Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Günorta-Gündogar Türkmenistanyň mirasy Ýewraziýanyň gadymy we orta asyr medeniýetleriniň ulgamynda” atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän wekilçilikli maslahat umumadamzat ruhy genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň taryhy-medeni baýlygyny hemmetaraplaýyn öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek işinde möhüm ädim bolar.
Ýakyn ylmy gatnaşyklary ýola goýmak, iri daşary ýurt ylmy-barlag merkezleri we halkara düzümleri, şol sanda BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan UNESKO bilen hyzmatdaşlyk etmek bu ugurda geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllar üçin UNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň düzümine saýlanylmagy türkmen döwleti tarapyndan milli medeni mirasyň aýawly saklanmagyna we gumanitar ulgamda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine berilýän ägirt uly ähmiýetiň tassyknamasy we ýurdumyzyň halkara abraýynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Ýewraziýa siwilizasiýasyny ösdürmekde Türkmenistanyň eýeleýän ornuna bagyşlanan halkara ylmy maslahatyň öz ajaýyp eserleri bilen dünýä medeniýetini baýlaşdyran görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilmeginiň özboluşly manysy bar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa instituty tarapyndan guralan maslahata Amerika, Ýewropa, Aziýa we Afrika ýurtlarynyň onlarçasyndan iri ylmy-barlag akademiki we ýokary okuw merkezleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda ABŞ-dan, Russiýadan, Germaniýadan, Ýaponiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Koreýa Respublikasyndan, Hindistandan, Wengriýadan, Norwegiýadan , Perudan, Tunisden, Täjigistandan, Özbegistandan gelen meşhur alymlar--gündogarşynaslar, taryhçylar, etnograflar we arheologlar, medeniýetşynaslar we dilçiler hem-de beýleki hünärmenler bar. Ýurdumyzyň ylmyna Türkmenistanyň Ylymlar akadesmiýasynyň alymlary we aspirantlary, ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, mugallymlary wekilçilik edýär. “Günorta-Gündogar Türkmenistanyň mirasy Ýewraziýanyň gadymy we orta asyr medeniýetleriniň ulgamynda” atly halkara ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy “Arzuw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda boldy.
Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag hatyny uly üns bilen diňlediler. Türkmen döwletiniň Baştutany maslahatyň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary gutlap, bu halkara ylmy maslahatynyň jemleriniň parahatçylygyň we ösüşiň esasy bolan ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekde möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynam bildirdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklaryny geljekki nesillere ýetirmek boýunça döwlet derejesinde uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda möhüm ähmiýetli we bütin adamzat üçin gymmatly ýewraziýa medeniýetlerini öwrenmegiň meselelerine bagyşlanan uly wekilçilikli halkara ylmy maslahatlarynyň geçirilmegi müňýyllyklaryň dowamynda etniki we taryhy bitewüligini saklan hem-de gadymy döwürlerden bäri dünýäniň syýasy, medeni-ruhy we ykdysady ösüşine uly goşant goşup gelýän türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny hemmetaraplaýyn we düýpli öwrenmäge ýardam berýär.
Germaniýadan, Polşadan, Russiýadan, Ýaponiýadan, Hindistandan, Moldowadan gelen belli alymlaryň we beýlekileriň umumy mejlisde eden çykyşlarynda Ýewraziýanyň taryhyny we medeniýetini hemmetaraplaýyn öwrenmek işinde häzirki maslahatyň ähmiýeti bellenildi. Nygtalyşy ýaly, türkmen topragy özüniň köpasyrlyk şöhratly taryhynyň dowamynda umumydünýä mirasynyň genji-hazynasyna hemişelik giren ruhy-medeni gymmatlyklaryň dörän möhüm ojaklarynyň biri bolup durýar. Bu ýerde döwletler döräp, olarda ýaşan halklaryň ykdysady, söwda we medeni gatnaşyklary hem-de gülläp ösmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Şan-şöhrata beslenen oguz türkmenleriniň kuwwatly döwleti, Parfiýa imperiýasy, seljuk nebereleriniň onlarça döwletleri Gündogaryň ruhy medeniýetiniň ykrar edilen merkezleri bolmak bilen, ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň, senetçiligiň pajarlap ösmegi üçin amatly şertleri üpjün edipdir.
Häzir Türkmenistanyň çäginde işleýän arheologik toparlar hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Olaryň täsir galdyrýan ylmy-barlag gözlegleri halkara jemgyýetçiligine türkmenleriň beýik taryhy ýoluna umumy baha bermäge, milli-medeni özboluşlylygy, däp-dessurlary we edem-gylymlary bilen tanyşmaga, türkmen halkynyň dünýäniň ylmy we medeni taýdan ösüşine goşan goşandyna lüýpli akyl ýetirmäge ýardam berýär diýip, çykyş edenler bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, häzir Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň oňyn orny aýratyn nygtady. Olar bu ulgamda ylmy-barlaglary we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açdy.
Günüň ikinji ýarymynda maslahatyň işi ylmy bölümleriň üçüsi boýunça: “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Günorta-Gündogar Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamakda we öwrenmekde halkara hyzmatdaşlyk”, “Günorta-Gündogar Türkmenistanyň taryhynyň çeşmeleri we taryhnamasy”, “Günorta-Gündogar Türkmenistanda gadymy we orta asyr maddy-ruhy medeniýetiň ösüşi” diýen bölümler boýunça dowam etdi. Olarda milli taryhy-medeni mirasy öwrenmegiň we aýawly saklamagyň dürli ugurlaryna degişli gyzykly çykyşlaryň we habarlaryň ençemesi diňlenildi.
Alymlar arheologik gözlegleriň netijelerini teswirlemek bilen, soňky ýyllarda Türkmennistanyň çäginde amala aşyrylan açyşlaryň adamzat ösüşiniň hakyky taryhyny dikeltmek üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny tassykladylar. Mysal üçin, bu ýerde biziň eramyza çenli VI müňýyllyga degişli ekerançylyk obalary ýüze çykaryldy, bürünç asyrynyň we neolitiň has irki döwrüniň arheologik ýadygärlikleri hakynda täze maglumatlar alyndy. Biziň eramyzdan öň IV-V müňýyllykda Günorta Türkmenistanda, Köpetdagyň dag etek zolagynda dörän Jeýtun medeniýeti Merkezi Aziýada ekerançylyk medeniýetleriniň döremegine we ösmegine ägirt uly täsirini ýetiripdir.
Syrderýänyň orta we aşaky akymlarynda, Aral ýakasynda, Demirgazyk Hazar ýakasynda ýaşap geçen oguzlaryň gadymy şäherleriniň, Murgabyň köne akymynda ýerleşen çarwa obalarynyň, şeýle hem häzirki Lebap welaýatynyň çäginde, Atamyrat şäheriniň ýanynda tapylan arheologik ýadygärlikleriň öwrenilmegi dünýäniň gündogarşynaslyk we taryhy-arheologik ylmynyň möhüm meseleleri bolup durýar. Amyderýanyň kenryndaky şol ýer gadym döwürlerden bäri gyzyklanma döredip gelýär.
Çykyşlaryň agramly bölegi Marguşa bagyşlanyp, onuň açylmagy dünýäniň gadymy taryhyna gaýtadan garamagyň zerurlygy baradaky meseläni orta çykardy. Şunuň bilen baglylykda, bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Marguş dünýä belli Mesopotamiýa, Müsür, Hindistan, Hytaý bilen bir hatarda, dünýä siwilizasiýasynyň gadymy merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilip, Gadymy Merw onuň iri şäherleriniň biri bolupdur.
Häzir açyk asmanyň astyndaky türkmen muzeýleri—Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý ählumumy gymmatlygy bolan ýadygärlikler hökmünde UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. Türkmenistanyň taryhy – binagärlik we tebigy ýadygärlikleriniň ýene-de birnäçesiniň şol sanawa girizilmegi göz öňünde tutulýar. Hususan-da, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Änew, Abiwerd, Sarahs, Amul, Dehistan, Şähryslam ýaly şäherler we obalar alymlaryň üns merkezinde durýar. Bu ilatly ýerler gadymy ýazuw çeşmeleriniň sahypalarynda köp gezek agzalandygy sebäpli hem bellidir
Hytaýdan başlap Wizantiýa we Ýewropa çenli dünýäniň ençeme ýurlaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly gadymyýetiň we orta asyryň esasy söwda ýollarynyň biri bolmak bilen, Gündogaryň we Günbataryň ykdysady gatnaşyklarynyň ösmeginde uly orun eýeledi. Mundan başga-da, ol durli medeniýetleriň kesişen we özara täsir eden ýoluna öwrülip, dünýä siwilizasiýasynyň ösmegine ýardam edipdir. Bu ýol bilen ylymlar, çeper eserler, otparazlyk, buddizm, iudaizm, yslam, hristiançylyk ýaly dünýä dinleri we dini taglymatlary ýaýradylypdyr.
Maslahatda edilen çykyşlarda milli edebiýatlaryň, pelsepewi garaýyşlaryň ösmeginiň we kemala gelmeginiň möhüm ugurlary beýan edildi, şol sanda eserleri diňe türkmenleriň däl-de, eýsem, türki dilli halklaryň jemgyýetçilik durmuşyna has giňişleýin düşünmäge mümkinçilik berýän Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň mysalynda şöhlelendirildi. Mahlasy, maslahata gatnaşyjylaryň köpüsi öz çykyşlaryna beýik türkmen nusgawy şahyrynyň goşgularyny okamak bilen başladylar.
Türkmenleriň taryhyny öwrenmek boýunça ýazuw çeşmelerine – Abu Reýhan Biruni, Muhammet Utbi, Abul Fazl Beýhaky, Abu Said Gardizi ýaly görnükli taryhçylaryň işlerine, şeýle hem olarda beýan edilen arheologik maglumatlaryň deňeşdirilmegine uly üns berildi. Orta asyr şäher gurluşygyna, gadymy ýaýlalary aero hem-de kosmiki taýdan kartalaşdyrmaga we taryhy-medeni miras dikeldilende innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagyna, arheologik maglumatlaryň işlenilmegine we beýlekilere bagyşlanan habarlar uly gyzyklanma döretdi.
“Günorta-Gündogar Türkmenistanyň mirasy Ýewraziýanyň gadymy we orta asyr medeniýetleriniň ulgamynda” atly halkara ylmy maslahat ertir öz işini dowam eder.