Ýuniorlaryň 10-njy Halkara tebigy –ylmy olimpiadasyna gatnaşan türkmen okuwçysy Atamyrat Bäşimow bürünç medaly bilen Watanyna gaýdyp geldi.
Bu intellektual ýaryş Hindistanyň Puna şäherinde 42 sany ýurtdan , şol sanda Germaniýadan , Russiýadan, Wengriýadan , Eýrandan, Koreýadan, Tailanddan, Indoneziýadan, Awstraliýadan, Braziliýadan, Arghentinadan, Nigeriýadan, Günorta Afrikadan 220-den gowrak 15 ýaşa çenli okuwçylary jemledi.
Bu olimpiada abraýly intellektual olimpiada bolup, bir wagtyň özünde gatnaşyjylar üç ugur, ýagny himiýa, fizika, biologiýa boýunça bäsleşip bilýärler.
Bu Olimpiadada Türkmenistanyň toparynda Turgut Ozal adyndaky türkmen-türk mekdebinden, paýtagtymyzyň 86-njy mekdebinden hem-de Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatyndan alty okuwçy çykyş etdi.
Biziň ýygyndy toparymyzyň netijelerini bahalandyranlarynda halypalar okuwçylaryň göreldeli çykyş edendiklerini bellediler. Şeýle-de bolsa ýeňişden bir ädim bolan toparymyz ýeňişi gazanyp bilmändikleri gynandyrdy. Mysal üçin toparyň agzalary Öweznepes Orazgeldiýewe we Merdan Jepbarowa ýeňiş üçin bary-ýogy 0,25 utuk ýetmedi.
Hemme gatnaşan toparlar bilen intellektual gazananlaryny deňeşdireniňde türkmen topary iň gowy netijeleri görkezenligini aýdyp bolar.