Ï Umumyhalk dabaralary mynasybetli baýramçylyk konsertleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Umumyhalk dabaralary mynasybetli baýramçylyk konsertleri

view-icon 656
Şu gün ählihalk baýramçylyk gününde—Garaşsyz türkmen döwletiniň bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 18 ýyllygynda tutuş ýurdumyz boýunça bu ähmiýetli senä bagyşlanan dabaralar we konsertler geçirildi. Türkmen paýtagtynda geçirilen baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy aýratyn öwüşginli boldy. Olaryň hatarynda “Maslahat köşgünde” Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döwlet konserti we gyşky oýunlar sport toplumynda guralan baýramçylyk konsertleriniň maksatnamasynda daşary ýurtlaryň we türkmen estrada ussatlarynyň bilelikdäki çykyşlary boldy.


Türkmenistanlylaryň şu günki baýramçylyk gününde başdan geçirýän belent ruhy göterilişi we toý ruhy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, onuň ägirt uly döredijilik kuwwatynyň gazananlarynyň iň oňat beýanydyr. Hut şeýle duýgular häzir hem sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň daýanjy, ynsanperwer gymmatlyklar esasynda dünýä jemgyýetçiliginiň ýurtlary bilen öz gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda çykyş edýän belent ruhuň we medeniýetiň gadymy merkezleriniň biri hökmünde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan ugruny kesgitleýär. Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinde özara bähbitli hyzmatdaşlyk -- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasynyň esasydyr.

Bitaraplygyň halkara-hukuk derejesiniň ýörelgelerine berk eýermek bilen, Türkmenistan diňe bir milli bähbitleri däl, eýsem, umumadamzat bähbitleri ileri tutmak arkaly abraýly halkara guramalary we dünýäniň dürli döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli we maksada okgunly alyp barýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy tagallalary möçberi boýunça ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyny şertlendirdi.

“Maslahat köşgüniň” ajaýyp zalynda baýramçylyk ruhy höküm sürýär. Bu ýere ýurduň hökümetiniň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda resmi taýdan işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylygy ýygnandy. Şeýle hem bu ýere ýygnananlaryň arasynda hormatly ýaşulular, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylym we döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar bar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda ýakynda paýtagtymyzda geçirilen “Türkmenistanyň bitaraplygy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň strategiýasy” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylar, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtly myhmanlar bar.

Türkmenistanyň Döwlet senasynyň belent owazy baýramçylyk konsertiniň başlanýandygyny alamatlandyrdy.


Türkmen döwlet medeniýet institutynyň we Türkmen milli konserwatoriýasynyň horunyň talyplardan ybarat döredijilik toparynyň bilelikdäki çykyşy baýramçylyk dabarasynyň ajaýyp badalgasyna öwrüldi. Olar söýgüli Watanymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlaryny, onuň belent döredijilik başangyçlaryny we ruhy galkynyşyny şöhratlandyrýan “Bitaraplyk bossany” diýen aýdymy joşgunly ýerine ýetirdiler. Talyplaryň çykyşlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy abadançylyga we ýer ýüzünde parahatçylyga gönükdirilen halkara işjeňligi we ösüşlere beslenen başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleriň depginli ösüşini şöhlelendirýän wideoşekiller bilen utgaşykly beýan edildi.

Konsert maksatnamasyny “Dokmaçylar” folklor toparynyň çykyşy dowam etdi. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriň ählisiniň başyny başlaýjy bolan milli Liderimize bagyşlanan “Mähriban Arkadag—Gahryman ogul” diýen aýdym-tansly ajaýyp kompozisiýany ýerine ýetirdiler.

Soňra sahnada owadan çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Şonda biri-biriniň yzyndan çykyş edip, meşhur aýdymçylar hem-de türkmen estradasynyň täze ýyldyzlary, görnükli tans we folklor toparlary köpsanly tomaşaçylara öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bu ýerde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany, mähriban topragymyzyň täsin gözelligini we baky adamzat gymmatlyklaryny wasp edýän meşhur estrada we halk aýdymlary ýaňlandy. Täsin sazlar bilen lazer şöhleleriniň utgaşmagy bu ýerde täsin baýramçylyk ruhuny döretdi.

“Arçabil” toparynyň deprekçileriniň çykyşy baýramçylyk dabarasyna aýratyn joşgun çaýdy. Türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny görkezen döredijilik toparlarynyň çykyşy konsertiň baýramçylyk kanwasyna özboluşly äheňlerini goşdy. Ýurdumyzyň döredijilik-tans toparlarynyň ýerine ýetiren gadymy küştdepdi tansy baýramçylygyň hakyky bezegine öwrüldi.

Aýdymçylar hem-de konserte gatnaşyjylar tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bagyşlanan “Öňe, öňe, bedew batly Watanym!” atly aýdym dabaranyň jemleýji pursadyna öwrüldi.


* * *

Gyşky oýunlar sport toplumynda hem ajaýyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu ýere ýurdumyzyň we daşary döwletleriň aýdymçylary bilen duşuşmak üçin häzirki zaman estrada sungatynyň köpsanly muşdaklary geldiler. Toý çakylygy boýunça türkmen paýtagtyna meşhur estrada aýdymçylary—russiýaly aýdymçy we artist Zara, arap ýyldyzy Nensi Ajram, türk aýdymçysy we şahyry Myrat Boz geldiler.

Daşary ýurt estradasynyň wekilleriniň Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň özboluşly manysy bardyr. Sebäbi umumymilli baýramçylygymyz türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyksöýüjilik dostluk we myhmansöýerlik däpleriniň dabaralanmagyny alamatlandyrýar.

Dostluk konsertlerinde bir sahna meýdançasynda ruhy we döredijiligi boýunça ýakyn adamlar hökmünde türkmen artistleri we belli myhmanlarymyz çykyş etdiler. Olar tomaşaçylara ylham joşgunyndan doly döredijilik gül desselerini sowgat etdiler.

Haýran ediji Zaranyň ýerine ýetirmeginde söýgi, dostluk, wepalylyk we gözellik hakynda häzirki zaman aýdymlary ýaňlandy. Gaýtalanmajak gözellige eýe bolan aýdymçy öz ýerine ýetirijilik ussatlygy, ýerine ýetirýän aýdymlarynyň many-mazmunyna aralaşmak ukyby bilen türkmen muşdaklaryny özüne maýyl etdi. Konsertiň ahyrynda ýurdumyzyň hoşniýetli dosty Zara türkmen milli lybasyna beslenip, diňleýjilere türkmen aýdymyny sowgat etdi. Tomaşaçylar bu sowgada mynasyp baha bermek bilen, öz söýgüli aýdymçysyny şowhunly el çarpyşmalar we gül desseleri bilen hormatladylar.


Gündogaryň ýakymly aýdymçylarynyň biri Nensi Ajram hem tomaşaçylara gündogaryň ertekilerini sowgat etdi. Mylaýym sesi we täsin zehinli aýdymçy gyzy arap ýurtlarynyň saz Olimpiniň belentliklerine çykardy. Ajaýyp aýdymlar we sazlar, joşgunly gündogar tanslary tomaşaçylary maýyl etdi, olar Nensiniň her bir aýdymyna şowhun bilen el çarpdylar.

Türk pop-ýyldyzy Myrat Boz öz estrada aýdymlary we täze çykyşlary bilen mähirli gutlaglaryny beýan etdi. Aýdymlary ýerine ýetirmek ussatlygy bilen utgaşýan ajaýyp sesi netijesinde Myrat Boz häzirki zaman estradasynyň muşdaklaryna giňden bellidir.

Biziň myhmanlarymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, ähli türkmen halkynyň adyna mähirli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary bu gün dünýäniň dürli dillerinde ýaňlandy. Olaryň köpüsi ýurdumyza we onuň Liderine ajaýyp aýdymlary bagyşlamak bilen öz duýgularyny türkmen dilinde beýan etdiler.