Şu gün paýtagtymyzyň “Prezident” myhmanhanasynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guralan medeni çäräniň açylyş dabarasy boldy. Onuň çäklerinde Aşgabatda iki günüň dowamynda ýaponiýalylaryň gülleri bezemek sungaty bolan ikebananyň we ýapon žiwopisi sumi-eniň tanyşdyryş dabarasy bolar. Bu çärä gumanitar ulgamynda işjeň ösýän türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm halkasy bolup durýar we dostlukly halklaryň özara düşünişmegini pugtalandyrmagy, olaryň birek-birek baradaky düşünjelerini giňeltmegi maksat edinendir.
Medeni-gumanitar ulgam dünýäniň gadymy siwilizasiýalarynyň biriniň mirasdary, müňýyllyklaryň jümmüşine öz kökleri bilen gidýän we biziň günlerimizde baýlaşdyrylýan özboluşly medeni däpleri saklaýjy bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara syýasatynyň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Parahatçylygy üpjün ediji daşary syýasat strategiýasyny işjeň durmuşa geçirýän türkmen döwleti Ýaponiýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär, onuň ähmiýetli bölegi gumanitar ulgamynda gatnaşyklar bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa bolan resmi sapary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze baby açdy, şol saparyň jemleri boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinen resminamalaryň uly toparyna gol çekildi. Gazanylan ylalaşyklaryň hatarynda medeniýet, bilim, ylym we tehnologiýalar, syýahatçylyk hem-de sport ýaly ugurlarda ýakyndan gatnaşyklary giňeltmek bar. D.Azady adyndaky Türkmen milli institutynyň we Ýaponiýanyň Sukubo uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn resminama gol çekilmegi dostlukly ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn mysaly boldy.
Geçen ýylda Ýaponiýada Türkmenistanyň diplomatiki wekilhanasynyň açylmagy dostluk gatnaşyklaryny we deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga iki halklaryň çalyşýandygyna şaýatlyk edýär. Medeniýet ulgamynda işjeň ösýän türkmen we ýapon gatnaşyklarynyň hatarynda “Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk” atly kitabyň ýapon dilinde neşir edilmegi we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň eserleriniň ýapon diline terjime edilmegi bar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylda türkmen kitaplaryny ýapon diline terjime eden Tokio gaznasynyň halkara gatnaşyklarynyň professory Ýoşiaki Sasaki Magtymguly Pyragy adyndaky Halkara baýragynyň eýesi boldy. 2013-nji ýylda Türkmenistanyň her ýyl Ýaponiýada geçirilýän “JATA” halkara syýahatçylyk sergisine ilkinji gezek gatnaşandygyny hem ýatlap geçeli.
Dostlukly ýurduň gadymy medeniýeti bilen türkmenistanlylary tanyşdyrýan çäre soňky ýyllarda däbe öwrüldi. Olaryň hatarynda tuş bilen surat çekmegiň ýapon usulynyň görkezilmegi, ikebano sungaty we milli ýapon aşhanasy, Aşgabatda ýapon filmleriniň görkezilmegi we meşhur toparlaryň konsertleri bar.
Her ýyl D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen duşuşyklar we Ýapon Medeniýetiniň güni, Ýaponiýanyň medeniýetine hem-de sungatyna bagyşlanylan dürli döredijilik çäreleri geçirilýär, şol institutda 2007-nji ýyldan bäri onuň Gündogar dilleri we edebiýaty bölüminde ýapon dili öwrenilýär.
Häzirki medeni çäre hem däp bolan çäre bolup durýar we onuň baharyň öňüsyrasynda geçirilmegi tötänleýin däldir. Ol Ýaponiýada giňden bellenip geçilýän gadymy baýramçylyklaryň biri bolan Hina Masura (Hina Matsuri) – gyzjagazlaryň baýramçylygyna bagyşlanandyr, ol Hinanyň ýa-da Momo-No Sekunyň gurjagynyň baýramçylygy – şetdalynyň güllemeginiň baýramçylygy diýlip hem atlandyrylýar. Ýaponiýada bahar pasly gözelliklere baý bolmak bilen bir hatarda, kalbyň aýratyn ýagadýydyr. Mälim bolşy ýaly, möwsümleýin duýgularyň ýitileşmegi ýaponlara mahsusdyr, bu ýagdaý tebigatyň keramatlaşdyrylmagyna esaslandyrylandyr we şonuň üçin hem möwsümleriň çalşygy dünýägaraýşyň bakylygynyň, üýtgewsizliginiň subutnamasy hökmünde kabul edilýär. Hina Matsuri däplerinde täsin oýun, dünýäni şahyrana kabul etmek we däp bolan terbiýe, şeýle hem baýramçylyga ýene-de bir ady beren şetdalynyň (momo) gülleri göwnejaý ýagdaýda utgaşýar, Ýaponiýada zenan näzikligi, hoşniýetliligi we geçirimliligi bagtly nikany aňladýar.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen we ýapon halklarynyň medeniýetiniň, olaryň ata-babalarymyzyň baý medeni mirasyny saklap galmaga hyjuwly gatnaşygynyň esasyny düzýän ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygyny nygtap geçmek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tokio resmi saparynyň öňüsyrasynda ýapon žurnalistlerine beren interwýusynda belläp geçişi ýaly, “Biziň halklarymyzyň edim-gylymynda köp asyrlyk durmuş gurluşyna hormat goýmak, öz ýurduň däplerine wepalylyk we buýsanç goýlandyr.... Hut medeni däpler, milli miras biziň üstünlikli öňe hereket etmegimiziň esasy bolup durýar. Bu babatda Ýaponiýanyň we Türkmenistanyň ýöredýän ugry örän ýakyndyr, sebäbi bu ugur däpleriň we innowasiýalaryň, taryhyň hem-de häzirki döwrüň sazlaşmagynyň ugrudyr”.
Medeni çäräniň açylyşyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň türkmen paýtagtynyň jemgyýetçiliginiň, ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatiki wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, talyplar, şeýle hem ýapon medeniýetiniň köpsanly muşdaklary gatnaşdylar.
Dabaraly çärä gatnaşyjylara we myhmanlara Ýaponiýanyň Türkmenistanda işleri wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Ýasusige Okimoto gutlag sözi bilen ýüzlendi, ol häzirki çäräniň iki halklaryň özara düşünişmeklerini we dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, medeniýetleriniň özara baýlaşmagynda we gumanitar gatnaşyklaryň giňelmeginde ähmiýetini belledi. Doly ygtyýarly wekil Ýaponiýada Hina masuri baýramçylygynyň däpleri, şu baýramçylyk bilen baglanyşykly däp-dessurlar hakynda hem gürrüň berdi.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa köptaraply türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürmäge, iki ýurduň medeni gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam edýän syýasaty üçin hoşallyk bildirdiler.
Bu çäräniň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, gül desselerini düzmegiň gadymy ýapon sungaty bolan ikebanany we tuş bilen surat çekmegiň sungaty bolan sumi-e-niniň görkezilişi boldy. Olary professor Midori Ýamada we onuň kärdeşi professor, Ikebananyň Moskwadaky şahamçasynyň prezidenti Galina Dawidenko geçirdi. Midori Ýamada “So-Katoku” ikebana mekdebiniň professorydyr (Ikenobo mekdebiniň professorynyň ýokary derejesi), ikebana boýunça okuw kitabynyň awtorydyr, Omoto Senke çaý dabarasy mekdebiniň we sumi-e ýapon žiwopisiniň ussadydyr, ýapon nusgawy eserleriniň terjimeçisidir. Ýigrimi ýyldan gowrak wagtdan bäri hanym Midori Ýamada dünýäniň dürli ýurtlarynyň halklaryny medeniýetiň üsti bilen ýakynlaşdyryp, möhüm wezipäni ýerine ýtirýär.
Birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurdumyza gelip görýän professor we onuň kärdeşi ýapon medeniýetiniň muşdaklaryna gülleri bezemegiň däp bolan ýapon sungatynyň taryhy, onuň esasy görnüşleri we ugurlary barada gürrüň berdiler. Şeýle hem türkmen tomaşaçylaryna öz ussatlyklarynyň käbir syrlaryny açdylar. Mälim bolşy ýaly, nusgawy sungatyň görnüşi hökmünde ikebana halkyň filosofiýasyny, onuň dünýägaraýşyny, tebigata bolan gatnaşygyny özünde jemleýär. Şunuň bilen birlikde, kompozisiýalaryň her biri ony döredijiniň hususy alamatlaryny beýan edýär. Häzirki çärä gatnaşyjylar muňa doly derejede göz ýetirip bildiler. “Ikebana düzmegiň sungatyna hakyky erk etmek üçin köp wagt we hakyky ýapon dünýägaraýşynyň ähli syrlaryna göz ýetirmek islegi talap edilýär. Her bir gülüň gözelligini açyp görkezmäge ikebanada aýratyn ähmiýet berilýär. Sebäbi ähli gözelligi we ajaýyplygy köp sanly gülde däl-de, bir gülde görmek aňsatdyr” diýip, professor Midori Ýamada gürrüň berýär.
Sumi-e usulynyň görkezilmegi we Ýaponiýanyň tuş bilen surat çekmekdäki bu usulynyň tapawutly aýratynlygy baradaky berlen gürrüň çärä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýere ýygnananlara Hina masuri baýramynyň aýrylmaz bölegi bolan hina ningýo gurjaklarynyň toplumy bilen köp gatly goýulýan zat (Hina kazari) hem görkezildi. Ýapon halkynyň henize bu güne çenli saklanyp galan adatlarynyň biri baýramçylyga gabatlap imperator köşgüniň durmuşyny we adatlaryny şekillendirilýän owadan bezelen gurjaklaryň sergisini guramakdyr. Indi olar kagyzdan ýasalan gurjaklar däl-de, eýsem, keramikadan we ýüpekden ýasalan, owadan egin-eşik geýdirilen hakyky sungat eseridir. Adatça, topluma gyzyl öwüşgindäki gadymy köp gatlakly egin-eşik geýdirilen azyndan 15 gurjak girýär. Gurjaklaryň sergisi 3-nji marta çenli taýýarlanylýar we takmynan bir aýlap dowam edýär.
Şu gün medeni çäräniň çäklerinde professor Midori Ýamada D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary üçin gülleri bezemegiň ýapon sungaty boýunça ussatlyk okuwyny geçirdi.
Medeni çäräniň maksatnamasy 27-nji fewralda türkmen milli dünýä dilleri institutynda dowam eder. Şonda tuş bilen surat çekmegiň ýapon sungaty bolan sumi-e boýunça ussatlyk okuwy bolar.
28-nji fewralda ýurdumyzyň Türkmen milli dünýä dilleri institutynda suhangöýlik sungatynyň bäsleşigi hem geçiriler. Oňa gündogar dilleri we edebiýaty bölüminiň ýapon dilini öwrenýän uly toparlarynyň talyplary gatnaşar. Şol gün ýapon dilinde düzmeleriň bäsleşiginiň jemi jemlener. Şu ýyl bu däp bolan bäsleşikler institutda işleýän Ýaponiýadan gelen mugallymlar we ýapon dili hünäri boýunça ýokary okuwynyň uçurymlary bolan ýaş mugallymlar tarapyndan taýýarlanyldy. Bu gözden geçirilişleriň maksady ýapon dilini çuňňur öwrenmek hem-de sözleýiş diline erkin erk etmegiň durnukly endiklerini ösdürmek, şeýle hem türkmen talyplarynyň dostlukly ýurduň taryhy we däp bolan medeniýeti boýunça bilimlerini baýlaşdyrmak bolup durýar. Talyplar şolara gatnaşmak bilen halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşmak mümkinçiligini alyp, oňat netijeleri görkezýärler.

* * *