen baglanyşykly sahnalaryň özboluşlylygy, ýerine ýetirijileriň köp öwüşginli lybaslary ýatdan çykmajak uly medeniýet baýramçylyk ýagdaýyny döretdi.

Tomaşaçylar amerikan kompozitory Frederik Lounyň dünýäniň saz sungatynyň genji-hazynasyna giren “Meniň ajaýyp ledim” atly meşhur mýuziklinden “Meniň tans edesim gelýär” atly aýdymy ussatlyk bilen ýerine ýetiren türkmen aýdymçy gyzynyň çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary hem girizildi. Olar amerikaly dostlarymyza özleriniň ajaýyp saz sowgadyny—meşhur amerikan pianinoçysy, kompozitory we regtaým žanryny esaslandyryjy Joplin Skottyň “Regtaýmyny” peşgeş berdiler.

Gadymy türkmen “Küştdepdi” tansynyň bilelikde ýerine ýetirilmegi konserte özboluşly dostluk ösüşginini çaýdy.

Konsertiň ahyrynda “Goý, güllesin, baky dursun türkmen-amerikan dostlugy!” atly aýdym-saz—tans kompozisiýasy ýerine ýetirildi. Ol iki ýurduň halklarynyň dostlugynyň joşgunly senasy bolup ýaňlandy.

Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen çykyşlara haýran galan tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary uzak wagtlap dowam etdi. Çärä gatnaşyjylar mähirli dostluk duýgulary hem-de täze duşuşyklara umyt bilen hoşlaşdylar.

ABŞ-da tamamlanan Türkmenistanyň Medeniýet günleri iki ýurduň gumanitar ulgamdaky gatnaşyklarynda aýdyň we ähmiýetli waka bolmak bilen, iki dostlukly ýurduň halklaryň ruhy taýdan mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna hem-de olaryň özara düşünişmeginiň we dostlugynyň berkemegine ýardam etdi.