Magtymguly türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldarydyr, bütin gündogaryň parlak ýyldyzydyr. Onuň halka ýüzlenip döreden eserleri örän köpdür. Onuň döredijiliginde halkyň bir pikire gulluk etmekleri, ata watany söýmek, däp-dessurlara we ynsan şahsyýetine uly hormat goýmak uly orun eýeleýär. Ata watanyň gözel tebigaty onuň döredijiliginde aýratyn orun eýeleýär. Ata watanyň gözel tebigaty liriki eserleri döretmekde şahyrlara ylham berýär. Tebigy gurşawyň owadanlygyna teşne bolan Magtymguly Pyragy onuň hudaý tarapyndan dörändigine uly ynam bildirýär.
Tebigat we onuň ajaýyp dünýäsi, ynsanyň onuň bilen aýrylmaz baglanyşygy çeper pikir etmeleriň esasy ugurlary bolupdyr. Tebigaty, onuň owadanlygyny şahyrana kabul etmegi, onuň syrlaryna seresaplyk bilen aralaşmak Magtymgula mahsusdyr.
Şol döwre çenli bolan peýzaž şygyrýeti romantiki häsiýetde bolypdyr. Janly tebigat şertleýin, nätakyk häsiýete eýe bolupdyr. Daşky gurşawy çeper beýan etmekde Magtymgulyda başgaça, hakykata ýakym häsiýetde bolupdyr. Onuň eserlerinde biz janly tebigatyň hakyky gözelligini görýäris. Şahyr esere uly emosional häsiýeti bermek üçin ony obrazly beýan edýär. Magtymgulynyň döredijiliginde guşlaryň şekili azatlygyň, paýhaslylygyň nyşany hökmünde köp gabat gelýär.
Ol öz poýemalarynyň birinde ynsanyň tebigatda tutýan orny we onuň durmuş ýoly barada pikir edip, şahyr Gündogarda meşhur fantastiki guşa – Sumruga ýüzlenýär. Magtymguly durmuşyň owadanlygy barada öz filosofiki garaýyşlaryny bu guşuň üsti bilen berýär, durmuşda mynasyp ýaşamalydygynyň hökmanydygyny nygtaýar. Şunuň ýaly ýagdaýy şahyryň “Kepderi” diýen goşgusynda gabat gelmek bolýar. Onda keramatly Aly öz teninden bir bölek lukma berip kömek soraýan guşy halas etmek isleýär. Bu ýerde Magtymgulynyň biz ejizleri we garyp-gasarlary goramaga çagyrýandygyny, durmuş ähmiýetli çözgçntlerinden dogry many çykarmalydygyny görýäris
Akyldar şahyr kuwwatly türkmen daglaryny ajaýyplyklaryny ussatlyk bilen wasp edýär. Magtymgulynyň goşgylarynda daglar anyk häsiýete, real we simwoliki häsiýete eýedir. Onuň goşgularynda daglar ynsanyň gaýgylaryny we şatlyklaryny paýlaşýan syrdaşy, şol bir wagtyň özünde hem olaryň gujurlylygy, daýanjy, paýhaslylygy we ygtybarlylygy beýan dilýär. Magtymguly syýahatçylyk etmek bilen, tebigaty wasp etmegini dowam etdirýär.
Şahyr Zakawkaziýäniň, Kiçi Aziýanyň tebigy owadanlyklaryny haýran galmak bilen wasp edýär hem-de oňa çuňňur düşünmäge çalyşýar, tebigatyň zähmet adamlary bilen arabaglanşygynyň nokadyny tapmaga çalyşýar. Tebigatyň kanunlary onuň hakykylygy we häsiýeti bilen beýan edilýär. Tebigatyň anyk ýerleri hem hakykat bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Gowy bilen ýamanyň keşbi gyş we bahar keşpleri bilen berilýär.
Türkmen tebigatynyň reallygyny, onuň owadan dünýäsini ussatlarça suratlandyrmak bilen, Magtymguly ynsan kalbynyň iň näzik duýgularyny beýan edýar. Magtymgulynyň şygyrýeti adamlara öz topragynyň aýdyň keşbini bilmäge we häzirki günlere çenli onuň özboluşly owadanlygyna guwanmaga kömek edip gelýär.