Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygy jemgyýetiň ykdysady, durmuş we syýasy durmuşynda möhüm ugur bolup durýar. Halkyň saglygyny berkitmek maksady bilen, “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Bu Kanun raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýär, Türkmenistana getirilen, ýerlenilen hem-de ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Täze hukuk kadasynyň ulanylmagy hukuk kadalaryna girizilen we programmirlenen maksatlary gazanmaga gönükdirilendir. Bu ýagdaýda kada dörediji taglymy Türkmenistanyň şu günki we geljekki nesilleriniň ömrüni we saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden goramaklygy öz içine alýar.
Täze kanunyň kabul edilmegi raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatdaky hukuklarynyň üpjün edilmegine, temmäki tüssesiniň täsiri we temmäki önümleriniň ulanylmagy bilen baglanyşykly keselleriň öňüniň alynmagyna, ilata temmäki önümlerini ulanmagyň adamyň janyna we saglygyna zyýany hakynda maglumatlaryň berilmegi, temmäki tüssesiniň täsiriniň öňüniň alynmagyna we temmäki önümlerini ulamagyň azaldylmagyna gönükdirilen çäreleriň amala aşayrylamgyna, Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramak ababtda halkara hyzmatdaşlygynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilendir. Türkmenistanyň täze kanuny halkara kadalaryna doly laýyk gelýär. Meselem, 25-nji madanyň temmäki önümlerini mahabatlandyrmagyň sarp edilmegini höweslendirmegiň, satmagyň we olara hemaýatlyk etmegiň gadagan edilmeginiň kadalary BSG Çarçuwaly konwensiýasynyň temmäkini mahabatlandyrmagyň, temmäki önümlerini satmagyň we hemaýatlyk etmegiň gadagan edilmegi baradaky 13-nji maddasyna laýyk gelýär. Temmäkiniň mahabat edilmeginiň, satmagyň we hemaýat etmegiň gadagan edilmegi temmäkiniň ulanylmagyny azaladar. Halkara bilermenleriniň baha bermegine görä, mahabatyň hemme görnüşleriniň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi temmäkini ulanmagy ortaça 7 göterime çenli, birnäçe ýurtlarda bolsa – 16 göterime çenli azalmagyna itergi berip biler.
Bu günki gün Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda we lukmançylyk senagatynda ylmy taýdan meýilleşdirmek we dolandyrmak, bu ugra dünýä lukmançylygynyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmak babatda öz netijeli milli ýörelgesini saýlap aldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň saglygy goraýyş ulgamynda alyp barýan syýasatynyň esasyny ylmy taýdan esaslandyrmak, öňüni alyş, bu ulgamda milli däň-dessurlaryň we gazanylanlaryň häzirki zaman dünýä tejribelerine sazlaşmagy, ilatyň saglygyny goramakda sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirmek we höweslendirmek meselerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmek düzýär. Saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek we kämilleşdirmek durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şeýlelikde, 2014-nji ýyl üçin ýurduň Döwlet býuletinde milliard manada golaý serişdeleri göz öňünde tutulandyr. Bu bolsa, jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlaryny maliýeleşdirmek üçin niýetlenen serişdeleriň ondan bir böleginden hem geçýär. Türkmenistanda adam saglygynyň gymmaty milli äheňe öwrülip, bu günki gün onuň gazanylmagy üçin hemmeleri özüne birikdirýär. Şu ýerde 2013-nji ýylyň dekabr aýynyň 3-4-ne Aşgabatda “Saglyk - 2020” syýasatynyň kadalaryna laýyklykda ýokanç däl keselleriň öňüni alamak we olara garşy göreşmek boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa ministrleriniň maslahatynyň geçirilendigini ýatlap geçsek ýerlikli bolar. Bu maslahat Ýewropa sebtinden 35-den hem gowrak ýurtlaryň wekillerini bir ýere jemledi. Maslahatyň jemleri boýunça ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Aşgabat deklarasiýasy kabul edildi. Bu bolsa bu ugurda Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen garaýyşlarynyň bitewiligini we meňzeşligini görkezýär. Bu halkara resminamasy golaý geljekde döwletleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň mundan beýläk hem çuňlaşmagyna esas bolup hyzmat eder.