Ï Maslahat köşgündäki baýramçylyk konserti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maslahat köşgündäki baýramçylyk konserti

view-icon 901
Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde umumymilli baýramçylygyna – Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan döwlet konserti boldy.

Garaşsyz Türkmenistanda belentde pasyrdaýan ýaşyl Tug ata Watanymyzyň azatlygynyň, şu günki ajaýyp durmuşynyň we bagtyýar geljeginiň nyşanydyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan oňyn daşary syýasy ugruň ýöredilmegi netijesinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy ata Watanymyzyň çäklerinden daşarda-da bellidir. Ýaşyl baýdagymyz abraýly halkara guramalarynyň baýdak sütünlerinde pasyrdap, türkmen halkynyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny, halkymyzyň ählumumy abadançylygynyň bähbidine parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy we netijeli hyzmatdaşlygy ugur edinýändigini alamatlandyrýar.

Halkymyzyň mukaddes nyşanyna bagyşlanyp ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk ruhubelentligi aňladyp, belent raýatlylygy we watançylygy terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Hut şu ýagdaý bu gün ajaýyp Maslahat köşgündäki döwlet konsertine gatnaşyjylary we tomaşaçylary jebisleşdirdi.

Zalda ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary we deputatary, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ýaşulular, talyp ýaşlar, şeýle hem paýtagtymyzyň köpsanly myhmanlary bar.

Maslahat köşgünde Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory tarapyndan joşgunly ýerine ýetirilen Döwlet senasy joşgunly ýaňlanýar. Zaldaky tomaşaçylaryň müňlerçesi watançylyga mahsus joşgun bilen Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegine goşulyşýarlar.

Baýramçylyk konserti Türkmen millli konserwatoriýasynyň aýdymçylarynyň we horunyň ýerine ýetirimeginde “Parlasyn dünýäde Watan baýdagy” atly aýdym bilen başlanýar, bu aýdym ata Watnamyzy söýgüniň we wepalylygyň, onuň gözelliginiň we kuwwatynyň wasp edilmeginiň beýanyna öwrüldi.

Uly ekranda ata Watanymyzyň ýaşyl Tugy pasyrdaýar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki möhüm wakalar --hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara derejesindäki işiniň köp ugurlaryny, milli Liderimiz tarapyndan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň yzygiderli amala aşyrylýandygyny hem-de döwlet Baştutanymyz tarapyndan oňyn halkara başlangyçlarynyň öňe sürülýändigini hem-de bu başlangyçlaryň ýurdumyzyň at-abraýyny has-da beýgeldýändigini we halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini äşgär edýän subutnamalar görkezilýär.

Ýurdumyzyň teatrlarynyň artistleri we bäş welaýatyň döredijilik toparlaryndan ybarat bolan folklor topary tarapyndan ýerine ýetirilen “Arkadagly Watanda, parla ýaşyl Baýdagym!” atly edebi-sazly kompozisiýada nesilleriň taryhy arabaglanyşygy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň rowaçlygy wasp edilýär.

Belli “Serpaý” folklor toparynyň beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragy bagyşlanan “Bu seniň arzuwlan döwrüň, Pyragy” atly çykyşy onuň logiki dowamyna öwrüldi. Şu ýylda türkmenistanlylar we dünýä jemgyýetçiligi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny belleýärler.

Şeýle hem konsertde belli sazandalar we halk aýdymyny ýerine ýetirijiler, tanymal estrada aýdymçylary we folklor toparlary, meşhur tans toparlary we çagalaryň döredijilik toparlary çykyş etdiler. Ýurdumyzyň bäş welaýatyna degişli folklor tans toparlary tarapyndan gadymy dessurlarymyzy äşgär edýän “Küştdepdi” täsirli çykyşlaryň birine öwrüldi.

Baýramçylyk koserti aýdymçylar we konserte gatnaşanlaryň ählisi tarapyndan ýerine ýetirilen “Parla, Baýdagym” atly aýdym bilen jemlendi. Bu aýdymyň joşgunly sözleri we belent sazy ýurdumyzyň millionlarça raýatlarynyň häzirki wagtda milli Liderimiz-- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde, hakykatdan-da, ösüşi gazanýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan üçin belent buýsanja we bagtyýarlyga mahsus duýgulary başdan geçirýändigini alamatlandyrdy.

* * *

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli şäherleriniň we obalarynyň medeniýet öýlerinde, açyk konsert meýdançalarynda baýramçylyk çäreleri geçirildi, şonda milli tanslar ýerine ýetirildi, halkymyzyň mukaddes nyşanlaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, juwanlygy ruhubelentlik bilen wasp edýän aýdymlar ýaňlandy.

Paýtagtymyzda Baýdak sütüniniň ýanyndaky meýdançada geçirilen uly konsert baýramçylyk gününiň jemleýji çäresine öwrüldi, bu ýerde Garaşsyz Türkmenistanyň uly Baýdagy pasyrdaýar. Aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin ýurdumyzyň meşhur döredijilik işgärleri – tanymal toparlar, belli estrada aýdymçylary we sazandalar, folklor toparlary, abraýly döredijilik bäsleşiklerinde üstün çykan zehinli ýaşlar çykyş etdiler. Baýramçylyk dabaralary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň baýramçylyklaryna mahsus bolan owadan feýerwerk bilen jemlendi. Agşam ulular we çagalar Aşgabadyň asmanyny ýagtyldan owadan yşyklary şatlyk bilen synladylar.