Ï Türkmen türgeni jiu-jisu boýunça Aziýa çempionatynyň altyn medalyna mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgeni jiu-jisu boýunça Aziýa çempionatynyň altyn medalyna mynasyp boldy

view-icon 863
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň üçünji ýyl talyby, Türkmenistanyň Milli söweş sungaty federasiýasynyň wekili, sportuň bu görnüşi boýunça dünýäniň çempiony Serdar Hojamuhammedow jiu-jisu boýunça Aziýanyň çempiony diýen ady we altyn medaly gazandy.

Jiu-jisu boýunça Aziýanyň çempionaty Almaty şäheriniň (Gazagystan) “Baganaşil” sport toplumynda geçirildi. Bäsleşige dünýäniň 15 ýurdundan türgenler gatnaşdylar. Türkmen atletikaçysy 92 kg agram derejede çykyş etdi. Onuň garşydaşy hökmünde Ukrainanyň, Gyrgyzstanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň wekillleri çykyş etdiler. Mundan hem başga Serdar her bir tutluşykda kämil emel ulanmak bilen, garşydaşyna ýeňiş gazanmaga mümkinçilik bermedi hem-de öz tutluşyklaryny arassa ýeňiş bilen tamamlamagy başardy.


Häzirki wagtda Serdar Türkmenistanyň Milli söweş sungaty federasiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň At gazanan türgenleşdirijisi, Halkara derejeli sport ussady Ata Adaýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Bu bäsleşige gatnaşan türgenleriň ikinjisi bolsa Rustam Imamkulyýewdir. Ol Ata Adaçewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Rustam bu bäsleşikde 84 kg agram derejede çykyş edip, bäşinji orny eýeledi.

Serdadryň şu ýylky gazanan üstünligi halkara derejelerinde geçirilýän bäsleşiklerde gazanan ilkinji baýragy däldir. Meselem, ol Moskwada professional jiu-jisu boýunça geçirilen bäsleşiklerde çykyş etmerk bilen, tutluşyklaryň üçüsinde ýeňiş gazanyp we bir tutluşykda utulyp, üçünji orny eýeledi. Soňra ol Suzdalda geçirilen dünýä çempionatynda birinji orny almagy başardy. Söweş sambosy boýunça Aziýa çempionatynda kümüş medaly, Merkezi Aziýa çempionatynda bolsa – altyn medaly gazanmagy başardy.