Ï Hünär blen tanyşmak
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hünär blen tanyşmak

view-icon 1242
Paýtagtyň Ýetginjekler we çagalar köşgünde “Senetçiler şäherçesi” ady bilen sergi-tanyşdyrylyşy üstünlikli geçirildi. Bu Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň, Bilim ministrliginiň we Aşgabat şäheriniň Ýetginjekler we çagalar köşgüniň bilelikdäki taslamasydyr. Ony guraýjylaryň esasy maksady - biziň ýurdumyzyň ykdysady ösüşine, halkyň abadançylygyna we parahatçylykly durmuşyna öz zähmeti bilen goşant goşjak çagalaryň döredijilikli işleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Ýetginjekler we çagalar köşgüniň uly zaly dogrudan hem şol gün “Senetçiler şäherçesini” ýadyňa salýar. Her bir pawilýon oba hojalyk, dokma, azyk, konditer senagaty, gazyň gazylyp alynşy we gaýtadan işlenilşi, saglygy goraýyş, ylym we bilim pudaklarynyň dürli hünärleriniň ussatlarynyň zähmetleriniň önümleri bilen bezeldi. Watan goragçylaryna aýratyn pawiýon bagyşlandy. Ýöne, bu ýerde esasy zat – bu hünär bilen tanyşdyrmak we öz pudagyynyň gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak barada gürrüň bermekdir.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň pawilýonyndaky tropiki ösümlikler we olaryň miweleri, köp görnüşli güller, suw ösümlikleri çagalaryň ünsüni çekdi. Çagalar Türkmenistanda ösýän ösümlikler, botanika ylmy barada köp täzelikleri bildiler, bu ulgamda ýene-de näçe açyşlary edip boljakdygyny bildiler.

Indiki pawiýona geçmek bilen, biz özümizi edil nebitgaz pudagynyň kärhanalarynda ýaly duýduk. Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň öz elleri bilen taýýarlan uglewodorodlaryň gazylyp alynşy we gaýtadan işlenilşi baradaky taýýarlan özboluşly maketleri häzirki zaman önümçiligini beýan edýär.

Türkmenistanyň Serhet gullugynyň serhetçileriniň taýýarlan maketleri häzirki zaman gämilerine bagyşlanypdyr, gulluk iti bolsa, elbetde, örän haýran galdyryjy bolup durýar, elbetde, çagalary nädip serhetçi bolmaly, bu düzümlerde gulluk etmek üçin näme etmeli diýen sowallar gyzyklandyrdy.

Pawiýondan pawilýona geçmek bilen, çagalar konditer, çörek bişiriji, haly dokamak, dokmaçylyk, döredijilik ugurlary bolan kompozitorçylyk, sazandarçylyk we beýleki hünärler bilen tanyş boldular. “Senetçiler şäherçesi” ady bilen geçirilen bu sergi hakykatdan hem çagalara köp hünärler babatda açyş boldy. Bu ýerde gören zatlaryna olar haýran galdylar, olaryň birnäçesinde bolsa, özleriniň göwnünden turan hünärlerinde özlerini synap görmek arzuwy döredi.

Döwlet guramalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Parahatçylyk gaznasynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde amala aşyrylan bu taslama Türkmenistanyň ýaş raýatlaryna gönükdirilendir hem-de olary geljekde bu ugra gönükdirmekden ybaratdyr.