Ï Gadymy Merwiň şuglasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gadymy Merwiň şuglasy

view-icon 1754
Merw – gadymy dünýäniň hakyky megapolisi bolup, ol Murgap derýasynyň kenaryndaky mes toprakly ýerde döredilipdir hem-de dürli döwürlere degişli biri-birine ýakyn ýerleşen gadymy şäher ulgamyndan ybaratdyr. Şol döwürde, beýleki gadymy şäherlerde bolşy ýaly, täze obaçylyklar öňki obaçylygyň ýerinde gurlupdyr. Bu ýerde her bir döwrüň gurluşygynyň yzy öz akymyny gündogardan günbatara üýtgeden derýanyň akabasynda we delta akymlarynda garyşyp gidipdir. Netijede bolsa Häzirki Mugap, Mary şäheriniň ýerleşýän ýeri, öz gadymy akymyny tatkmynan 30 kilometr üýtgedipdir.

Bu günki gün gadymy Merwiň harabaçylygy müňlerçe gektar meýdany eýeleýär. Goňurdep, Ýazdepe, Erkgala, Gäwürgala, Çilburç, Soltrangala, Abdyllahangala, Baýramalayhangala – bularyň her biri patyşalyklaryň we nebereleriň gülläp ösüşlerini we synmlaraynyň, urşuň taryhyny we döreýşiň ýyl ýazgysynyň, ýiti durmuş sarsmalaryndan soňra şäheriň gaýtadan dikeldilmeginiň köp asyrlyk taryhyny öz goýnunda saklap otyr. Bu günki gün bolsa ol arheologlar üçin hakyky ýadigärlikler toplumy bolup, bu ýere dünýäniň dürli döwletlerinden gelýärler. Özlerinden öňkileriň ylmy däplerini dowam etdirip, mary topragynda gazuw-agtaryş işlerini ýylba-ýyl geçirip gelýärler.


Merw – diňe bir gündogaryň gadymy şäherleriniň biriniň ady bolman, eýsem ol Murgap derýasynyň gadymy akabasynyň töwregindäki şäherleriň ählisiniň hem adydyr. Örän gadymy döwürlerden bäri bu toprak özüniň hasyllylygy we bol suwlylygy bilen adamlaryň ünsüni çekipdir. Bürünç eýýamynda bu mes toprakly ýere, soňra gadymy Marguş ýa-da Margiana diýlip atlandyrylan, ekerançylyk bilen meşgullanýan we ýarym çarwa taýpalar göçüp gelip, gadymy gündogar äheňindäki ajaýyp medeniýeti döredipdirler. Şeýlelik bilen bu ýer Mesopotamiýa, Ýegipet, Hindistan we Hytaý ýaly dünýä siwilizasiýasynyň özbaşdak merkezi diýlip ykrar edildi. Merw takmynan biziň eramyzdan öňki VII asyrda häzirki Erkgala gadymy şäheriň ýerinde döredilipdir hem-de tiz wagtdan bütin sebtiň merkezine öwrülipdir.

IХ asyryň başlarynda halif Garun ar-Raşidiň ogly horasanyň hökümdary Halifat al-Mamun Merwe göçüp gelipdir. 813-nji ýylda Mamunyň özi halif bolupdyr. Ýöne mundan kän wagt öň ol Merwde ýaşapdyr. Taryhçylaryň aýdyşlary ýaly, bu döwürde şäher Halifatyň paýtagty hökmünde orun eýeläpdir – Arap döwletleriniň ählisi boýunça görkezmeleriň we wezipä bellenmeler şu ýerden ugradylypdyr. Bu döwürde Merw öz taryhynda örän gysga, ýöne ajaýyp döwrüni ýaşady. IХ asyryň arhitektura ýadigärlikleri saklanyp galmandyr. Ýöne, Gäwürgalada Merwiň ilkinji metjidi Banu-mahan gaýtadan dikeldilipdir. Onuň yzlaryny arheologlar tapypdyrlar. Ýykylan gümmeüiň aşagyndan tapylan ýerasty uly suw gaby ugur tapmaga ýeke-täk tapyndy bolup durýar. Indi onuň kömegi bilen rowaýata öwrülen metjidiň toplumyny öwrenmäge mümkinçilik bolar.

Х-ХI asyrlarda görlüp-eşdilmedik ýokary derejeli medeni göteriliş bolupdyr. Şonda musulman dünýäsiniň beýik akyldaralry, şahyrlary, suratkeşleri we binagärleri Merwe gelipdirler we nesillere ebedi eserlerini galdyrypdyrlar. Bu ýerde birnäçe ýyllap ýaşan Omar Haýýamy we “Wis we Riman” romantiki eseriniň awtory Fahr eddin Gürgeniň adyny agzap geçmegiň özi hem ýeterlikdir. Göni müň ýyl mundan ozal Merw Merkezi Aziýanyň iň uly şäheri bolupdyr we musulman gündogarynyň iri şäherleriniň biri bolupdyr. Onuň eýelelän meýdany şäheriň daş-töweregi bilen 1800 gektar bolupdyr, ilatynyň sany bolsa 150 müň adam bolupdyr. Şol döwrüň şäherleriniň esasy ýaşaýjylarynyň sany iki müňden bäş müňe çenli bolandygyny nazara almak bilen, seljuk Merwiniň çäkleriniň nähili bolandygyny göz öňüne getirmek bolaýr. Ol öňki günbatar Gäwürgaladan majan kanalyndan ösüpdir, bu ýere VIII asyryň ortalaryna halif Abu Muslim hökümet rezidensiýasyny, bazary göçürip getiripdir we ybadathana metjidini gurupdyr.

Bu günki gün edil şol ýerde diýen ýaly Soltan Sanjaryň kümmeti dur. Mundan hem başga Merwiň weýran bolan uly ýadigärlikleriniň arasynda şol ajaýyp döwrüň arhitektirasynyň birnäçe ýadigärlikleriniň sudury bildirýär. Bu ýere syýahatçylar we zyýaratçylar hökman gelip görýärler. Bu degsin edilýän ajaýyp we owadan kiçijik Mehammet ibn Zeýd metjidi öz gurluşy boýunça Hudaýnazar öwülýä kümmetine we Talhatanbaba metjidine örän ýakyndyr. Gyzbibi kümmeti we Abdylla ibn Bureýdi kümmetleri, şeýle hem soňky gurlan ashaplar kümmeti, Hoja Ýusup Hemedany metjidi gadymy ussalaryň bize galdyran ajaýyplyklarydyr. Elbetde, Uly we Kiçi gyzgalalary palçykdan galdyrylan galalary henis öz syrlaryny goýnunda saklap otyrlar.


Mary topragynyň her bir kilometrinde diýen ýaly gadymy geçmişiň haýsydyr bir döwrüne şaýatlyk edýän ýadigärligi görmek bolýar. Heniz Parfiýa döwürlerinden galan paýtagtyň megopolisiniň töwereginde güri ýerleşen şäherçeleriň we aýratynlykda duran baý howlulary bolupdyr. Hususy şäheriň galyndylary nirede, ösen obalaryň konglomeratlary nirede bolupdyr – bularyň ählisi käwagtlar düşnüksiz galýar. Birnäçe maglumatlara görä, Х asyrda şäher ilaty sebitiň umumy ýaşaýjyalrynyň 40 göterimini tutupdyr.

Merwiň töweregindäki bu görnüşler, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary ösen şäher merkezleridäki görnüşler mongol basybaljylarynyň weýrançylykly çozuşlaryndan soňra düýbünden özgeripdir. Howa barha gurak bolupdyr, öri meýdanlary gurapdyr. Murgap derýasy peseleipdir, ekin ekilýän meýdanlar azalypdyr, adamlar ene topragy taşlap gitmeli bolupdyrlar. Merw soltan Şahruh döwründe ýene aýaga galýança azyndan iki ýüz ýyl geçipdir. Şol döwürde şäheriň çäkleri täzeden artypdyr, häzirki döwürde Abdyllahangala ady bilen meşhur bolan kuwwatly diwarlar galdyrylypdyr. ХIХ asyrda bu sebitler Ýewropadan we Russiýadan syýahatçylaryň we alymlaryň gelmegi netijesinde ýene-de dünýä tarap ýüzüni açdy...

Suratlarda: Çilburjuň diwarlary we diňleri: olaryň takmynan iki müň ýyl mundan ozalky ilkibaşdaky görnüşleri ýaly häzirki zaman görnüşi we durkunyň täzelenmegi.