Ï Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri açyldy

view-icon 856
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Däbe öwrülen bu çäre Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi we biziň ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň daşary syýasat boýunça ýöredýän ugrunyň strategiýasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzüldi hem-de Ýer ýüzünde parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanmagyna, dürli döwletler bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir hem-de medeniýet bilen baglylykda bular aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Irki döwürden bäri taryhy we medeni gatnaşyk bilen bagly bolan goňşy iki halkyň dostlukly hem-de doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna çalyşýandygyny görkezýän hem-de iki ýurduň köpugurly hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berýän we däbe öwrülen türkmen-eýran gatnaşyklary muňa aýdyň mysal bolup biler.


Soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Eýranyň arasynda ysnyşykly medeni we ylmy gatnaşyklar ýola goýuldy hem-de şolaryň çäklerinde ylmy maslahatlar, tanymal sazandalaryň, aýdymçylaryň çykyşlary, sergiler we kinolary görkezmek, Medeniýet günleri we beýleki bilelikdäki çäreler guralýar.

Her ýylda Türkmenistanyň döredijilik wekiliýetiniň serhetýaka Gülüstan welaýatyna barmagy oňat däbe öwrüldi, bu ýerde kowçum bolup köp sanly türkmenler ýaşaýarlar hem-de türkmen şygryýetiniň nusgawy şahyrlary diýlip hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň we onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň guburlary ýerleşýär. Şu ýylda bu ýerde beýik türkmen şahyry—akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergi zalynda Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň we şonuň çäklerinde dostlukly ýurduň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Şu gün bu ýerde Türkmenistanyň Medeniýet ministriginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň, giň jemgyýetçiligiň, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişedeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik boýunça ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary ýygnandylar. Dostlukly ýurduň döredijilik wekiliýetiniň düzümine sazandalar, suratkeşler, senetçiler goşuldylar.

Eýranyň Türkmenistanydaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýeganni çykyş edip, şu çäräniň irki döwürlerden bäri dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklary saklaýan iki ýurduň arasyndaky dostlugyň we netijeli medeni hyzmatdaşlygyň ýene-de bir aýdyň nyşany bolup durýandygyny belledi. Diplomat birek-birege içgin gyzyklanma bildirilmeginiň häzirki döwürdäki türkmen-eýran gatnaşyklaryna mahsus bolan häsiýete, ilkibaşdan iki döwletiň we halkyň arasyndaky köpugurly netijeli hyzmatdaşlygyň özenine öwrülen özara düşünişmegiň we ynamyň görkezijisine öwrülendigini hem-de häzirki wagtda göwnaçyk we ynamly gepleşigiň pugtalandyrylmagyna, onuň oňyn özgertmeleriň ruhuna laýyklykda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam edýändigini aýratyn belledi.

Şeýle hem dabarada çykyş edenler Aşgabatda Eýranyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň iki ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň hünär babatdaky gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdiklerini bellediler.

Dabara gatnaşyyjylar iki döwletiň Baştutanlarynyň --Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň adyna şu çäräniň geçirilmegi bilen baglylykda göwnejaý şertleriň döredilendigi hem-de bilelikdäki döredijilikli başlangyçlara we ikitaraplaýyn gatnaşyklara goldaw berlendigi, medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra ýygnananlar Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynyň giň zallarynda guralan sergidäki ekspozisiýa bilen tanyşdylar. Sergide eýranly suratkeşleriň, fotosuratçylaryň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň –hatdatlaryň, kiçeňräk zatlary ýasaýanlaryň, haşamlaýjylaryň, halyçylaryň, agaja we daşa nagyş salýanlaryň işleri görkezildi.

Sergide görkezilenleriň arasynda pars nusgawy şygryýetine degişli eserleri alamatlandyrýan täsirli miniatýuralar, özboluşly heýkeller, agaçdan ýasalan zatlar, musulman Gündogaryna mahsus bolan hatdatçylyk sungatynyň nusgalary, gobelemler, millli eýran geýimi, dürli sowgatlyklar we başga-da köp sanly zatlar bar, bular eýran halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan baý medeniýetiniň özenini düzýär.

Bu ýerdäki fotosuratlar, göwnejaý bezelen žurnallar, albomlar, kitapçalar, syýahata degişli ugur görkezijiler häzirkizaman Eýran, onuň tebigaty we ýadygärlikleri bilen tanyşdyrýar. Kitap önümleriniň arasynda Magtymguly Pyragynyň we beýleki ajaýyp türkmen şahyrlarynyň we filosoflarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň ýardam bermeginde neşir edilen eserleriniň ýygyndylary, şeýle hem okuw gollanmalary we ylmy edebiýatlar bar.

Bu ýerde doganlyk türkmen we eýran halklarynyň milli aşhanalary bilen tanyşmaga hem-de milli tagamlary dadyp görmäge mümkinçilik döredildi, şol tagamlary taýýarlamagyň usullary nesilden-nesle geçip gelýär.

Eýran milli sazyny ýerine ýetirýän tanymal sazandalaryň çykyşlary ýygnananlarda özboluşly täsir galdyrdy. Çykyş edenler nusgawy dessanlara görä hem-de gündogaryň şahyrlarynyň goşgularyna düzülen gadymy aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Şeýle hem Eýranyň Medeniýet günleriniň meýilnamasyna dürli döredijilik duşuşyklary we beýleki çäreler goşuldy. 8-10-njy fewralda medeni çäräniň çäklerinde “Türkmenistan” we “Aşgabat” kinokonsert merkezlerinde soňky ýyllarda dürli meseleler boýunça eýranly kinematografiýaçylar tarapyndan surata düşürilen çeper filmleriň 6-sy görkeziler. 8-nji fewralda “Watan” kinokonsert merkezinde Eýranyň aýdym-saz we folklor toparynyň çykyşy bolar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri “Watan” kinokonsert merkezinde jemlener, bu ýerde medeni çäräniň ýapylyş dabarasy hem-de dostlukly iki ýurduň aýdym-saz toparlarynyň bilelikdäki konserti bolar.