Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işlän bäş ýylynyň içinde bu ýerde ýerli öz-özüňi dolaryşyň ýolbaşçyryndan – arçyndan başlap, ministrlikleriň we guramalaryň ýolbaşçylaryna çenli, döwlet gullukçylarynyň 800-den gowragy okuw geçdiler we özleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrdylar.
Döwlet gullugynyň akademiýasy 2008-nji ýylyň sentýabr aýynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen döredildi. 2009-njy ýylyň mart aýyndan başlap, bu okuw jaýynda dolandyryşyň dürli işi we derejesi üçin işgärler taýýarlanylýar. Onuň diňleýjilerine hukuk, ykdysadyýet, dolandyryş, döwlet dolandyrylyşy, maglumatlar tehnologiýasy, kompýuter sowatlylygy, medeniýet, doladyrmagyň psihologiýasy we beýleki ugurlar boýunça çuňlaşdyrylan ylmy-amaly bilimler berilýär.
Döwlet Baştutanynyň Ministrler Kabinetiniň 2013-nji ýylyň 9-njy awgustynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde gullukçylaryň döwlet minimumyndan daşgary hem daşary ýurt dilleriniň ikisini bilmekllei barada bildiren talabyny nazara almak bilen, iňlis dilini öwrenmek boýunça okatmagyň usullary has takyk täzelendi. 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap, döwlet gullugynyň işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalara “Obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan dolandyrmak” okuwy girizildi. Okuwyň dowamynda diňleýjiler üçin halkara bilermenleriniň we BMGÖM goldaw bermeklerinde döwlet dolandyrylyşynyň iň wajyp meselelri boýunça goşmaça sapaklar guralýar.
Hukuk, ykdysadyýet we gumanitar ylymlary, hünär endikleri ulgamynda teoretiki taýdan alan bilimlerini berkitmek we giňeltmek maksady bilen, diňleýjileriň ählisi Türkmenistanyň Mejlisinde we ykdysady bölegiň ministrliklerinde önümçilik tejribelerini geçýärler.