Ï Ähli güllerden diňe ýekejesini saňa sowgat berýärin...
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ähli güllerden diňe ýekejesini saňa sowgat berýärin...

view-icon 791
Bahar paslynyň baýramçylyk günlerinde 5-nji martdan 8-nji mart aralygynda Aşgabatlylara we paýtagtyň myhmanlaryna nobatdaky sapar ajaýyp güller dünýäsinde bolmak miýesser etdi. Gül dessurlary, şeýle hem milli aşhana we halk senetçiligi her bir ýurduň buýsanjy bolup durýar.


Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp geçirilen flora tomaşasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi. Ony ýurdumyzyň Zenanlar birleşigi bilen Medeniýet ministrligi guradylar. Bezegçiler – “Ak bägül” gözellik salonynyň işgärleri bolsa bahar paslynyň gelenini aňladýan gül kompozisiýalary bilen öz ideýalaryny beýan etdiler.


Ösümlikleriň owadan görnüşleri behişdi bagyny ýada salýar. Bu ýere gelen her bir adam onuň owadanlygyny uzak wagtlap synlady. Onuň dürli we owadan güllerden bezelen görnüşi bu ýere gelenleri özüne maýyl etdi. Özi hem bu ýere gelen her bir zenan maşgala gülden bogulan çemen sowgat berildi.

Hususy telekeçi Jeren Gylyjowanyň guran ekspozisiýasy hem güller sergisi bilen utgaşyp gitdi.Onuň işlerini eksklýuziw diýip atlandyrsa bolar. Sebäbi olar ussatlyk bilen ýasalan monjukdan düzülen nagyşdan, keşdeden, tornagyşdan we lentadan ýasalan täsin suratlardan we beýlekilerden ybaratdyr.