Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň uly zalynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasyny guramagynda fransyz nusgawy duetiniň – Fransua Pinel (fortepýano), Debor Nematnýunyň (skripka) we TMK talyplarynyň bilelikdäki konserti geçirildi.
Fransuz duetiniň ýerine ýetirmeginde Bahyň, Debýussiniň, Listiň, Raweliň, Paganininiň eserleri ýaňlandy. Dekabr aýynyň 2-si 6-sy aralygynda fransuz sazandarlarynyň ýolbaşçylygynda türgenleşen konserwatoriýanyň talyplary fortepýano we skripka üçin türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler.
Fransua Pinel özünde galan täsirleri paýlaşyp, Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň ýokary ussatlygyny belledi. Şunlukda bu ussatlaryň tälim berýän talyplarynyň baglydyklaryny, olaryň durky bilen saza imrinendiklerini, olaryň ýüreklerini saza beslenendigini nygtady.
Fransua Pineliň biziň ýurdumyza ikinji sapar gelendigini bellemelidiris. Geçen ýyl ol Aşagat we Mary şäherlerinde sol konserti bilen çykyş etdi we sazçylyk mekdebiniň okuwçylary üçin ussatlyk okuwyny geçirdi. Meşhur ýaş pianinoçy Fransua Pinel – fortepýano we kamera sazy boýunça Pariž konserwatoriýasiniň ilkinji baýragynyň eýesidir, ol Fransiýada we beýleki ýurtlarda konsert bilen ýygy-ýygydan çykyş edip durýar. Oňa Ýewropanyň, Braziliýanyň we Alžiriň teatrlarynda nusgawy sazy söýjüler uly ruhubelentlik bilen garşy aldylar. Ol Brýusseliň filorminiýa orkestri we Ýewropa kamera orkestri ýaly meşhur orkestrler bilen nusgawy saza öwrülen eserleri ýerine ýetirdi.
Debora Netmanýu - 4 ýaşyndan bäri skripka çalýar. Ol 2001-nji ýylda Pariž konserwatoriýasynyň baýragyna mynasyp boldy. Ol Parižiň kamera orkestriniň solistidir, Çen-Sansyň we Bramsyň konsertlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başarýar. Ol Türkmenistanda ilkinji sapar çykyş edýär. Aşgabat şäheri ony öz keşbi, dürli gülleri, suw çüwdürimleri, ýaşyl baglyga bürenip oturan seýilgähleri bilen haýran galdyrdy. Deboranyň pikirine görä, bu ýerde adamlar täze durmuşa, açyk göwünlilige we ajaýyplyklara aýratyn garaýar.
Konsert hem tomaşaçylarda, hem artislerde uly täsir galdyryp, uly üstünlik bilen geçdi. Şeýle hem bu duet ýakynda Türkmenabatda S.Seýdi adyndaky teatrda çykyş etdi.