Ï Şotlandiýaly mugallymyň ussatlyk sapaklary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şotlandiýaly mugallymyň ussatlyk sapaklary

view-icon 1587
D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Şotlandiýanyň Herriot-Watta uniwersitetiniň hünärmeni, Ýewropa Bileleşiginiň TEMPUS “Bilim edaralarynda dil we pedagogiki innowasiýalar” taslamasynyň utgaşdyryjysy Jon Klir ussatlyk sapagynyň tapgyryny geçirdi. Bu taslamanyň wezipelerinden TMDDI binýadynda gerek bolan innowasiýa enjamlary we tehnikasy bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen kitaphana eýe bolan Ususlýet dil merkezini görkezmek bolar.


Usuly maslahatyň birinji gününde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň iňlis dili muggallymlary gatnaşdylar. Olar okatmagyň häzirki zaman usuly we innowasiýa tehnolgiýasy bilen tanyşdyryldy. Maslahatyň ikinji gününde ussatlyk boýunça sapak berýän muggalymyň iňlis diliniň praktiki sapagyna dürli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň tamamlaýjy üçünjiu gününde bolsa sapaklar Aşgabat şäheriniň umumy bilim berýän orta okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin geçirildi.

Bu geçirilen ussatlyk okuw sapagy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanynda ýakynda döredilen Dilleri öwrenmek boýunça utgaşdyryjy geňeşiň 2014-nji ýyl üçin maksatlaýyn maksatnamasynyň çärelerini amala aşyrylmagyna badalga berdi. Şunlukda, ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň dil syýasatynyň esasy ugurlary we aýratynlyklary, umumy bilim berýän edaralarda, gumanitar, tehniki, saglygy ýgoraýyş we oba hojalyk ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dil boýunça okatmagyň esaslary, dilleri okatmagyň milli we dünýä innowasion tejribesini öwrenmek temalary boýunça birnäçe ylmy-usuly maslahatlar bellendi. Maslahatlaryň her biri tematiki seksion mejlisi we etalon, şol sanda soňra iň gowy mugallymçylyk tejribesini ýaýratmak üçin praktiki sapaklary geçirmegi öz içine alýar.

Ýylyň dowamynda dünýäniň belli umumy bilim berýän merkezleriniň hünärmenleri bilen dili öwrenýänler bilen yzygiderli duşuşyklar geçiriler.

Okuw meýilnamalaryny, maksatnamalryny, gollanmalaryny, okuw kitaplaryny we beýleki gerek bolan edebiýatlary, şol sanda metodiki häsiýetli, işläp taýýarlamak dowam edýär. Bu bolsa Utgaşdyryjy geňeşiň öňde goýan – bilim edaralarynda dil hünäriniň okadylamgyna usuly goldaw bermek baradaky ilkinji nobatdaky wezipelerine laýyk gelýär.