Ï Saza geçirilen wagtlaryň aragatnaşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Saza geçirilen wagtlaryň aragatnaşygy

view-icon 772
Türkmen Milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” kitabyndaky goşgylaryna saz döretmek boýunça bäsleşik geçirildi. Ýaş kompozitorlaryň bäsleşigine “Kompozisiýa” fakultetiniň talyplary, şeýle hen konserwatoriýany ýakynda tamalan uçurymlar gatnaşdylar. Meşhur sazandarlar, kompozitorlar, Türkmenistanyň Halk artistleri R.Allaýarow, R.Rejepow, W.Abaýewa,O.Annamyradowa dagy bäsleşige eminlik etdiler.

Bäsleşikde solo, monolog-oýlanma, duet, hor üçin eser, kapella we hor üçin instrumental sazlar ýaly wokal sazynyň dürli žanrlary ýaňlandy. Bu ýerde ýaňlanan eserleriň ählisi konserwatoriýanyň talyplary we ýaş mugallytmlary tarapyndan ýerine ýetirildi. Baýrakly orunlar esasan iki ugur boýunça – solo eserleri we hor üçin eserler arasynda geçirildi.

Solo wokal saz žanrlarynda birinji orny bäşinji ýyl talyby Kerim Jumakulyýew, ikinji orny onuň kursdaşy Selbi Nyýazowa, üçnji orny ikinji ýyl talyp Rahmat Annageldiýew we üçünji ýyl talyp Döwlet Hanow öz aralarynda paýlaşdylar. Hor sazynyň žanrlarynda diňe birinji baýrak berildi. Oňa kompozitor fakultetiniň ikinji ýyl talyby Aýgül Annamedowa mynasyp boldy.

Döredijilik bäsleşigine beýleki gatnaşyjylaryň ýerine ýetiren eserleri hem hor we orkestr toparlarynyň saz eserleriniň üstüni ýetirer.