Şu günler türkmen wekiliýeti “TÜRKSOÝ” halkara guramasy tarapyndan 2014-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilýän çärelere gatnaşýar. Wekiliýetiň düzümine ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, alymlary, ýazyjy - şahyrlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri girýär.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi beýik akyldar hem-de türkmen halkynyň we Gündogaryň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 290 ýyllygyny giňden baýram etmäge taýýarlyk görmäge bagyşlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna Magtymgulynyň goşan ägirt uly goşandyny nygtap, bu şanly senäni biz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we halkara derejesinde giňden baýram ederis diýip aýtdy. Milli buýsanja öwrülen nusgawy şahyra bütin dünýäde sarpa goýulýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Pyraga bagyşlanan häzirki çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, Ankarada türki medeniýetiniň halkara guramasy bolan “TÜRKSOÝ”-yň merkezi edarasynda dabara geçirildi. Däp boýunça, bu gurama her ýyly öz zehinli döredijiligi bilen dünýä medenietiniň genji-hazynasyny has baýlaşdyran meşhur şahsyýetlere bagyşlaýar. Nygtalyşy ýaly, 2014-nji ýylyň Magtymgulynyň ýyly diýlip yglan edilmegi ynsanperwer şahyra belent hormat we sarpa goýmagyň, öçmez-ýitmez şahyrana eserlerinde parahatçylygy, hoşniýetliligi we dostlugy wasp eden beýik türkmen şahyrynyň döredijiliginiň halkara derejesinde giňden ykrar edilmeginiň aýdyň şaýatnamasydyr.
Dabaralara gatnaşyjylar “Türkmenistan” seýilgähindäki türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýdular. Baýramçylyk çärelerinde “TÜRKSOÝ”-yň ýolbaşçylygynyň, dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň wekilleri öz çykyşlarynda ajaýyp türkmen şahyrynyň we akyldarynyň bütin dünýäde sarpa goýulýan ajaýyp şygyrlarynyň ýüzlerçe ýyllar geçse-de, ähli halklarda ýürekden seslenme tapýandygyny nygtadylar.
2012-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä bolan resmi saparynyň çäklerinde iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda “Türkmenistan” seýilgähiniň hem-de onuň çäklerinde beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ýadygärliginiň açylyş dabaralarynyň geçirilendigini ýatladýarys. Bu şanly waka mynasybetli milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda häzirki eýýamda doganlyk türkmen we türk halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kangatlanma bilen belledi.
2014-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň çäklerinde Ankaranyň Şekillendiriş we monumental sungaty muzeýinde hem dabaralar geçirildi. Alym-edebiýatşynaslar öz çykyşlarynda Magtymgulynyň döredijilik durmuşynyň has röwşen sahypalaryny, şol sanda ozal belli bolmadyk maglumatlary şöhlelendirdiler, Türkmenistanyň artistleri bolsa dabara gatnaşyjylara ýatdan çykmajak aýdym-saz baýramçylygyny sowgat etdiler. Beýik ynsanperwer şahyryň sözlerine ýaňlanan aýdymlar, ýerine ýetirilen däp bolan türkmen sazlary we halk tanslary bu dabaranyň bezegine öwrüldi. Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň türki dünýäsiniň döwlet saz toparynyň çykyşy hem ajaýyp döredijilik sowgady boldy. Türkmen wekiliýeti tarapyndan hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň, türkmen edebiýatynyň dürli eserleriniň, şeýle hem “TÜRKSOÝ”-yň ýardam bermeginde türk dilinde neşir edilen Magtymgulynyň goşgularynyň ýygyndysynyň guralan sergisi oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylar häzirki eýýamda Türkmenistanyň ajaýyp gazananlarynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda özüniň özboluşly täsin milli medenietini aýawly saklaýan türkmen halkynyň baý ruhy däplerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan syýasat netijesinde belent umumadamzat gymmatlyklarynyň çyragy bilen üstüniň ýetirilendigini bellediler. Bu ulgamda netijeli ösdürilýän halkara hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly hökmünde, doganlyk Türkiýede türkmen halkynyň gadymy we baý medeni mirasynyň öwrenilmegine uly üns berilýändigi nygtaldy. Muňa dürli mowzuklarda jemgyýetçilik, döredijilik we ylmy çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, Ankara uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ýörite dersden sapak berilmegi şaýatlyk edýär.
“TÜRKSOÝ” halkara guramasy tarapyndan 2014-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ankarada geçirilýän dabaralar dowam edýär.