Ï Dekabr – 2013: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dekabr – 2013: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen

view-icon 9122
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň şanly ýylýazgysynyň taryhynda möhüm orny eýelän 2013-nji ýylyň dekabrynda bolup geçen wakalar özboluşlylygy we baýlygy bilen tapawutlandy.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň derejesinde geçirilen köpsanly ikitaraplaýyn duşuşyklardan, gepleşiklerden, maslahatlardan we beýleki çärelerden ybarat geçen aýdaky wakalar bir bitewüligi bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän möhüm syýasatynyň örän wajypdygyny nobatdaky gezek tassyklady. Milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk, deňhukuklylyk we birek birege hormat goýmak esasynda alyp barýan hyzmatdaşlyk syýasaty ählumumy abadançylygyň we ösüşiň, diýmek, ähli ýurtlaryň we halklaryň bagtyýar geljeginiň bähbidine gönükdirilendir.

Asylly däbe görä, her ýylyň dekabr aýynyň ilkinji ýekşenbesinde türkmen halkynyň myhmansöýerlik ýaly asylly däpleriniň aýdyň beýanyna öwrülen Goňşokara baýramynyň giňden bellenilmegi geçen aýyň şanly wakalarynyň özboluşly başlangyjyna öwrüldi. Berkarar döwletmiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz tarapyndan bellenýän bu baýramçylyk Türkmenistanyň diňe bir ýakyn goňşulary bilen däl, eýsem, dünýäniň döwletleri bilen dostlukly we parahatçylyk söýüjilik gatnaşyklarynyň aýdyň beýanydyr.

Soňky ýyllarda iri halkara guramalary we abraýly sebitleýin düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ýurdumyzyň Mejlisinde, ministrliklerinde we pudak edaralarynda köpsanly duşuşyklaryň geçirilmegini şertlendirdi.

Geçen ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisinde BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistan boýunça direktory jenap Karl Gustaf Kuless bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda Ilat gaznasy we ösüş ulgamyndaky bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň çäklerinde Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Aşgabatda - Türkmenistanyň Ykdysady toplumynyň edara binasynda “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň 13-nji duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Ýewropa Bileleşiginiň Ýewropa toparynyň Ýewropa daşary işler gullugynyň Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň başlygy hanym Riino Kionkanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türkmen paýtagtyna geldi.

Onuň gün tertibine ykdysadyýetiň dürli ugurlaryndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda geljegi uly maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Mundan başga-da, özara gyzyklanma bildirilýän we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek babatdaky meseleleriň toplumyna seredildi. Şu jähtden ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasyny durmuşa geçirmegiň barşyna syn berildi, hyzmatdaşlygyň birnäçe wajyp ugurlarynyň, şol sanda söwda, energetika we ulag ugrundaky gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol günüň ertesi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginde duşuşyk geçirildi. Onda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň energetika pudagyndaky gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga Türkmenistanyň pudak edaralarynyň hünärmenleri, Ýewropa Bileleşiginiň energetika boýunça baş direktory Gans Reýniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar.

ÝB-niň wekiliýetiniň agzalaryna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän we işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, tebigy gazyň eksport ugruny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de Ýewraziýa yklymynyň iri bazarlaryna energiýa serişdeleriniň howpsuz we ygtybarly üstaşyr geçirilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli işjeň energetika syýasaty barada giňişleýin maglumat berildi.

Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri türkmen bazaryny geljegi uly ugur hökmünde häsiýetlendirip, munuň özi diňe bir nebitgaz serişdeleriniň baýlygyny öz içine alman, eýsem, ýurtda işewürligi ýöretmek üçin ähli zerur şertleriň, oňaýly maýa goýum ýagdaýynyň, syýasy durnuklylygyň bardygyny we Türkmenistanyň geografiki taýdan amatly ýerleşýändigini nygtadylar.

3-nji dekabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň hökümetiniň we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň bilelikde guramagynda “Saglyk - 2020” syýasatynyň ýörelgeleriniň jähetinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Ýewropa ministrler maslahaty öz işine başlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan iri halkara maslahatyna Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri, bilermenleri, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitinden ýurtlaryň 35-den gowragynyň wekiliýetleri, şol sanda saglygy goraýyş ministrleri, belli alymlar we belýleki hünärmenler çagyryldy.

Aşgabatda şunuň ýaly wekilçilikli maslahatyň geçirilmegi Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň we milli Liderimiziň durmuşa geçirýän hem-de halkymyzyň saglygy we abadançylygy hakyndaky aladany baş ugur edinýän oňyn döredijilik syýasatynyň ählumumy goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça bilelikdäki tagallalara Ýewropa sebitiniň ýurtlarynyň ygrarlydygyny aýdyň eden maslahatyň jemleri boýunça Aşgabat jarnamasynyň kabul edilmegi maslahatyň örän netijeli bolandygyny alamatlandyrdy.

Şol günlerde Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan guralan adam hukuklary ulgamy boýunça üç günlik maslahat geçirildi. Ol “Adam hukuklaryna goldaw bermek we ony goramak boýunça Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly taslamanyň çäklerinde guraldy.

4-nji dekabrda Türkmenistanyň Mejlisinde German-türkmen maslahatynyň başlygy jenap Klaus-Ýurgen Hedrihiň ýolbaşçylygynda şol günüň ertesi “Mizan” işewürlik merkezinde geçen German ykdysadyýetiniň günlerine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

“German ykdysadyýetiniň günleri” atly türkmen-german maslahatynyň Türkmenistanda üçünji gezek geçirilýändigini bellemeli. Bu ýyl oňa nemes kompaniýalarynyň 70-den gowragynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda RWE, Bosch, KNAUF International, STRABAG AG, CLAAS Global Sales GmbH, Siemens AG Healthcare Sector, Goetzpartners Management Consultans GmbH we beýlekiler bar.

Mejlisiň barşynda nebitgaz ulgamynda, energetika, himiýa senagatynda, ýokary tehnologiýalar pudagynda, ulag, aragatnaşyk we beýleki ugurlarda özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de GFR-iň döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň arasynda netijeli duşuşyklar guraldy.

Dekabr aýy koptaraply türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ulgamyna hem şanly wakalary girizdi. 30-njy noýabrdan 9-njy dekabr aralygynda ABŞ-nyň Waşington, Nýu-Ýork we Aşgabat bilen doganlaşan Albukerk şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri uly üstünlik bilen geçirildi. Bu çäre medeni-gumanitar ulgamda işjeň ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryna önjeýli goşant boldy.

4-5-nji dekabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky “Arzuw” myhmanhanasynda “Gaznalylar döwrüniň türkmen edebiýaty we dünýäniň ruhy medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol irki orta asyr türkmen akyldarlarynyň medeni mirasyna bagyşlandy. Giň möçberli maslahata Amerikanyň, Ýewropanyň, Aziýanyň we Afrikanyň 30-dan gowrak ýurdundan iri ylmy-barlag akademiýalarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň möhüm döwlet baýramçylyklarynyň biri bolan Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden köpsanly myhmanlar geldiler. 11-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen “Bitarap Türkmenistan: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň strategiýasy” atly halkara maslahat türkmen döwletiniň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 18 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň esasyny düzdi.

Maslahatyň işine abraýly halkara we düzümleýin guramalaryň wekilleri, döwlet işgärleri, daşary ýurtlaryň biziň döwletimizde işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary syýasat edarasynyň işgärleri, milli parlamentiň deputatlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 18 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenbaşydaky halkara deňiz menziline Türkmenistanyň buýurmasy esasynda Russiýa Federasiýasynyň Nižnyý Nowgorod şäheriniň “Krasnoýe Sormowo” gämigurluşyk zawodynda gurlan “Kenar” nebitdaşaýjy tankeriniň gelip gowşandygyny bellemeli. Ol innowasion ýük ýükleýji we düşüriji enjamlar, beýleki ýokary tehniki ölçegler bilen üpjün edilen hem-de dünýäniň deňiz gatnawlary bazarynda uly islegden peýdalanýan gämileriň hatarynda durýar.

Dekabr aýynyň ýurdumyzyň ulag pudagynyň işgärleri üçin has-da netijeli bolandygyny aýratyn bellemeli. 18-nji dekabrda paýtagtymyzdaky halkara howa menzilinde ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň tehniki parkynyň üstüni ýetiren “Boeing 737-800” täze uçary gelip gondy. Amerikanyň belli “Boeing” korporasiýasynyň häzirki zaman howa gämisi 2013-nji ýylda Türkmenistanyň buýurmasy esasynda ABŞ-da taýýarlandy. 20-nji dekabrda bu uçar Aşgabat-Pariž-Aşgabat täze halkara ugry boýunça ilkinji uçuşy amala aşyrdy.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Ekoulgamlaýyn hyzmatlary kesgitlemek we olara baha bermek” atly maslahat geçen aýda bolan wakalaryň ähmiýetlileriniň biridir. Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy hem-de Ählumumy Ekologiýa Gaznasy bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde guralan maslahat BMG-niň “Biologik dürlülik hakyndaky” Konwensiýasyny ýerine ýetirmek boýunça tagallalaryň milli strategiýasynyň we meýilnamasynyň işlenip taýýarlanmagyna gönükdirilendir. On günlük okuw ulgamyny öz içine alýan maksatnamanyň gün tertibi durmuş hem-de ekologiýa ugurlary boýunça ösüşi, adamlaryň abadançylygyny baş ugur edinýän döwletleriň ykdysaddy ösüşiniň deňeçerligine gönükdirilen meseleleriň giň ugruny öz içine aldy.

Biziň ýurdumyza köpsanly žurnalistleriň guraýan yzygirderli saparlary häzirki döwürde Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine we ýeten derejesine dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Dekabr aýynda Türkmenistana Hytaý Halk Respublikasynyň Sinsizýan telewideniýesinyň we Merkezi halk radiosynyň žurnalistlerinňi uly topary geldi. Myhmanlar Hazaryň arassa kenarynda deňiz şypahanasyny kemala getirmek boýunça taslamanyň işjeň durmuşa geçirilýän ýeri bolan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna baryp gördüler. Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde hytaýly hyzmatdaşlar bilen bilelikde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 18 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdylar.

Gadymy hytaý senenamasynda Bedew ýyly hasaplanýan täze, 2014-nji ýylyň öňüsyrasynda bütin dünýäde şöhrat gazanan ahalteke bedewlerine ähmiýet berildi. Ahalteke bedewi türkmen döwletiniň ösüşiniň we abadançylygynyň belentliklerine bolan badyny alamatlandyrýar.

11-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynyň rumyn dilinde neşir edilen nusgasynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Munuň özi häzirki döwürde Türkmenistana we türkmen halkynyň medeni mirasya tutuş dünýäde uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Diňe milli däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşan şöhratly ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan döwlet Baştutanymyzyň bu kitabynyň dünýäniň köp dillerine terjime edilendigini bellemeli. Gözelligiň we kämilligiň nusgasy hasaplanýan “behişdi bedewler” edil ozalkysy ýaly, ählumumy buýsanja mynasypdyr. “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de Türkmenistanyň döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparynyň Türkiýede saparda bolup, uly üstünlige eýe bolan çykyşlary türkmen atlarynyň dünýä ýüzündäki abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirdi.

Türkmen atlylary 13-15-nji dekabr aralygynda Türkiýäniň paýtagtyndaky “ASKI” Sport köşgünde bäş gezek çykyş edip, tomaşaçylaryň alkyşyna mynasyp boldular. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdylla Gülüň türkmen atlylarynyň çykyşyna hormatly myhman hökmünde tomaşa etmegi şunuň ýaly medeni çärelere uly ähmiýet berilýändigini aýdyň subut etdi.

Türkmenistandan gelen döredijilik toparlarynyň çykyşlary Türkiýäniň täzelikler agentlikleriniň ähisinde diýen ýaly beýan edildi. Olaryň köpüsi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýurdumyzda atçylygyň ösdürilmegine, ahalteke tohumdaky saýlama bedewleriň baş sanynyň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini, Türkmenistanyň atçylygy ösdürmegiň we atçylyk sportunyň iri merkezi hökmünde ykrar edilýändigini bellediler.

2013-nji ýylyň soňky aýy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm wakalara baý boldy. 15-nji dekabrda Mejlisiň V çagyrylyşyna deputatlaryň ählihalk saýlawlary geçirildi. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň 18-nji dekabrda geçirilen mejlisinde saýlawlaryň anyk netijeleri yglan edildi.

Raýatlaryň hakyky erk-islegini beýan etmäge doly mümkinçilikleriň döredilen ýagdaýynda geçen ählihalk ses berlişi saýlawlaryň öň ýanynda iki aýlap dowam eden wagyz işleriniň oňat netijesine öwrüldi. Şol çäreleriň geçirilişine milli synçylaryň 2500-sinden başga-da, daşary ýurt synçylarynyň we bilermenleriniň 100-e golaýy – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň synçylar toparynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň syýasy meseleler boýunça müdiriýetiniň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça Biýurosynyň hem-de ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň wekilleri gözegçilik etdiler.

“Türkmenistandaky parlament saýlawlary saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda guramaçylykly, giň bäsdeşlik we aýanlyk esasynda geçirildi. 2008-nji ýylda geçirilen parlament saýlawlaryndan bäri milli saýlaw kanunçylygy iri halkara guramalarynyň synçylarynyň hem-de maslahatlarynyň birnäçesini öz içine alýan demokratiýalaşmaga tarap oňyn özgerdilipdir”, diýip, GDA-nyň synçylar toparynyň baştutany – GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew jemleýji metbugat maslahatynda aýratyn nygtady. Ol parlament saýlawlaryna gatnaşmaga çakylyk we synçylar toparynyň işlemegi üçin döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Türkmen döwletiniň halkara hyzmatdaşlygyna gyzyklanma bildirmegini, açyklygyny we giň demokratik özgertmelere tarap alan oňyn syýasatyny Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilleri –ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosyndan hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasyndan gelen synçylar hem bellediler, olar milli saýlaw ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek işlerinde türkmen hyzmatdaşlaryna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň täze düzümi halkymyzyň saýlan wekilleriniň 125-sinden ybaratdyr. Olar geljek bäş ýylyň dowamynda döwletimiziň mundan beýläkki okgunly ösüşinde uly ähmiýete eýe bolan milli maksatnamalary durmuşa geçirmegi kanunçylyk taýdan üpjün etmek ýaly jogapkärli wezipeleri çözerler.

19-njy dekabrda Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Badamdorž Bathişig işe başlady. Türkmenistanyň Mejlisinde ynanç hatynyň gowşurylyşynyň barşynda diplomat iki ýurduň halklaryny ählumumy parahatçylyga we ylalaşyga bolan ygrarlylygyň birleşdirýändigini, munuň bolsa oňyn döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat etjekdigini belledi. Şol gün ilçi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi, şonda Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky netijeli doslukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.

Geçen ýylyň ahyrynda Aşgabadyň etegindäki Kasamly jülgesinde Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren ýörite çäreleriniň barşynda ele salnan neşe serişdeleriniň uly tapgyryny ýok etmek boýunça nobatdaky çäre geçirildi. Ýurdumyzyň Hökümeti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreş boýunça döwlet utgaşdyryjy topary hem-de Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy tarapyndan guralan bu çäre döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zamanyň iň bir howply wehimleriniň birine garşy aýgytly göreşi yglan edendiginiň subutnamasy boldy.

Neşe serişdelerini ýok etmek çäresi iri halkara guramalarynyň – BMG-niň düzümleriniň, şol sanda BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdiriýetiniň, ÝHHG-nyň düzümleriniň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri şaýat boldular we göniden-göni gatnaşdylar.

2014-nji ýylyň öň ýanynda Parižden hoş habar gelip gowuşdy, şo ýerde ÝUNESKO-nyň howandarlygy astynda döredilen we öz hatarlarynda dünýäniň institutlarynyň we uniwersitetleriniň 650-sini, şol sanda ýurdumyzyň Halkara nebit we gaz uniwersitetini hem birleşdirýän Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň merkezi ýerleşýär. Ýurdumyzyň bu iri ýokary okuw mekdebi ylma, bilime we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga goşan uly goşandy üçin “SEIN assosiasiýasynyň” Altyn medaly” halkara bäsleşiginiň altyn medaly, nyşany we diplomy bilen sylaglandy. Bu ýokary sylag hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan parasatly we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň nobatdaky ykrar edilmegidir, ýurdumyzyň ýaş nesli baradaky, olaryň aň-paýhas, ruhy hem-de beden kuwwatyny doly açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döretmek baradaky yzygiderli alada bu syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr.

Häzirki wagtda bu özüniň ajaýyp netijelerini berýär. Ýaş türkmenistanlylar halkara derejesindäki ylmy, şeýle hem sport bäsleşiklerinde ynamly ýeňiş gazanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, türgenlerimiziň dünýä derejesindäki ýaryşlarda gazanan üstünliklerine aýratyn ünsi çekmek isleýäris.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, halkara derejeli sport ussady, gara guşagyň eýesi (1 dan) aşgabatly türgen Gaýgysyz Atabaýew taekwondo (ITF) boýunça Minskide geçirilen Belarusuň açyk kubogyny almak ugrunda dürli ýurtlardan başa-baş göreşiň bu meşhur görnüşi bilen meşgullanýan türgenleriň ýüzlerçesini ýygnan bäsleşiklerde iki ýeňiş gazandy. Ýetginjekleriň arasynda 57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Orazmyrat Çaryýew hem baýrakly orna – bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmen türgenleri Çehiýanyň paýtagty Pragada geçen adaty fudokan-şotokan karate boýunça dünýäniň 5-nji çempionatynda hem uly üstünlik gazanyp, altyn, kümüş (toparlaýyn çykyşlarda) we bürünç medallaryň ikisine mynasyp boldular. Olar kumite we karatede “kata” diýlip atlandyrylýan toplumlaýyn maşklarda çykyş etdiler. Bu dünýä çempionatyna 44 ýurtdan türgenleriň müňden gowragy gatnaşdy. Munuň özi söweş sungatynyň bu görnüşiniň Ýer ýüzünde, şol sanda ýurdumyzda hem uly meşhurlyga eýedigine güwä geçýär.

Dekabr aýynda Türkiýäniň Antaliýa şäherinde geçen kikboksing boýunça dünýä çempionatynyň full-kontakt bölüminde türkmen türgeni Mekan Amanow 67 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy. Biziň watandaşlarymyzyň ýene ikisi – Şöhrat Hallyýew we Hudaýguly Kömekow 63,5 we 51 kilograma çenli agram derejelerinde çykyş edip, dünýäniň iň güýçli kikboksçularynyň bäşliginiň hataryna girdiler.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Al-Ain şäherinde geçen küşt boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionatynda sport ussady Saparmyrat Atabaýew hem üçünji orny eýeläp, bürünç medala eýe boldy. Eger-de bu ýaryşlara dünýäniň 120 ýurdundan 14 ýaşa çenli küştçüleriň 193-siniň gatnaşandygyny hasaba alsaň, türkmen küştçüsiniň görkezen netijesi örän uly ýeňişdir.

Dekabr aýynda ýurdumyzyň sportunda ýene bir örän möhüm waka bolup geçdi – ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetiriji komitet döredildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Permany bilen bu komitetiň wezipelerine Guramaçylyk komitetiniň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, Aziýa oýunlaryna taýýarlyk çärelerini we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, bu maksatlar bilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem ýurdumyzyň bu işlere çekilen ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işlerini utgaşdyrmak girizildi. Ýerine ýetiriji komiteti döretmek baradaky çözgüdiň ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlisinde kabul edilendigini ýatladýarys, oňa abraýly halkara bilermenleri hem çagyryldy.

“Aziýada - 2017” ýaly iri taslamanyň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyrar, çünki şunuň ýaly iri möçberli waka halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär, dostluk we işewür gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, sebitde hem-de dünýäde özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynyň emele gelmegine oňyn täsir edýär, şeýle hem milli ykdysadyýeti, medeni durmuşy hem-de syýahatçylygy ösdürmegi höweslendirýär” diýip, olimpiýa dabaralaryny geçirmek boýunça ykrar edilen meşhur prodýuser, Italiýanyň “Filmmaster-Kiu Iwents” kompaniýasynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Riçard Býorç nygtady.

Dünýä möçberindäki oýunlaryň altysyny geçirmek boýunça dabaralary guran bu belli hünärmeniň şeýle ýokary bahasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň has-da gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtynyň we abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirilýän iri möçberli we netijeli çäreleriniň üstünlige beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Geçen aýda bolup geçen möhüm wakalara şu günki synymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň ýene bir görkezijisidir, ýurdumyz örän möhüm sebit hem-de ählumumy derejedäki çärelere işjeň gatnaşmak bilen, ýyl-ýyldan halkara syýasy giňişliginde has möhüm sepgitlere eýe bolýar.