Ï Saz baýramçylygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Saz baýramçylygy

view-icon 788
Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramaklarynda Roždestwo konserti geçirildi. Magtymguly adyndaky teatryň sahnasynda Fontanyň lirizmden doly “Ümsümlik” goşgusy nemes we rus dillerinde ýaňlandy. Ol her bir diňleýjiniň kalbyna ornaşdy hem-de mukaddes roždestwo sazyny kabul etmek üçin belli bir höwesi döretdi.

Roždestwo konsertine ýörite gatnaşmak üçin nemes aýdymçysy, Wýursburgda geçirilen “Bahyň gününi” we Tirolda geçirilen Pasha festiwalyny goşmak bilen meşhur festiwallaryň köpüsine gatnaşyjy, belent sesli aýdymçy Mariýa Bernius Aşgabada geldi. Ýaş türkmen pianinoçysy, milli we halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Aşyr Aşyrowyň sazandarlyk etmeginde onuň ýerine ýetirmeginde Şubertiň “Sallançaklysy” we “Awe Mariýasy”, Şumanyň “Bagyşlamak” we beýleki eserleri ýaňlandy.

Iň meşhur we nemes halkynyň söýüp diňleýän roždestwo aýdymlaryny Mariýa Bernius Eziz Jumanyýazowyň ýolbaşçylyk etmeginde hor-kwartetiniň we kamera orkestriniň çalmagynda ýerine ýetirdi. Orkestr Iogannes Bramsyň 3-nji simfoniýasynyň üçünji bölegini uly ussatlyk we joşgun bilen ýerine ýetirdi. Bu agşamda teatryň sazy gowy görýän tomaşaçylary sazandaryň çalan sazlaryny el çarpyşyp, sag bolsuny aýytdylar.