Şu gün Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň “Baýdak” geňeşliginde 200 orunlyk täze Medeniýet öýi açyldy. Täze desgany ulanmaga bermek dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar, welaýatyň hem-de etrabyň çeper höwesjeňler toparlary gatnaşdylar. Ýerli hususy gurluşyk kärhanasynyň has tapawutlanan işgärlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Aýdym-sazlar, sahna oýunlary, folklor toparlarynyň çykyşlary bu dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de artdyrmak, sungatyň häzirki zaman görnüşlerini we medeniýet ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip, ruhubelentlik bilen nygtadylar. Häzirki döwürde ýurdumyzda muzeýleriň we kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň we sungat mekdepleriniň köpsanly döwrebap binalary guruldy we olaryň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Olar öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilýär.
Şu gün Gubadag etrabynyň “Baýdak” geňeşligindäki täze Medeniýet öýi olaryň sanawynyň üstüni ýetirdi. Täze desganyň gurluşygynda döwrebap gurluşyk materiallary ulanyldy. Bu bina “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde guruldy. Täze Medeniýet öýi toplum görnüşinde bolup, onuň düzümine höwesjeň döredijiligi ösdürmek, ýerli ýaşaýjylaryň boş wagtlaryny göwnejaý geçirmegi üçin niýetlenen dürli desgalaryň birnäçesi girýär.
Uly monitor bilen üpjün edilen esasy tomaşaçylar zalyndan, serenjam berilýän we egin-eşik çalşylýan otaglardan başga-da, bu ýerde dürli studiýalaryň, gurnaklaryň hem-de döredijilik toparlarynyň meşgullanmagy üçin otaglar bar. Medeniýet merkezinde kitaphana we uly bolmadyk taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi göz öňünde tutulypdyr. Taslaýjylar hem-de gurluşykçylar höwesjeň artistler, tomaşaçylar üçin oňaýly şertleri döretdiler. Eşik asylýan ýer, garbanyşhana, dynç alyş zolaklary olaryň hyzmatynda bolar. Täze desgada özbaşdak durmuş üpjünçiligi ulgamlary bar.
Topluma ýanaşyk ýerde woleýbol, basketbol oýnamak üçin sport meýdançalary, çagalar üçin oýun meýdançalary göz öňünde tutuldy. Medeniýet öýüniň öňündäki meýdança abadanlaşdyryldy we şol ýerde agaç nahallary oturdyldy. Bu desga ýerli ýaşaýjylaryň boş wagtlaryny guramaçylykly geçirmegi üçin gelim-gidimli merkeze öwrüler.
Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň ähli etraplarynda diýen ýaly döwrebap medeniýet merkezleriniň gurluşygy alnyp barylýar. Mysal üçin şeýle Medeniýet öýi Gubadag etrabynyň merkezinde hem guruldy, olaryň ýene-de biri “Amyderýa” geňeşliginde bina edilýär. Welaýatda döwrebap durmuş we medeni maksatly desgalaryň çalt depginler bilen gurulmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň her bir sebitiniň iri döredijilik forumlarynyň, şol sanda halkara derejesindäki çäreleriň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülmegi babatda-da uly ähmiýete eýedir. Mahlasy, şu ýyl Daşoguz welaýatynda giň möçberli çäre – Medeniýet hepdeligini we onuň çäklerinde halkara sungat sergisi geçiriler.