Şu gün Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramçylygynyň öňýanynda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň “Altyn ýol” geňeşliginde täze Medeniýet öýüniň açylyş dabarasy boldy. Dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, zähmet toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, çeper höwesjeňler gatnaşdylar.
Durmuş maksatly nobatdaky täze bina "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerli gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Ony gurmakda we timarlaýyş işlerinde häzirki zaman serişdeleri ulanyldy.
200 tomaşa orunlyk giň zal döwrebap ýörite audio we yşyklandyryş enjamy, şol sanda uly monitorlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Şeýle hem täze binada okalgasy bolan kitaphana, aýdym-saz we tans bilen meşgullanmak üçin otag, informatika otagy, şekillendiriş studiýasy, egin-eşik çalşyrylýan, dürli döredijilik gurnaklary alyp barmak üçin otaglar, ussahanalar we kömekçi jaýlar göz öňünde tutulypdyr.
Täze häzirki zaman oba medeniýet merkezinde bu ýere gelýän köpsanly adamlar üçin amatly şertler döredilipdir - dynç alynýan ýerler, naharhana we geýim asylýan otaglar bar. Täze desgada durmuş üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamy hereket edýär, onuň çäginde woleýbol, basketbol oýnamak üçin, çagalar üçin ýörite meýdançalar gurnalypdyr. Täze binanyň ýanaşyk ýerlerinde suw çüwdürimi gurlupdyr, ýodajyklar yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edilipdir.
Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, täze Medeniýet öýüniň soňky ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky etrapda gurlan medeni maksatly desgalaryň nobatdakysy bolup durýandygyny bellediler. Ozal şunuň ýaly desgalar etrap merkezinde we “Gaýrat” geňeşliginde ulanmaga berlipdi. Etrapda gurlan köpsanly täze mekdepler, çagalar baglary, sport we durmuş medeni maksatly beýleki desgalar bilen bir hatarda, olar türkmen halkynyň ruhy-aň mümkinçiliklerini dolulygyna açmak we artdyrmak boýunça ähli ýerlerde geçirilýän işlere kuwwatly itergi berip, ýaş nesliň zehinini ýüze çykarmakda we goldamakda möhüm ýagdaý bolup çykyş edýär.
Dabaranyň barşynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şanly wakanyň myhmanlary üçin sahnalaşdyrylan çykyşlar, folklor we aýdym-saz konserti guraldy, Medeniýet öýüniň eýwanynda dabara mynasybetli sergi ýaýbaňlandyryldy.