2009-njy ýylyň 18-nji fewralynda ýurtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen täze hünär baýramçylygy – Türkmenistanyň diplomatiýa işgärleriniň güni döredildi. Bu biziň ýurdumyzyň patahatçylygy söýüjy daşary syýasatynyň nyşany boldy, onuň hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk, dostluk we özara düşünişmek, aýanlyk we döredijilik ýörelgelerine ygrarlylygy boldy.
Türkmenistan ygtybarly we öňdengörüji hyzmatdaş, halkara işlerinde deňhukukuklyk we adalatlylyk ýöreleglerine berk we yzygider eýeriji, döwletleriň we halklaryň öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna giň hyzmatdaşlyk etmek boýunça başlangyçlary öňe sürüji hökmüünde abraýa doly derejede eýe boldy. Muňa Türkmenistanyň daşary syýastda ýakynda halkara guramalarynda gazananlary hem şaýatlyk edýär. Ilkinji nobatda, olardan, hsusanda, biziň ýurdumyzyň 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-nyň Ykdysady we durmuş geňeşine (EKOSOS), 2013-2017-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça (ÝUNESKO) guramasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna kabul edilmegini, geçen ýylyň maý aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Energogeçirijileriň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi we durnukly ösüşi hem-de halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde olaryň ähmiýeti” atly rezolýusiýasynyň türkmen taslamasynyň biragyzdan kabul edilmegini belläp geçmelidiris. Bu wakalaryň ählisi biziň ýurdumyzyň BMG-niň işine goşýan ägirt uly goşýandygynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan, onuň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny geljekde hem ösdürmäge taýýardyynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutýan ugry bolup durýar. BMG-ny geljegi uly bolan hyzmatdaş hökmünde saýlanyp alynmagy kanaunalaýyk bolup, çuňňur dünýägaraýyş sebäplerine eýedir.Türkmenistanyň uzakmöhletleýin maksatlarynyň BMG-niň wezipeleri, ilkinji nobatda Merkezi Aziýada sazlaşykly we durnukly döwletara gatnaşyklarynyň kemala getirilmegi, sebit parahatçylygyny we howpsuzlygyny saklamak üçin berk gurallaryň döredilmegi wezipelerine laýyk gelmegi olaryň esasy bolup durýar. Türkmenistanyň pikiri boýunça, halkara jemgyýetçiliginiň işini, ilkinji nobatda sebitiň döwletleriniň işi hut BMG, onuň syýasy-diplomatiki gurallara daýanyp alnyp barylmalydyr.
Türkmenistan daşary syýasatynyň aýratynlygy hökmünde Merkezi Aziýada we Hazar basseýninde hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny kesgitlemek, Merkezi Aziýanyň we Hazar basseýni sebtiniň häzirki we geljekki ösüşiniň möhüm meselelerine özara kabul ederlik çemeleşmeleriň işlenilip taýýarlanmagy maksady bilen,Türkmenistan sebitiň ýurtlarynyň we goňşy döwletleriň, gyzyklanma bildirýän halkara guramalarynyň gatnaşmaklarynda köptaraplaýyn syýasy gepleşikleriň kemala gelmegine işjeň gatnaşýar. Ulgamlaýyn we yzygider esasda alnyp barylýan şeýle gepleşikler bu ýerde syýasy, ykdysady, ekologiýa, gumanitar ulgamlarynda bar bolan işlere oňyn täsir etmäge ukyplydyr, oňa gatnaşyjylaryň ýer togalagynyň bu böleginde uzakmöhletleýin parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün etmeginiň meseleri boýunça özara düşünişmeklerine we garaýyşlarynyň laýyk gelmegine, ol ýa-da beýleki meselelerň çözgüdinde özara hyzmatdaşlyk meseleleriniň we tagallalaryň utgaşdyrylmagy boýunça talabalaýyk usullaryň işlenilip taýýarlanylmagyna mümkinçilik berer. Has takygy,bu ýerde döwletleriň arasynda bar bolan ýa-da jedelli meselelerň çözgüdiniň guraly hökmünde harby güýjüň kabul edilmegi däl-de, olar tarapyndan gapma-garşylykly häsiýetli bolmadyk dünýägaraýyşyň ykrar edilmegine we pugtalanmagyna oňyn täsir edýän ýörelge taýdan täze syýasy-psihologik gurşawyň döredilmegi barada gürrüň gidýär. Hut şeýle çözgüt hem, Türkmenistanyň nukdaýnazary boýunça Merkezi Aziýada we Hazar basseýni giňişligi boýunça hakyky hoşniýetli gatnaşyklaryň emele getirilmeginiň döretmegiň möhüm şerti bolup, hyzmatdaşlyk, ösüş, adamlaryň ýaşaýşynyň hiliniň we derejesiniň ýokarlanmagynyň, sebitiň dawa we gapma-garşylyk howplaryndan erkin we şunuň bilen birlikde hem dürli ugurlarda daşary maýalary we uzakmöhletleýin halkara taslamalaryüçin özüneçekiji bolmagy bilen,umumydünýä işlerine işjeň aralaşmagyna täze mümkinçilikleri döredýär.
Bu dolulygyna global gurluşyň möhüm düzüm bölegi bolan energetika howpsuzlygynyň kemala gelmegine degişlidir. Energogorlarynyň halkara üpjünçilik ulgamyndaky Türkmenistanyň anyk başlangyçlary bu mesele babtynda özbaşyna täze garaýyşlaryň nyşany bolup durýar. Onuň esasynda - bäsdeşiykden hyzmatdaşlyga,toparlaýyn ýa-da toplumlaýyn, dar mazmunly garaýyşlar boýunça görkezilen bitaraplaýyn hereketkerden – gyzyklanmalaryň köptaraplaýyn sazlaşygyna, energoüpjünçiliginiň ugurlarynyň syýasatlaşdyrmakdan – olaryň immigrasion hereketleriniň ösüş we ýardam bermek maksatlaryna bagly bolmagyna geçişiň gapma-garşylyksyz nusgasy durýandyr. Türkmenistan häzirki şertlerde ugurlaryň konfigurasiýasynyň, halkara energetiki giňişliginde özara hereketleriň ýörelgelriniň we mazmunynyň global ykdysady ösüşiň hakyky ýagdaýyn laýyk gelmelidigine, onuň energogorlaryna bolan zerurlygyň adaty, şeýle hem täze ykdysady merkezleriň barha ýokarlanýan isleglerini kanagagatlandyrylmagyna, döwletleriň we sebitleriň ösüş derjesiniň arasyndaky bölünmäniň aradan aýrylmagyna ýardam etmelidigine berk ynanýar. Şunuň bilen birlikde, biziň ýurdumyz dünýä jemgyýetçiligine global ykdysady hereketleriň ähliumumy strategiki durnuklylygyň we howpsuzlygynyň, dowamlylygynyň we öňe gitmeginiň saklanylmagynyň we pugtalandyrylmagynyň hatyrasyna ýeke-täk we tebigy saýlaw hökmünde hyzmtdaşlyk filosofiýasyna degişli bolan energetika ulgamyň umumy dünýägaraýyşy we syýasy-hukuk maksatnamasynyň işlenilip taýýarlamagyna başlamagy teklip edýär.
Şeýle hyzmatdaşlygyň meýiller hakyndaky ýönekeý jarnamalar ýagdagynda amala aşyrylyp bilinmejegi düşnüklidir. Onuň kesgitli köptaraplaýyn – syýasy, hukuk, maliýe-ykdysady, tehniki borçnamalaryň kabul edilmegini göz öňünde tutýan anyk resminamalaýyn düzgünleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Bu ýerde energetiki ulgamyndaky özara hereketleri kadalaşdyrýan uniwersal halkara-hukuk guraly barda gürrüň edilýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň geçen ýylda kabul eden reoýusiýasynyň ruhuna we manysyna salgylanyp, Türkmenistan şeýle guraly taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparynyň döredilmeginiň üstünde işleýär.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplmatiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hem onuň Ýewropada howsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň işine gatnaşmagy bolup durýar. Ol halkara dawalaryny öňünden duýdurmagyň we gowşatmagyň, syýasy we dini ekstremizime, terrorçylyk howplaryna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we serhetüçti jenaýatçylyga garşy göreşmegiň netijeli gurallarynyň döredilmegine, energogöterijilerini daşamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň häzirki zaman nusgasynyň işlenilip taýýarlanylmagyna gönükdirilendir.
Türkmenstan - Goşulyşmazlyk Hereketi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly beýleki abraýly halkara we sebit guramalarynyň işime öz bitaraplyk derejesine laýyklykda gatnaşmaga degişli üns berýär. Bu mazmunda Türkmenistanyň 2012-nji ýylda GDA üstünlikli Başlyklyk etmekligi üstünlikli amala aşyrdy we biziň ýurdumyzyň deňhukuklylyk we özara hormat goýmaklyga esaslanýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga oňyn çemeleşmesini äşgär görkezdi.
Türkmenistanyň oňyn gyzyklanmalary bu günki günde dünýäniň dürli sebitlerine ýaýraýar. Dünýäniň iri döwletleri we syýasy hem-de ykdysady merkezleri bolan - Hytaý, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa Federasiýasy, Ýewropa Bileleşigi bilen gepleşikler has baý mazmuna eçe boldy. Türkmenistanyň olar bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary – syýastada, ykdysadyýetde, energetikada, maýa goýumlarynda, bilim ulgamynda umumy gyzyklanmalary bar.
Sebit boýunça goňşy ýurtlary bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary täze mazmuna eýe boldy. Eýranyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň, Päkiatanyň, Hindistanyň gatnaşmaklary bilen, ulag we turbageçirijiler taslamalary indi hakykata öwrülýär. Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gruziýa, Gyrgyzstan, Moldowa, Özbegistan, Baltika döwletleri bilen hyzmatdaşlyk hem barha pugtalandyrylýar.
Daşary syýasat strategiýasynda Türkmenistan Ýakyn we Orta Gündogar döwletleri tarapyndan özüne bildirilýän barha ýokarlanýan gyzyklaanmalaryny nazarda tutýar. Bu jähitden Merkezi Aziýadan günorta ugry boýunça Hindi ummanynyň deňiz terminallaryna çykýan ulag-üstaşyr geçelgeleriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi meýilnamalary bilen baglylykda täze mümkinçilikler açylýar.
Aziýa-Ýuwaş umman sebiti Türkmenistan üçin has ähmiýetli ugra öwrülýar. Bu sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ägirt ulydygyny Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikayna, Malaýziýa, Ýaponiýa, Günorta Koreýa bolan saparlary hem aýdyň subut edýär.
Ýer togalagynyň çalt depginler bilen ösýän sebitleriniň biri bolan Latyn Amerikasy bilen gatnaşyklar ýuwaş-ýuwaşdan giňeldilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen Braziliýada, Meksikada, Kubada, Wenesuelada biziň ýurdumyzyň doly ygtyýarly ilçileriniň işe başlamagyna, ol döwletleriň ýolbaşçylary tarapyndan mertebe bilen baha berildi.
Türkmen diplomatiýasynyň öňünde durýan wezipeleri kesgitlemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti söwda-ykdysady ulagamyny aýratyn belledi we türkmen ilçihanalarynyň ýerleşýän ýurtlaryndaky ykdysady ýagdaýy içgin öwrenmekligiň we seljerilmegiň, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýaýbaňlandyrylyp bilinjek ugurlaryny kesgitlemegiň, biziň ýurdumyzyň ykdysady gyzyklanmalaryny ilerletmegiň tejribesini ýaýbaňlandyrmagyň zerurdygyny nygtady..
Bu günki günde halkara medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Türkmenistan dünýä üçin, döredijilik hünärleriniň wekilleriniň arasynda giň gatnaşyk etmek üçin açykdyr. Ýurdumyzda dünýäniň ähli ýerinden sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda diňe bir ykrar edilen ussatlaryň derejesinde däl, eýsem ýaşlaryň we çagalaryň derejesinde hem halkara festiwallary geçirilýär. Soňky ýyllarda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleri we beýleki ýurtlaryň Medeniýet günler Türkmeistanda has ýygy we giň gerim bilen geçirilýär.
Türkmenistanyň täze başlangyçlara esaslanýan we döredilikli ugry bu günki günde halkara durmuşynyň has sýdyň alamatyna öwrülýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň howpsuzlyk, ýaragsyzlanma, energetiki hyzmatdaşlyk, ekologiýa ulgamlaryndaky teklipleri, anyk hereketleri, Merkezi Aziýada dawaly ýagdaýlaryň öňünden duýdurylmagyna wearadan aýrylmagyna täsir edýär. Iri halkara ykdysady taslamalarynyň başlanylmagy ýurdumyzyň daşary syýasatynda parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň filosofiýasyny beýan edip, sebitde we onuň çäginden daşarda döwletara gatnaşyklarynyň häsiýetine we mazmunyna oňyn täsir edip, oýlanyşykly ýörelgeler – köptaraplaýyn bähbitleriň, gyzyklanmalaryň deňagramlylygy, dürli nukdaýnazarlaryň laýyklygy arkaly bilelikdäki tagallalar ulgamyny gözlemekde anyk esas döredýär.
Ýakyn geljekde türkmen diplomatiýasynyň öňünde giň möçberli wezipeler kesgitlenilip, olar biziň ýurdumyzyň halkara araýyşlarynyň pugtalandyrylmagyna, esasy ugurlar boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňyn şertleriň ulanylmagyna gönükdirilendir. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryna laýyklykda, dünýäniň dürli sebitlerinde diplomatiki we konsullyk wekilleri giňeltmek, Günorta we Merkezi Ýewropa, Ortaýer deňzi basseýni, Aziýa-Ýuwaş umman sebti, Latyn Amerikasy ýaly täze geljegi uly bolan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek wezipesi durýar. Ekologiki we ulag diplomatiýasy Daşary işler ministrliginiň işiniň aýratyn ugry bolar. Ýokarda agzalan rezolýusiýa boýunça dünýä bazarlaryna energogöterijileriň ygtybarly we durnukly daşalmagy boýunça teklipleriň takyk durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berler. 2013-2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bilen medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda Türkmenistanyň halakara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak wajyp ugurlaryň biri bolar.