Döwlet tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan senagat syýasaty, önümçiligiň esasy pudaklary boýunça maýa goýum taslamalary Türkmenistana jemi içerki önümiň öndürilişi jähtinden senagat taýdan ösen ýurtlaryň derjesine tapgyrlaýyn golaýlaşmaga şert döredýär. Häzirki wagtda jemi içerki önümiň möçberiniň ýarysyndan gowragy senagatyň paýyna düşýär. Ýurduň senagat syýasaty gaýtadan işleýän pudaklary çalt depginler bilen ösdürmäge, täze kuwwatlyklary döretmäge we öňki kuwwatlyklary döwrebaplaşdyrmaga, maýa goýmy we innowasion işjeňligi dowam etdirmäge gönükdirilendir. Bu bolsa senagat taýdan ösüşiň ýokary depginleri durnukly saklamaga şertleri döredýär.
Ýangyç-energetika toplumy (ÝET) Türkmenistanyň senagatynyň esasy bölegi bolup durýar. Senagat önümçiliginiň 80% onuň paýyna düşýär. ÝET ýurduň býujetini döretmäge, eksport mümkinçiliklerine we energetiki hwpsuzlygyna uly täsir edýär. Ýangyç-energetika toplumynyň esasy böleginiň biri hem elektroenergetikadyr. Onuň ösdürilmegi ýurduň energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär. 2013-nji ýylyň 11 aýynda elektroenergiýanyň önümçiliginiň ösüş depgini 104,2% boldy.
Elektronergetika Türkmenistanyň içerki sarp edilşini doly üpjün edýär we ony daşary ýurtlara ibermek ugurlaryna eýedir. Ýurduň dürli sebitlerinde kuwwtly elektro beketleriň gurulmagy we elektrik geçirijileriň täze ugurlarynyň çekilmegi netijesinde, pudagyň uly göwrümde ösen mümkinçilikleri elektrik energiýasynyň beýleki döwletlere iberilmegini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Gaz senagaty ÝET esay ugurlarynyň biridir. Mary welaýtynda örän uly “Galkynyş” gaz käniniň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda senagat taýdan ulanyşa berilmegi bu pudagyň ösdürilmeginde möhüm waka boldy. Özüniň ätiýaçlyk serişdeleri boýunça bu gaz känine 26,2 trln. kub metr gaza eýe diýip baha berilýär. Bu bolsa ony dünýäde ikinji orna çykarýar. “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň birinji tapgyrynyň çäklerinde ýylda 30 mlrd kubmetr gazy öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy guruldy.
Häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi boýunça taslama işleri güýçlendirilen depginlerde alnyp barylýar. Onuň amala aşrylmagy netijesinde Türkmenistanyň Aziýa sebtiniň gaz bazarynda tutýan ornuny berkider.
Gazy gaýtadan işlemek pudagyny ösdürmegiň çäklerinde esasy üns ýurduň içinde gazy senagat taýdan düýpli gaýtadan işlemäge, täze öňdebaryjy tehnologiýalary we önümçiligi ornaşdyrmaga, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply taýýar önümiň öndürilişini artdyrmaga berilýär. Şunlukda, 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa bolan resmi saparynyň çäklerinde tebigy gazy suwuk ýangyja we benzine öwürmek babatda gaýatadan işleýän kärhanalary gurmak barada çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi, polietilen we poliproplen öndürmek boýunça gazhimiýa toplumyny gurmak boýunça şertnama baglaşyldy.
Nebiti gazyp almak pudagynda nebiti almagyň möçberini artdyrmak boýunça taslamalar amala aşyrylýar. Şu ýylyň 11 aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebitiň alynşynyň ösüş depgini, gaz kondensatyny goşmak bilen, 101,7% boldy; nebitiň gaýtadan işlenişi 101,9% boldy. Nebiti gaýtadan işleýän pudagy ösdürmegiň çäklerinde benziniň, dizel ýangyjynyň, çalgy ýaglarynyň, kerosiniň, polipropleniň we beýleki önümleriň öndürilişiniň möçberi artdyrylýar.
Himiýa senagatynda Mary şäherinde ammiak-karbamid toplumynyň gurluşygy boýunça, şeýle hem Lebap welaýatynyň Garlyk sebtinde – Magdanlyda kuwwatlylygy ýylda 1400 müň tonna kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygy alnyp barylýar. Täze kaliý pudak bölüminiň döredilmegi mineral dökünler senagatynda deň ölçegli içerki görnüşlerinde ösüş gazanmaga, iri eksport serişdesini döretmäge, importyň orny üçin şertleri döreder hem-de eksport mümkinçiligini artdyrmak üçin geljegi uly bolan mümkinçilikler açylar. Türkmen-ýapon ylalaşyklarynyň çäklerinde 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ammiýagy we karbamidi öndürmek boýunça kärhanany taslamak we gurluşygy doly ulanyşa tabşyrmak barada çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.
Ýurduň maýa goýum işjeňligini artdyrylmagy senagat gurluşyk önümleriniň çalt depginler bilen ösdürilmegini kesgitledi. Ol sementiň, magadan däl gurluşyk önümleriniň, diwar önümleriniň, list aýnasynyň, keramzit, asfaltbeton we beýleki önümleriň önümçiligini göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda senagat gurluşyk önümleriniň önümçiligi güýçli depginlerde ösdürilýär. 2013-nji ýylyň 11 aýynda magdan däl gurluşyk önümleriniň öndürilişi 18,5%, keramzit – 1,2%, betondan gurluşyk üçin ýygnama gurluş – 16,6% artdy. Sement senagaty içerki gurluşda epesli paýa (30% gowrak) eýedir. Sement pudagyny ösdürmekde Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesinde 2013-nji ýylyň fewral aýynda ýene-de bir kuwwatlylygy ýylda 1 mln. tonna bolan sement zawodynyň ulanyşa berilmegidir. Bu bolsa onuň önümçiligini şu ýylyň 11 aýynda 1,9 esse artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Azyklyk däl oba hojalyk çig malynyň düzüminiň dürli-dürli bolmagy we pagta çig maly bilen üpjün edilmegi ýurduň senagat toplumynyň ulgam dörediji pudagynda ýeňil senagaty üçin ornuny saklaýar. Içerki bazaryň köpçülikleýin isleg bildirilýän harytlaryň giň görnüşleri bilen üpjün edilmegi, önüm öndürilişiniň möçberiniň artdyrylmagy pudagyň herket edýän kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň, şeýle hem täze deagalaryň gurluşygynyň hasabyna gazanylýar. Şeýlelikde, 2013-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşagabadyň dokma toplumynyň aşgarlanmadyk matalaryň 5,2 müň tonnasyny we reňklenen ýumşak matalaryň 4,9 müň tonnasyny hem-de taýýar önümleriň 19 mln sanysyny öndürýäm ikinji nobatdakysy ulanyşa berildi. Şu ýylyň 11 aýynda ýeňil senagatyň önümçiliginiň ösüş depgini: nah matalar – 107,8%, ýüpek matalar – 119,2%, tikin we trikotaž ňnümleri – 114%, jorap önümleri – 103,9%, aýakgap – 103% boldy.
Azyk senagaty kärhanalary ýurduň azyk howpsuzlygyny gazanmak ýoluny dowam etdirýär hem-de öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça çäreleri geçirýär. 2013-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän süýt önümleriniň, mesge we ösümlik ýaglarynyň, süýji-köke we makaron önümleriniň, ýarmanyň, miwe-gök önümleri konserwleriniň we beýleki önümleriň öndürilişinde oňyn ösüş depginleri gazanyldy.