Ï Döredijilik dünýäsi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döredijilik dünýäsi

view-icon 2685
Daşoguz welaýaty Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görýär. Iýun aýynyň 23-29-y aralygynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Halkara sungat sergisi geçiriler.

Iýun aýyna çenli Daşoguzda esay meýdançalary abadanlaşdyrmak boýunça uly göwrümli işleri geçirmek bellendi. Bu meýdançalarda Medeniýet hepdeliginiň çäreleri geçiriler. Bu günki gün ýurduň demirgazyk sebtinde kitaphanalaryň 43-si, muzeýleriň 8-si, Oba medeniýet öýleriniň 120-den gowragy işleýär. Ryhýet Köşgüniň, Daşguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň, Daşoguz welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň binalary bu günki gün welaýat merkeziniň bezegi bolup durýarlar. Daşguzda gümmezi teleskop oturdylan obserwatoriýaly täze welaýat kitaphanasy gurulýar.


Öňde duran Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna demirgazyk sebtiniň sungat işgärleriniň çykyşlary hem goşular. Welaýatyň birleşen folklor we tans toparlary biziň pederlerimizden miras galan özboluşly baýramçylyk däp-dessurlaryny beýan edýän kompozisiýanyň üstünde işlemeklerini dowam etdirýärler. Esasynda nusgawy we häzirki zaman eserler bolan sahna oýunlary taýýarlanylýar. Suratkeşler surat polotnolaryny döredýärler, amaly-haşam sungatynyň ussatlary göçme ekspozisiýalar üçin saýlama önümleri saýlaýarlar.

Daşoguz welaýat bagşylar muzeýiniň işgärleri tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş çeper höwesjeň aýdymçylarynyň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden bäsleşikleriniň ýeňijileriri barada täze tematiki ekspozisiýa döredildi. Onuň bir bölümi ýurduň demirgazyk sebtiniň folklor toparlarynyň belli režisýorlaryna, Nurmuhammet Andalyp adyndaky Daşoguz welaýat döwlet sazly-drama teatrynyň artistlerine, milli aýdym-saz sungatynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan sungat işgärlerine bagyşlanandyr. Türkmen halkynyň baý medeni mirasy barada gürrüň berýän täze eksponatlar we gymmat bahaly zatlar Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde göçme sergilerde görkezler.


Daşoguz welaýaty – döredijilik zehinine eýe bolan taryhy şahsyýetleriň watanydyr. Bu iri medeni çärä gatnaşyjylara we myhmanlara bagşylaryň we sazandarlaryň piri bolan Aşyk Aýdyň Piriň durmuşyndan gürrüň berýän maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilikler dörediler. Gadymy Şäribossan belenliginde ýarleşýän onuň kümmeti meşhur Akjagelin galasynyň golaýynda bolup, bu ýer şahyrlaryň, aýdymçylaryň, döredijilik adamlarynyň, gadymýeti öwrenijileriň we syýahatçylaryň, şol sanda daşary ýurtlardan gelýän myhmanlaryň, köpçülikleýin zyýarat edýän ýerine öwrüldi. Aşyk Aýdyň Pir ХI-ХII asyrlarda ýaşap geçdi. Ol ussat ýerine ýetiriji we aýdyjy, halk parasatlylygyny wagyz ediji hökmünde meşhurdyr. Onuň ady Gündogaryň hekaýalarynyň we rowaýatlarynyň köpüsinde duş gelýär. Aşyk Aýdyň Piriň kümmetiniň we ýadigärliginiň golaýynda ajaýyp ýadygärlik – Dutara bagyşlanan ýadygärlik ýerleşýär. Türkmen milli saz senedine bagyşanan bu ýadygärlik türkmen halkynyň saza bolan aýratyn söýgüsini, gadymy aýdym-saz däp-dessuryna uly hormat goýýandygyny alamatlandyrýar.

Aşyk Aýdyň Piriň mynasyp şägirtleri, köp sanly rowata öwrülen bagşylar, halk aýdymlaryny we dessanlary ýerine ýetirijileri barada Daşoguz welaýatynyň kitaphanalarynyň we muzeýleriniň işgärleriniň taýýarlan bibliografiki maglumatlaryndan we tematiki sergilerinden bilip bolar