Ï Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri tamamlandy

view-icon 806
Şu gün paýtagtymyzyň “Watan” kinokonsert merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy.

Döredijilik forumy Aşgabat şäherinde uly üstünlige eýe bolup, biziň halklarymyzyň näderejede ýakyndygyny, türkmen-eýran medeni gatnaşyklarynyň taryhynyň näderejede çuňdugyny ýene bir gezek görkezen röwşen baýramçlyga öwrüldi.

Ozal habar berlişi ýaly, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen çäreler aşgabatlylary we türkmen pýtagtynyň myhmanlaryny dostlukly ýuduň sungaty, onuň ösüşiniň häzirkizaman meýilleri bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda guralan serginiň çäklerinde eýran şekillenidriş we amaly-haşam sungatynyň ösüşiniň dürli ugurlary görkezildi.

Bu ýerde häzirkizaman eýran şekillendiriş sungatynyň dürli žanrlary we ugurlary, şol sanda ajaýyp portretler, göýä günorta güneşiniň ähli berekedini özüne siňdiren liriki äheňli peýzažlar, natýurmortlar, grafiki işler, özboluşly kompozisiýalar we dürli öwüşgünli žanr sahnalary görkezildi. Suratkeşleriň duýgularynyň köp durli öwüşgünini şöhlelendirýän işlerde eýran halkynyň özboluşly däp-dessurlary, şeýle hem täze döwrüň alamatlary açylyp görkezilýär.

Halk senetçileriniň işleri köpsanly sungat muşdaklarynyň we sungaty öwrenijileriň ünsüni özüne çekdi. Olaryň hatarynda agaçdan we demirden ýasalan zatlar, aýna önümleri, owadan bezelen gapyrjaklar, halylar, milli lybaslar, musulman gündogaryna mahsus bolan gadymdan gelýän daşdan el bilen bejerilen nusgalyklar, gündogar şygryýetiniň nusgawy şahyrlarynyň belli eserleri we olaryň gahrymanlary, dürli öwüşgünli peýzažlar şekillendirilen çeper miniatýuralar bar.

Owadan bezelen žurnallar, bukletler, gazetler, kitaplar sergä gelenleri häzirki zaman Eýran, ýurduň soňky döwürde gazanan üstünlikleri, şeýle hem bu täsin ülkäniň tebigaty bilen tanyşdyrdylar. Sergide taryh boýunça okuw we ylmy-öwreniş edebiýatlary, Eýranyň medeniýeti we dini, halk-amaly sungaty barada gürrüň berýän neşirler giňden görkezildi. Sergä gelenler milli eýran tagamlaryna baha bermek mümkinçiligine hem eýe boldular.

Guramaçylaryň gürrüň berşi ýaly, şunuň ýaly sergiler türkmenistanlylarda uly gyzyklanma döredýär, sebäbi olar goňşy halkyň medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berip, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna hyzmat edip, türkmen-eýran gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrýar.

Halk aýdym-sazlarynyň türkmen muşdaklary dostlukly ýurtdan gelen aýdym-saz we döredijilik toparynyň konsertine uly gyzyklanma bildirdiler. Onuň düzümine “Sawalan” we “Ozan” aýdym-saz toparlarynyň aýdymçylary girdi. Bu topar Aşgabatdaky çykyşynyň maksatnamasyna halk eýran aýdym-sazlaryny, şeýle hem türkmen, azerbaýjan we türk dillerinde ýerine ýetirilen aýdymlary goşupdyr.

“Türkmenistan” we “Aşgabat” kinokonsert merkezlerinde eýran filmleriniň görkezilmeginiň çäklerinde tomaşaçylara dürli žanrlarda surata düşürilen kinolar görkezildi. Olaryň arasynda “Şetdaly agajynyň saýasynda” atly gülküli film, “Ýusup aga” atly kinofilm, belli eýran filmleriniň biri – “Süleýmanyň mülki” atly taryhy kinofilm, şeýle hem “Kyrkýyllyk” atly kinofilm bar. Türkmen-eýran dostluk baýramçylygynyň jemleýji güni kino sungatynyň muşdaklaryna “Ody kes” we “Bu ýerler mensiz” atly kinofilmler görkezildi. Bu kino işleriniň awtorlarynyň tomaşaça baky ahlak gymmatlyklary hakynda gürrüň bermek islegi bu dürli döredijilik işlerini birleşdirýär.

Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň “Watan” kinokonsert merkezinde geçirilen ýapylyş dabarasynda bu çäräniň beýik we gadymy medeniýetleriň köprüsi bolup, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň gadymy taryhyna eýe bolan türkmen we eýran halklarynyň däbe öwrülen dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam edýändigi bellenildi.

Bu ýere ýygngananlar iki ýurduň baştutanlaryna - Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana köpugurly hyzmatdaşlyk, halklary parahatçylykda we agzybirlikde ýaşaýan goňşy döwletleriň arasyndaky özara peýdaly medeni gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmek babatda alyp barýan syýasatlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Eýranyň medeniýet we sungat işgäleri öz türkmen kärdeşlerine mähirli kabul edenligi hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini üstünlikli geçirmäge ýardam edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdiler.

Soňra dostluk konserti geçirilip, oňa belli eýran sazdandalary bilen bilelikde meşhur türkmen estrada aýdymçylary, şeýle hem halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirijiler gatnaşdylar. Konsertiň maksatnamasyny dostluk we doganlygy, ene topraga bolan söýgini we onuň gözelligini wasp edýän häzirkizaman estrada we halk aýdymlary düzdi.

Döredijilik forumyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar biziň ýurdumyzyň taryhy - medeni ýadygärliklerine, muzeýlere we türkmen paýtagtynyň beýleki gözel ýerlerine baryp gördüler.