Türkmen senetçiliginiň baý taryhy we durnukly önümçilik däp-dessury bardyr. Olar elmydama döwür bilen deň aýak urupdyrlar, milli häsiýetli we daşky gurşaw bilen sazlaşykda bolupdyr. Her bir taryhy döwrüň durmuş-ykdysady gatnaşyklary senagatçylygyň we senetçiligiň, önümçiligiň usullarynyň derejesini kesgitläpdir, olaryň häsiýetlerini kesgitläpdir, olaryň ösdürilmegine täze itergileri beripdir. Halk senetçiliginiň öwrenilmegi dürmuşy, önümçilik usullaryny çuňňur öwrenmäge şert döredýär. Bu bolsa islendik halkyň maddy medeniýetini öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.
Türkmen senetçiligi etnografiki nukdaýnazardan uly gyzyklanma döredýär. Daragt senetçiler üçin iň gymmatly önümleriň biridir. Ol gap-gajy, durmuş esbaplaryny, zähmet gurallaryny taýýarlamak üçin ulanylypdyr. Halk ussatlarynyň iň gowy däp-dessurlary usulynda ýasalan önümler berkligi, çeperçiligi we ýönekeýligi bilen tapawutlanypdyr. Türkmen obalarynyň her birinde diýen ýaly ussalar bolupdyr. Olar obadaşlarynyň buýurmalary esasynda gerek bolan senetleri ýasapdyrlar.
Agaçdan ýasalan gap-gaçlara ulanmaklykda oňaýlylyk mahsusdyr. Onuň ulanyş häsiýetiniň aňyrsynda halk önümçilik däp-dessurlary ýatyr. Agaç önümleri artykmaç estetiki bezegleri talap etmändir. Şonuň üçin hem olar ýönekeýden sada, ulanmaga oňaýly bolupdyr.
Önümçilik üçin köplenç erik agajy, grek hozunyň agajy, çynar, söwüt agaçlary ulanylypdyr. Köp ulanylýan agaçlaryň biri hem tut agajydyr. Ol gatylygy, işläp bejermäge oňaýlygy bilen tapawutlanýar. Täze önümi taýýarlamaga başlamak bilen, senetçiler agajyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutupdyrlar, agaç gaplaryna agaja mahsus bolab ysy bermäge çalşypdyrlar.
Bu gün, türkmen milli baýramçylyklaryna gatnaşmak bilen, gadymy döwür bilen tanyşmaga mümkinçilik döreýär. Aşpezler, milli däp-dessurlary dowam etdirmek bilen, çorbany şakäselerine uky çemçe bilen guýýarlar, bugaryp duran palowy agaç çanaklaryna guýýarlar, dürli içgileri agaçdan ýaslan gaplarda äberýärler. Kimde-kim bu agaç gaplarda nahary dadyp gören bolsa, ondan başga tagamly naharlary tapmazlar. Öý hojalykçy zenanlaryň köpüsi baýramçylyk desterhanyny agaçdan ýasalan gaplar bilen bezeýärler. Bu bolsa hyzmat edilşini has hem gowlandyrýar hem-de özboluşly halk ýörelgesini beýan edýär.
Özboluşly halk senetçiligi häzirki günler hem uly meşhurlyga eýedir, ýöne olar köplenç “sowgatlyk” häsiýetine eýedir. Şunlukda olaryň gymmatlyklary ýütgemeýär. Sebäbi olar wagtyň ryhyny berýärler, durmuş medeniýetini görkezýärler. Zehinli halk senetçileriniň önümleri döredijiligiň arassa çeşmesi bolup durýar. Türkmen hünärmentçilik sungaty ondan göübaş alyp gaýdýar.