Ï Beýik şahyra bagyşlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik şahyra bagyşlanýar

view-icon 733
Ýurduň kitaphalarynda beýik akyldar we şahyr Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli edebi agşamlar we kitap sergileri geçirilýär. Metodiki we medeni-aň bilim merkezi bolan Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda beýik türkmen şahyrynyň doglan günüiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp uly we kiçi ýaşly çagalar üçin sergileriň ikisi geçirilýär. Olaryň biri “Pyragy biziň ýüreklerimizde” at bilen geçirilýär. Onda iň kiçijik okyjylar Magtymgulynyň çap edilen eserleri bilen, beýik türkmen şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň döreden surat we skulptura eserlerinde döredilen şahyryň keşbi, şahyryň ömri we döredijiligi bilen bagly syýahatçylyk eden ýerleri bilen tanyşdyrylýar.

Uly ýaşly çagalara uly eksposisiýa bagyşlanandyr. Onda dürli ýyllarda çap edilen Magtymgulynyň türkmen we rus dillerindäki goşgylary, şeýle hem Magtymguly barada powestler, poemalar we türkmen şahyrlarynyň goşgylary, döwürleýin neşirlerde çap edilen tematiki makallar görkezilýär.

Döwlet çagalar kitaphanasy Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan okyjylar maslahatlaryny we edebi duşuşyklary her ýyl geçirýär. By ýyl şeýle çäreler aýratyn dabaraly ýagdaýlarda geçirilýär. Bu ýerde bu sene mynasibetli çäreleriň giň maksatnamasy meýilleşdirilýär. Onuň çäklerinde çeper okaýyşlaryň bäsleşigi, sazly-poeziýa agşamlary, kitap sergileri, şeýle hem Aşgabadyň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň döredijilik işleriniň sergileri geçiriler.