Ï Ýangyç-energetika toplumy – ykdysadyýetiň möhüm ugurlaryny biri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýangyç-energetika toplumy – ykdysadyýetiň möhüm ugurlaryny biri

view-icon 11950
Türkmenistan nebit we gaz serişdeleri boýunça dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýär. Halkara we ýurduň bilermenleriniň hasaplamalaryna görä onuň çig mal serişdeleri 71,2 mlrd. tonna şertli ýangyja barabardyr.

Ýangyç-energetika toplumy (ÝET) Türkmenistanyň senagatynyň binýady bolmak bilen, ýurduň bütin ykdysadyýetiniň ösmeginde möhün orne eýeleýär. Häzirki wagtda senagat önümçiliginiň gurluşynda 80% ÝET paýyna düşýär. ÝET-ň çalt depginler bilen ösdürilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. ÝET döwlet býujetiniň emele getirilmegine, ýurduň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga we enetgetika howsuzlygyny üpjün etmäge mese-mälim täsirini ýetirýär. Elektroenergetika kärhanalary, gaz we nebit pudaklary toplumyň düzüminde üstünlikli işleýär.

Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň elektroenergetikasynda önümçilik kuwwatlylygy ep-esli artdyryldy. Täze nesliň enjamlary bolan täze elektrostansiýalaryň birnäçesi işleýär. Döwlet energo paýlaýjy toplumyna girýän elektrostansiýalaryň ählisi tebigy gazda işleýär. Häzirki wagtda ýurduň energiýa ulgamynyň düzüminde elektrostansiýalaryň 10-sy we turbinalaryň 32-si işleýär. Elektroenergetikanyň kärhanalary elektrik energetikasynyň ýokary ösüş depginlerini durnukly saklap gelýär. 2013-nji ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça elektroenergetikanyň işlenilip taýýarlanyşy 18,8 mjrd kilowat sagat boldy. Bu 2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,2 göterim köpdür.

Ýurduň ÝET esasyny gaz senagaty düzýär. Ol ýurduň senagat önümçiliginiň ýarsyndan gowrak möçberini eýeleýär. Gaz çykaryjy we gazy gaýtadan işleýän pudaklaryň kärhanalary onuň düzüminde işleýär. Häzirki wagtda gaz pudagynda öňdebaryjy ýokary netijeli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynda täze ýataklary gözlemek, gazmak we senagat taýdan özleşdirmek işleri işjeň alnyp barylýar. Bu işler öňnümçilik işleriniň ähli tapgyrlarynda – ýatagyň açylmagyndan başlap, gözlegden, ulanyşa bermekden, ibermekden we uglewodorodlary gaýtadan işlemekligi tamamalap we ahyrky önümi sarp edijä ýetirmege çenli alnyp barylýar. Muňa 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda senagat taýdan ulanyşa tabşyrylan örän uly “Galkynyş” gaz käni hem şaýatlyk edýär. Bu gaz känine özüniň ätiýaçlyk serişdeleri boýunça 26,2 trln.kub metr diýip, baha berilýär. Bu bolsa gaz mümkinçiligi boýunça Türkmenistany dünýäde dördünji orna çykarýar.

Häzirki wagtda 2010-njy ýylda badalga berlen Gzndogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça işler dowam etdirilýär. Ol ýurduň iri ýataklarynyň ählisiniň “mawy ýangyjyny” birleşdirmäge gönükdirilendir. Täze gaz magistralynyň ulanyşa berilmegi halkara energetika bazarlaryna gazy ibermekligi amala aşyrmak üçin goşmaça mükinçilikleri döreder.

Daşarky bazarlara tebigy gazyň iberilmeginiň diwersifisirlenen ugurlarynyň döredilmegi Türkmenistanyň gaz toplumynyň ösüşiniň esasy ugry bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslama işleri çaltlandyrylan depginlerde alnyp barylýar. Onuň amala aşyrylmagy bilen, Aziýa sebtiniň gaz bazarynda Türkmenistanyň ornuny berkider. Hususanda, 2012-nji ýylyň maý aýynda III Halkara gaz kongresiniň çäklerinde Hindistanyň we Päkistanyň milli kompaniýalary bilen tabigy gazy satyn almak-satmak barada ylallaşyga gol çekildi. 2013-nji ýylyň iýul aýynda “Türkmengaz” Döwlet konserni bilen Owganystanyň gaz korporasiýasynyň arasynda satyn almak-satmak barada şertnama gol çekildi, awgust aýynda bolsa, TOPH taslamasyny çaltlaşdyrmagyň meseleleri gutarnyklty ylalaşyldy we çözüldi.

Gazy gaýtadan işleýän pudagyň üstünlikli ösdürilmegi tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça täze zawodlaryň işe girizilmegi bilen baglanyşdyrylýar. “Galkynyş” ýatagyny senagat taýdan abadanlaşdyrmagyň birinji tapgyrynyň çäklerinde şu ýyl ýylda kuwwatlylygy 30 mlrd kub metr gazy gaýtadan işleýän zawodlar açyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa bolan resmi saparynyň çäklerinde tebigy gazy suwuk ýangyja we benzine gaýtadan işlemek boýunça zawodlaryň gurluşygy barada çarçuwaly ylalaşyga gol çekilmegi gazy gaýtadan işlemekligi ösdürmekde ýene-de bir ädilen ädim boldy.

Gaz çig malyny çuňňur gaýtadan işlemekde täze ýokary netijeli önümçiligiň döredilmegi gaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm ugry bolup durýar. Şeýlelikde, 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň çäklerinde Türkmenistanda polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumyny gurmak barda üç taraplaýyn şertnama, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ammiak we karbamid önümçiligi boýunça zawody doly gurup ulanyşa tabşyrmak barada gurluşygyň taslamasy hakynda çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. Bu önümçilikleriň guralmagy hem içerki bazary kanagatlandyrmaga, hem daşary bazara ýeterlik serişdeleri ibermäge şert döreder.

Nebiti gazyp almak pudagynda nebit ýataklaryny abadanlaşdyrmak, nebitiň çykarylyşynyň möçberini ýokarlandyrmak maksady bilen nebit senagatynyň önümçilik gurluşyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. 2013-nji ýylyň 11 aýynda 2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gaz kondensatyny goşmak bilen nebtiň çykarylyşy 1,7% artdy. Nebtiň çykarylyşynyň möçberiniň artmagy senagatda iň häzirki zamantehnologiýalaryň we nebitiň möçberiniň çykarylyşynyň ýokarlandyrylmagy beýleki tehnologiki täzeleikleriň ulanylmagynyň hasabyna üpjün edilýär.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň görkezýän nebiti gaýtadan işleýän senagatynda önümçiligiň möçberini artdyrmak, görnüşlerini giňeltmek we dünýä ülňülerine laýyk gelýän öndürilýän önümiň hilini ýokarlandyrmak boýunça oňaýly netijeler gazanyldy. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümçilik ugurly we ulag gurluşynyň desgalarynyň innowasion taslamalaryny amala aşyrmak dowam etdirilýär. Nebiti gaýtadan işleýän senagatyň önümi Türkmenistanyň eksport dolanşygynyň epesli möçberini emele getirýär.

Ýangyç-energetika toplumynyň ösmeginde ýokary depginleriň gazanylmagy ýurduň bütin ykdysadyýetiniň senagat-innowasion ösüşini çaltlandyrmakda esas bolup durýar hem-de Türmenistanyň halkara energetika jjemgyýetçiliginiň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde berk derejesini tassyklaýar.