Ï Ýurduň etnografiki baýlyklary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurduň etnografiki baýlyklary

view-icon 966
Mary welaýatynyň taryhy –ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn ekspozisiýalaryň giň zalynda Lebap welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleriniň gurnan göçme sergisi ýerleşdi. Bu sergi muzeýleriň arasynda badalga alan çalşyk taslamasynyň çäklerinde geçirilýär. Şu ýylyň maý aýynda mary muzeýiniň hünärmenleri Lebaba, güýz aýlarynda bolsa paýtagtyň muzeýlerinde göçme sergisini gurnamaklygy göz öňünde tutýarlar.



Bu baý ekspozisiýa Murgap ülkesiniň ýaşaýjylaryny ýurduň günorta sebitiniň taryhy, urp-adatlary bilen tanyşdyrýar.

Bu ekspozisiýa köp asyrlaryň dowamynda gündogar türkmenleriň durmuşy bilen bagly taryhy zatlaryň ençemesini jemleýär. Bularyň ählisi durmuşda ulananlygyna garamazdan, olaryň bezeg tarapyna seredeniňde, gündogar türkmenleriň öz durmuşynda owadanlyga berýän ünsleriniň ýokarydygyny görüp bolýar.

At –abraýy arşa galan Lebap welaýatynyň beşir halylary özüne çekýär. Bu halylar öz adyny üýtgeşik göli üçin mynasyp boldular. Bu günlere çenli ýerli halyçy gelin –gyzlar owadan el şlerine bu gölleri salýarlar. Bu gündogar ülkäniň palaslary hem öz nagyşlary bilen tapawutlanýarlar.

Bu sergide örän gelşikli we oňaýly dürli görnüşli haly we palas önümleri giň körçülige hödürlenen. Mysal üçin goşlary saklamaklyga niýetlenen çuwallar, horjunlar we torbalar. Ýa-da öz bukjasyny saklamak üçin durmuşa çykmadyk gyzlaryň ulanýan el bukjalary sergilenen. Munuň ýaly zatlary ýurduň ähli sebitlerinde gabat gelip bolýar. Ýöne önümleriň öz dokalyş we nagyşlanyş aýratynlygynyň tapawutlylygy boýunça , olaryň haýsy sebite degişlidigini bilip bolýar.


Bu ýerde agaçdan ýasalan gap-gaçlar, mis we keramiki önümler hem görkezilen.

Bu ýerde hödürlenen nagyşly çaga eşikleri hem öz aýratynlygy bilen özüne çekijidir. Murgap iliniň çaga eşikleri esasn kümüş şaý-sepleri bilen bezelse, lebaplylaryň eşikleri monjuklaryň we hünjüleriň bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Muzeýde öz reňk we nagyş aýratynlygy bilen özüne çekýän zenan eşikleri we gyz-gelinleriň dakynan şaý-sepleri hödürlenen.