Ï Oba hojalyk toplumy: özgertmeler hereketde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oba hojalyk toplumy: özgertmeler hereketde

view-icon 12402
Özgertmeleriň çäklerinde düýpli we netijeli, kuwwatlylygyny berkiden Türkmenistanyň oba hojalyk toplumy türkmen obasynyň ykdysady gurplulygynyň binýady boldy. Ýurduň ekin meýdanlarynda – iň häzirki zaman tehnikalary işledilýär, topragyň melioratiw ýagdaýyny gowlandyrmak boýunça iri göwrümli işler geçirilýär. Türkmen obalarynyň keşbi düýpgöter özgerdilýär, pudakda häzirki zaman oba hojalyk firmalary we gaýtadan işleýän kärhanalar döredilýär, husuy bölek çalt depginler bilen ösýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary bilen durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň üstünlik gazanýandygyna oba hojalygynyň netijeliliginiň ösýän görkezijileri şaýatlyk edýär. Ýurduň oba hojalyk toplumynyň we ykdysadyýetiniň durmuşynda geçip barýan ýylda möhüm oba hojalyk möwsümleriniň üstünlikli jemleri guwandyryjy waka boldy. Türkmen pagtaçylary öňde goýlan borçnamalary üstünlikli ýerine ýetirip, Watanyň uly harmanyna 1 million 50 müň tonna “ak altyn” tabşyryp, uly zähmet ýeňişini gazanmagy başardylar.

Pagta ýygym möwsüminiň awgust aýynyň ahyrky günlerinde ýurduň dört welaýatynda birbada badalga berlendigini ýatlap geçeliň. Sentýabr aýynyň birinji on günlüginde Türkmenistanyň demirgazyk sebtinde pagta ýygymyna girişildi. Eýýäm oktýabr aýynyň ortalarynda Balkan welaýatynyň pagtaçylary ýurtda ilkinji bolup, meýilnama borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Ýurduň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň baýram edilmeginiň öňisyrasynda welaýatlaryň ýene-de üçüsiniň pagta ýygmak baradaky borçnamalaryny dolandyklary barada habar berildi. Netijede Balkan welaýatynda 67 %, Ahala welaýatynda 21 %, Mary welaýatynda 18%, Daşoguz welaýatynda 15% bellenilen borçnamadan artyk hasyl Watan harmanyna tabşyryldy. Lebap welaýatynyň daýhanlary Watanyň uly harmanyna hasyly ýüz göterim möçberinde tabşyrdylar.

2013-nji ýylyň ýygym möwsüminiň başyndan pagtaçylaryň, mehanizatorlaryň, ýygymçylaryň oňat hilli zähmet ýekmekleri we dynç almaklary üçin gerek bolan şertleriň ählisi döredildi. Umumy tutýan meýdany 550 müň gektar bolan ýurduň gowaçaly meýdanlarynda dürli kysymdaky oba hojalyk tehnikalarynyň 9 müň sanysy işledildi. Ýurduň taýýarlaýyş nokatlarynyň 159 sanysynd we pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 36-synda ekin meýdanlarynyň hasylyny gije-gündüzleýin kabul edildi. Tabşyrylan hasyl hil taýdan berk gözegçilikden geçirildi – bu işler ýurduň kabul ediş nokatlarynyň we kärhanalarynyň ýanynda döredilen barlaghanalarynda alnyp baryldy.

“Daýhanbank” Döwlet täjirçilik bankynyň karz pul serişdeleriniň hasabyna “Türkmenpagta” Döwlet konserni tarapyndan amala aşyrylýan tabşyrylan hasyl üçin maliýe hasaplaşyklary eýýäm doly geçirildi.

Oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünligi pagtaçylykda öz beýanyny tapýar. Bu gymmat bahaly süýmüni ýygnamak müwsüminiň soňky üç ýylyndaky görkezijileri onuň çalt depginler bilen ösýändigine şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, 2011-nji ýylda “ak altynyň” ýygnalşy 103%, 2012-nji ýylda – 111%, bu ýyl bolsa – 113% hem gowrak boldy.

2012-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda güýje giren Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda ýokary gowaça hasylynyň ösdürilip ýetişdirlmeginiüpüjn etmek we pagta öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda tassyklanan düzügünnama bu gymmat bahaly çig malynyň öndürilmeginiň möçberini artdyrmaga kuwwatly itergi berdi. Resminama laýyklykda, daýhanlara borçnamadan artyk tabşyrylan hasyl üçin satyn alyş nyrhynyň üstüne goşmaça 30 % hak tölenilýär. Daýhanlaryň gektaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmaklaryna höweslendirýän bu çäre eýýäm iki ýyl bäri geçirilýär. Şeýle hem oba hojalyk önümlerini öndürijileriň meýilnamadan artyk ýygnan hasyllaryny, şeýle hem senagat taýadan gaýatadan işlenenden soňra alynan lintleri, ulýuklary Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen özbaşdak ýerlemäge haklary bardyr.

Oba hojalyk senagatynda döredilýän şertler has ýokary hasyly almaga höwes döredýär, zähmet öndürijiliginiň yzygiderli artdyrylmagyny üpjün edýär.

Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi üçin uly möýberde maýa goýumlary goýulýar. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda we Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda häzirki zaman pagta arassalýjy kärhanlarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Gowaçanyň tohumlyk çigidini gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen bu täze desgalaryň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna oba hojalyk önümini gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bardyr. Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynda, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşýän pagata arassalaýjy kärhanalarynda täze önümçilik sehleri gurlar. Welaýatlarda taýýar önümleri saklamak üçin häzirki zaman pagta taýýarlaýjy nokatlary, ammar jaýlary gurulýar.

Gowaçanyň etraplaşdyrylan täze, çalt ýetişýän, ýokary hasylly, ýokary hilli süýmli görnüşlerini döretmäge gönükdirilen ylmy seçgi ulgamynda nem netijeli işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, şu ýyl Türkmenisstanyň Oba hojalyk ministrliginiň pagtaçylyk YBI alymlary tarapyndan işlenilip taýýarlanylan gowaçanyň iki görnüşi – orta süýümli “Ýolöten-39” we inçe süýümli “Ýolöten-32” görnüşlerinden bol hasyl alynday. Gowaçanayň bu görnüşleri geçen ýylyň ekiş möwsüminiň dowamynda synag meýdançalarynda synagdan geçirildi.

Umumylykda, gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşleriniň 15-i töweregi “ak altyn” hasylynyň esasyny düzdi. Şu ýylyň bahar aýlarynda gowaçanyň saýlama tohumlarynyň 70 müň tonnasy ekildi. Ýurduň welaýatlarynyň ählisinde ekerançylarynyň ösdürip ýetişdirýän gowaçasynyň orta süýmlilerinden “149f”, “133”, “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Serdar”, “S-4727” görnüşlerine aýratyn ähmiýet berildi. Gowaçanyň inçe süýümli “Ýolöten-14”, “9871-I” görnüşleri däp boýunça ýurduň iki welaýatynda – Mary we Ahal welaýatlarynda ekildi.

Ýurduň OHT däneçilige uly ähmiýet berilýär. Milletiň baştutanynyň ýurduň oba hojalyk senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen alyp barýan syýasaty netijesinde, ekin ekilýän meýdanlary giňeltmek, täze ýerleri özleşdirmek, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça uly göwrümli işler alnyp barylýar. Soňky bäş ýylyň dowamynda 2007-nji ýylda 832,9 gektar bolan bugdaý ekilýän meýdanyň çäkleri giňeldildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl 860 müň gektar meýdana bugdaý ekildi.

Güýzlük bugdaýy şu ýylyň oktýabr aýynda üstünlikli tamamlandy. Ahal welaýatynyň bugdaý ekilen 225 müň gektar meýdany tutýar. Mary welaýatynda 200 müň gektar, Daşoguz meýdanynda 180 müň gektar, Lebap welaýatynda 175 ümň gektar we Balkan welaýatynda 80 müň gektar meýdany eýeleýär. Bu bugdaý ekilen meýdanlaryň ähli ýerinde doly babatda gögeriş alyndy.Olar eýýam öz köklerini berkidip, howanyň çalyşmagyna uýgunlaşdylar. Olaryň gyş paslynda oňat hilli boý almaklary üçin olara ideg işleri geçirildi. Häzirki wagtda – suwaryş işleri, haşal otlara garşy göreş işleri, tapraga dökün bermek ýaly işler welaýatlaryň ählisinde ýaýbaňlandyryldy.

Mälim bolşy ýaly, köpçülikleýin bugdaý ekiş işlerine şu ýylyň 17-nji awgustynda birbada ýurduň ähli welaýatynda badalga berildi. Umumylykda şu ýylyň bugdaý ekişi üçin saýlama tohumyň 198 müň 70 tonnasy taýýarlandy. Ekiş möwsüminde dünýäniň “JohnDeer”, “Сase”, “Сlaas”, şeýle hem “Belarus”, “MTZ-80h”we “MTZ-82.1” ýaly belli kompaniýalarynyň sürüm we ýumşadyjy traktorlaryň 3500 töweregi, 1600-dan gowrak seýalkalary, dürli agregatlary we enjamlary ulanyldy.

Ýurtda ösdürilip ýetişdirilýän bugdaý görnüşlerinden “Sähraýy”, “Ýolöten 1”, “Juwan”, “Türkmenbaşy-1”, “Bitarap”, “Ýubileýnaýa-100”, “Batko” ýaly görnüşlerini görkezmek bolar. Türkmen seçgiçileriniň geçirýän işleri netijesinde, bugdaýyň ýumşak görnüşleriniň ikisi - “Ýolöten 3”(Balkan welaýatyndan başga welaýatlaryň ählisinde) we “Miras” (Mary welaýatynda) ikinji ýyl ekilýär. Bugdaýyň ýene-de üç görnüşi - “Nota”, “Irişka” we “Wassa” ýaly görnüşleri geçen ýylda ekilip başlandy. Olaryň tohumy Russiýanyň Stawropol ülkesinden getirildi. Şu ýyl ilkinji gezek ekişde ulanylan Russiýanyň bugdaýyň “Krupynka” atly görnüşi ekildi. Onuň 200 tonna tohumy ekiş möwsüminiň başynda satyn alyndy.

Umumylykda, bugdaýyň ýumşak we gaty görnüşleriniň 16-sy geljekki hasylyň esasyny düzýär. Türkmen ekerançylary 2014-nji ýylda bugdaýyň 1 million 600 müň tonnasyny öndürmegi maksat edinýärler. Şol sanda Ahal welaýtynda – 450 müň tonna, Daşoguz welaýatynda – 300 müň tonna, Lebap welaýatynda – 350 müň tonna, Mary welaýatynda – 380 müň tonna, Balkan welaýatynda – 120 müň tonnna bugdaý öndürmek göz öňünde tutulýar.

2013-nji ýylyň bugadý hasyly barada aýdylanda bolsa, türkmen gallaçylary 1 million 600 müň tonna bugdaý ýygnap, bu baradaky tabşyrygy 3% artyk ýerine ýetirmegi başardylar. Obalaryň tehniki üpjünçili hem artýar. Şu ýylyň orak möwsüminde “Klaas”, “John Deer” “Kase”, “New Holland” ýaly dünýä belli kompaniýalaryň kuwwatly däne orujy kombaýnlarynyň 1882-si ulanyldy. Şeýle hem galla oragynda ýük ulaglarynyň alty ýarym müňisi, hyzmat gullugyny geçirmek we kombaýnlary ýangyç bilen üpjün etmek üçin ýöriteleşdirilen ulaglaryň bir ýarym müňisi işjeň peýdalanyldy.

Şu ýyl “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň tehnikasynyň üsti nemes “Сlaas” kompaniýasynyň önümçiligi bolan “Tuсano” kysymly däne orujy kombaýnlarynyň tapgyrlary bilen ýetirildi. Bu kombaýnlaryň getirilmegine şu ýylyň maý aýynda badalga berildi, baglaşylan şertnama laýyklykda, 300 kombaýndan ybarat bolan tapgyrlaryň ählisi 2014-nji ýylyň 31-nji martyna çenli Türkmenistana getiriler. Täze tehnikalar getirilen badyna ýurduň oba hojalyk sebitlerine ugtadyldy hem-de orak möwsümine gatnaşdyryldy.

Mary welaýatynyň Tagtabazar (bir ýarym esseden hem gowrak) we Serhetabat etraplary galla ýygnamak baradaky boýun alan borçnamalaryny ilkinji bolup ýerine ýetirmegi başardylar. Soňra Ahal welaýatynyň Sarahs, Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk we Saýat etraplarynyň gallaçylara olara goşuldy. Ýurduň demirgazyk sebtinde Görogly etrabynyň daýhanlary aýratyn tapawutlanmagy başardylar.

Däneçiligiň netijeliligini artdyrmaga we bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmaga şu ýylyň aprel aýynda tassyklanan “Bugdaý önümçiligini maliýeleşdirmek we oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hasaplaşyk” düzgünnamasy oňaýly şertleri döredýär. Resminamanyň kontekstiniň üýtgedilmegi önümçilik çykdajylary maliýeleşdirmek bilen baglydyr. Hususanda, bu resminama ekin meýdanlarynda hususy tehnikalaryň mehanizimleşdirilen işler üçin ulanylanda olara töleg ulgamyny sazlaşdyrýar. Bu düzgünnama ýurtda 2008-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän düzgünnnamananyň ýerine geldi.

Şeýleleik bilen, ekerançylara öz önümçigi üçin goşmaça girdeji almaga mümkinçilik döreýär. Sebäbi oba hojalyk ekinlerini öndürijilere ösdürilip ýetişdirilen we tabşyrylan önümi üçin berilýän girdejiden başga-da olaryň şahsy eýeçiligindäki traktorlary we kombaýnlary ulanandyklary üçin pul serişdeleri berilýär.

Obanyň özgerdilmegi we oba hojalyk ekinlerini öndürijiler bilen öz wagtynda hasaplaşygyň geçirilmeginde bank-maliýe ulgamynyň uly ähmiýeti berdyr. Öba hojalyk ekinlerini öndürijileri bilen maliýe hasabatlarynyň geçirilmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirýän ýeňilleşdirilen karz pul bermek ulgamyny kämilleşdirmek dowam etdirilýär. Häzirki alnyp barylýan ýeňilleşdirilen karz pul bermek görnüşiniň kömegi bilen oba hojalyk önümçiliginiň wekilleri dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň tehnikalaryny, şeýle hem seýalkalary, azallary, suwaryş ulgamyna degişli bolan enjamlary amatly şertlerde satyn alýarlar. Bu serişdeler oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, topragyň hasyllylygynyň ýokarlandyrmaga we täze ýerleri özleşdirmäge gönükdirilýär.

Türkmen ekerançylary üçin döredilen kuwwatly goldaw – bugdaý, pagta, gant şugundyry, şaly ýaly oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýurtda döredilen ýeňilleşdirilen şertler özüniň oňaýly netijelerini berýär. Önümçilik üçin edilen çykdajylaryň 50%, tehniki hyzmatlary, tohum, mineral dökünleri bilen üpjün edilşini goşmak bilen, döwlet serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär. Mundan hem başga, tohumçylyk hojalyklary üçin mineral dökünleri ýeňilleşdirilen nyrh boýunça 25% köp berilýär.

Meselem, 2013-nji ýylda bugdaý önümçiligi maksady bilen, ýurtda ýeňilleşdirilen baha boýunça umumy bahasy 170 million manatlyk 197,80 müň tonna tohum (şol sanda tohumçylyk hojalyklary üçin), 619,983 tonna mineral (azot we fosfor) dökünleri, 4558 million kubmetr suw bölünip berildi, şeýle hem agrotehniki, awiasion we beýleki işler geçirildi.

Dürli görnüşdäki oba hojalyk ekinleriniň satyn alnyş nyrhynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy oba hojalyk önümçiliginiň wekillerine döwlet tarapyndan döredilýän şertlere we ýeňilliklere goşmaça peýda getirýär. Şunlukda, 2009-njy ýyl bilen deňeşdirilende ýurtda bugdaýyň satyn alnyş nyrhy1,3 esse artdy.

Mundan hem başga, dänäni we taýýar önümleri saklamaga, gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen senagat desgalarynyň sany artýar. Muňa mysal edip, geçen ýylda ulanyşa berlen çörek önümlerini öndürmek boýunça Ruhabat önümçilik toplumyny – iri köp ugurly desgany görkezmek bolar.

Tohum önümlerini saklamak üçin iň gowy şertler döredilýär, hususanda, şu aýda tohumlyk bugdaýy taýýarlamak boýunça her biri 5000 tonna bolan galla saklanylýan ammarlaryň birden bäşisiniň gurluşygyna badalga berildi. “Türkmengallaönümleri” DB bu täze desgalary eýýäm orak möwsümi döwründe – 2014-nji ýylyň iýun aýynda ýurduň her bir welaýatynda ulanyşa berler.

Däneçilik pudagynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi ýurduň zerurlyklaryny üpjün etmäge we ýurduň gallasyny daşary bazarlara çykarmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden kararyna laýyklykda, “Türkmengallaönümleri” Döwlet birleşigi içerki sarp edilşinden artykmaç azyklyk bugdaýy daşary bazarlarda ýerlemäge mümkinçilik aldy. Türkmen bugdaýyny daşary bazarlara çykarmak eýýäm üçinji ýyl alnyp barylýar, onuň ilkinji tapgyry daşary ýurt sarp edijilerine 2011-nji ýylda iberildi.

Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde ýurtda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň hasabyna azyk bolçulygy üpjün edilýär. Beýleki oba hojalyk önümleri bilen bir hatarda, ýurtda gant şugundyrynyň, şalynyň önümçiligi artdyrylýar, ýurtda ösdürilip ýetişdirilýän bakja önümleri – şirinden şeker gawun-garpyzlar uly şörata eýedir. Bazarlary ýokary hilli önümler bilen üznüksiz üpjün etmek üçin ýyladyşhana hojalyklary döredilýär, miweçilik we üzümçilik ösdürilýär. Maldarçylyk pudagyny özgertmek we netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy dowam etdirilýär, et-süýt önümlerini öndürýän gaýtadan işleýän kärhanalaryň görnüşleri köpelýär,.

Türkmen oba hojalyk toplumy ýurduň ykdysady mümkinçiligini ösdürmekde we kuwwatlandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Oba hojalyk toplumynda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde bu ulgamda uly üstünlikler gazanylýar. Obada düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgul bolýan adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagynyň kepili bolup durýar. Ýurtda döwlet tarapynda hemmetaraplaýyn goldanylmagy, oba hojalyk önümçiligini ýokary derejelerde ösdürilmegi üçin uly möçberde maýa goýumlary goýulýar.