Şu gün Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň halky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şöhratly ýyllarynyň senenamasyny dowam etdirjek Täze, 2014-nji ýyly şatlyk-şagalaň bilen dabaraly ýagdaýda garşylaýar.
Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ajaýyp däbe görä, toý tutuş ýurdumyz boýunça giňden bellenilýär.Uly we kiçi şäherlerde, obalarda we şäherçelerde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar, bagtyýar çagalar owadan arçalaryň daşyndan aýlanýarlar. Türkmenistanyň medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, meşhur estrada aýdymçylary, wäşiler, tans toparlary hem-de ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik toparlary Täze ýyly garşylamaga özleriniň ajaýyp sowgatlaryny – täze aýdymlaryny, tans we saz çykyşlaryny, dürli şadyýan sahnalary we şüweleňleri taýýarladylar.
2014-nji ýyly baýramçylyk lybasynda garşylaýan türkmen paýtagtynda baýramçylyk dabaralary aýratyn ruhubelentlik we döredijilik ýagdaýynda geçýär. Aşgabadyň medeni-dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerinde we seýilbaglarynda iň gowy folklor hem-de estrada toparlary we ussat ýerine ýetirijiler çykyş edýärler. Şeýlelikde, şu gün paýtagtymyzyň “Ylham” seýilgähinde, “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde geçirilýän Täze ýyl konsertleriniň maksatnamasyna meşhur estrada aýdymçylary we uly sahnada döredijilik ýoluna indi başlaýan ýaş ýerine ýetirijileriniň, abraýly döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň çykyşlary girizildi. Olar gün-günden gülläp ösýän Watanymyz, onuň tebigaty, söýgi we gözellik, hoşniýetlilik we bagtyýarlyk, şeýle hem şu günlerde Ýer togalagynyň ähli ýaşaýjylaryna garaşýan täze ýyl täsinlikleri baradaky aýdymlary ýerine ýetirdiler.
“Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança hem hakyky baýramçylyk lybasyna beslenipdir. Şol ýerde aşgabatlylylaryň hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň myhmanlarynyň örän köp sanlysyny jemlän Täze ýyl baýramçylygynyň esasy wakalary bolup geçýär. Köpetdagyň üsti garly gerişleriniň, ak mermere beslenen belent binalaryň we ajaýyp ýadygärlikleriň gözel görnüşi Täze ýyl dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Garaşsyz Watanamyzyň ýüregi bolan türkmen paýtagtynyň bu ajaýyp künjeginde häzirki döwrüň okgunly ösüşi duýulýar.
Beýikligi 34 metre ýetýän owadan bezelen arça, şadyýan aýdym-sazlar, ýaşlaryň belentden ýaňlanýan owazlary açyk asmanyň astyndaky täsin ertekiler şäherjiginde gaýtalanmajak jadyly baýramçylyk ýagdaýyny döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalara hoşniýetli we mähirli garamagyň ajaýyp nusgasyny görkezip, her ýyl körpe türkmenistanlylary ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýar hem-de ýurdumyzyň Baş arçasynyň golaýyndaky dabaralara gatnaşýar. Ine, geçen hepdede hem milli Liderimiz ýurdumyzyň dürli künjeklerinden paýtagtymyzda geçirilýän Täze ýyl baýramçylygyna gelen çagalar bilen bilelikde ýetip gelýän 2014-nji ýylyň hormatyna guralýan dabaralara badalga berdi.
Ähli döwürlerde-de nurana Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçen wakalary ýatlamak, olaryň ähmiýetine baha bermek hem-de geljek üçin meýilnamalary düzmek ynsanlara mahsus ýagdaýdyr. Döwlet durmuşy, tutuş halkyň ýaşaýyş-durmuşy barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzda ýylyň dowamynda bolup geçen wakalara göz ýetirmek üçin belli bir wagt gerek bolýar. Hut wagtyň özi şol wakalary seljermäge we olara baha bermäge ýardam edýär.
Geçip barýan ýyl biziň üçin nähili ýyl boldy?
Konsert sahnasynyň golaýynda goýlan wideoproektoryň ekranynda 2013-nji ýylyň iň aýdyň we ähmiýetli wakalary beýan edilýär. Geçip barýan ýyl ýurdumyzyň taryhy ýyl ýazgysyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly örän ähmiýetli wakalaryň, hoşniýetli işleriň, uly üstünlikleriň hem-de giň möçberli başlangyçlaryň ýyly hökmünde girer.
Onuň her bir gününde uly işler amala aşyryldy. Geçip barýan ýyl Garaşsyz türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyna, onuň ykdysady kuwwatynyň berkeýändigine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanýandygyna, türkmen milletiniň ruhy taýdan galkynýandygyna şaýatlyk edýän täze wakalar ýazyldy.
2013-nji ýyl sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, olaryň baý ykdysady we tebigy kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam edýän örän wajyp başlangyçlara hem-de çözgütlere beslendi. Hut durmuş ulgamynyň ileri tutulýan ugurlary ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň esasyny düzdi.
Bilim ulgamyndaky özgertmeleri we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de ýurdumyzyň ösüşine, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen beýleki giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek işi täze depgine hem-de giň gerime eýe boldy. Innowasion ösüş Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň kepilidir diýip, milli Liderimiz yzygiderli nytgaýar. Biz 2013-nji ýylda häzirki zaman innowasion esasda milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli şertleri döretmek ugry dowam etdirilendiginiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, abadançylygyny ýokardandyrmaga gönükdirilen anyk meýilnamalaryň amala aşyrylandygynyň şaýatlary bolduk.
Ykdysadyýetde we durmuş üpjünçiligi ulgamynda, senagatda hem-de gurluşykda, bilimde we medeniýetde, saglygy goraýyş hem-de sportda, ýangyç-energetika toplumynda we oba hojalygynda ulag hem-de aragatnaşyk ulgamynda uly üstünlikler gazanyldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlary geçip barýan ýylyň örän ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Bu saýlawlar giň bäsleşik esasynda geçirildi we Türkmenistanyň türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, ony esasy gymmatlyklaryň töwereginde jemlemek boýunça alan ugrunyň mizemezdigini görkezdi. Şol gymmatlyklaryň esasyny bolsa, garaşsyzlyk, durnuklylyk, parahatçylyk we agzybirlik düzýär.
2013-nji ýylda Türkmenistan dünýä giňişliginde özüniň abraýyny has-da berkidip, özüni parahatçylyk dörediji, dünýä möçberindäki oňyn başlangyçlary öňe sürüji döwlet, giň halkara hyzmatdaşlygynyň merkezi hökmünde görkezdi.
Geçen 12 aýyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, görnükli syýasatçylaryň hem-de işewür toparlaryň wekilleriniň ençemesi bilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň köp sanlysyny geçirdi. Türkmenistanyň sebit boýunça goňşulary, Uzak Gündogaryň döwletleri we Ýewropa Bileleşigi hem-de dünýäniň beýleki ýurtlary bilen oňyn halkara gatnaşyklaryny we özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze eýýamy açýan ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi hem-de örän wajyp ylalaşyklar gazanyldy.
Türkmenistanyň häzirki zamanyň düýpli meselelerini çözmäge, şol sanda energetika we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, gapma-garşylyklary kadalaşdyrmaga gönükdirilen daşary syýasat başlangyçlary dünýä bileleşiginiň goldawyna mynasyp bolýar.
Biziň her birimiz üçin Täze ýyl geçmişi, häzirki döwri we geljegi, ýagty arzuwlary hem täze maksatlary birleşdirýän ajaýyp baýramçylykdyr. Şu gün ýurdumyzyň Baş arçasynyň töweregindäki ertekiler şäherjiginde jadyly baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Bu meýdançanyň baýramçylyk lybasy, belentden ýaňlanýan aýdym-sazyň owazy toý dabaralaryna özboluşly öwüşgin çaýýar. Türkmenistanyň sungat ussatlary, meşhur estrada aýdymçylary Täze ýyly mynasyp garşylamak bilen baglylykda aýdyň baýramçylyk şüweleňini taýýarladylar. Häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleriniň sazlaşykly işlemegi netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryň ýaşaýjylary bu dabara teleköpri arkaly tomaşa etdiler.
Ýurdumyzyň Baş arçasynyň öňündäki uly konsertiň maksatnamasyna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne – parahatçylygyň we döredijiligiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz türkmen döwletiniň gülläp ösýän döwrüne bagyşlanan aýdymlar girizildi. Ýurdumyzyň iň gowy aýdymçylary we sazandalary şadyýan sazlary we aýdymlary ýerine ýetirip, ata Watanymyza, onuň täze ajaýyp gününe söýgüden doly duýgulary beýan etdiler. Olar şu jadyly täze ýyl gijesinde hökmany suratda hasyl boljak arzuwlar hem-de täze ýyl täsinlikleri barada hem aýdymlary aýtdylar.
Täze ýyl konsertiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi ruhubelentlik bilen gutlag aýdymyny ýerine ýetirdi. Artistler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy, Türkmenistanyň ähli halkyny Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagt, ata Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygyň bähbidine milli Liderimiziň başyny başlan özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegini arzuw etdiler.
2013-nji ýylyň iň soňky minutlary şeýle tolgundyryjy hem-de şatlykly pursatlara baý boldy. Geçip barýan ýylyň iň soňky minutlarynda özümize we ýakynlarymyza edýän arzuwlarymyzyň ählisi hoşniýetli we parahatçylyk, söýgi we bagtyýarlyk ýagdaýyny döredýär.
Goý, 2014-nji ýyl bizi öňde goýýan beýik maksatlarymyza ýakynlaşdyrsyn!
Goý, mähriban Watanymyz gülläp össün! Goý, onuň gazanýan üstünlikleri artsyn!