Ï Döwlet maliýesi – durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy guralydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet maliýesi – durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy guralydyr

view-icon 10302
Beýleki ykdysady taýdan ösen ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanyň maliýe ulgamynda döwlet maliýesi – Döwlet büjeti esasy orny eýeleýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet büjeti durnukly häsiýete eýedir. Muňa girdejileriň we çykdajylaryň durnukly ösüşi, büjet zyýanynyň bolmazlygy hem şaýatlyk edýär. Şeýleleikde, 2014-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýurduň büjetiniň esasy ugurlary ýerine ýetirildi. Döwlet büjetiniň girdejiler boýunça kesgitlenen tabşyrygy 111,2%, çykdajylar boýunça – 96% ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe ýurduň büjetiniň ösüş depgini saklanyp galdy. 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýurduň Döwlet büjetiniň girdejisi 4,9% artdy.

Türkmenistanyň büjet ulgamy barada aýtmak bilen, onuň durmuş ähmiýetli ugra gönükdirilendigini belläp geçmelidiris. Türkmenistanyň büjet syýasatynyň ykdysady geçiş döwrinde dürmuş ähmiýetli ugra gönükdirilmegi ýurtda ilatyň dürmuş taýdan goraglylygyny we syýasy durnuklylygy üpjün edýän ýeke-täk ygtybarly ýol boldy. Biziň döwletimiziň esasy ugry bolmak bilen, durmuş ulgamy ynsan kapitalyna gönüden-göni maýa goýumlaryny göz öňünde tutýar. Muňa bolsa häzirki zaman dünýäsinde ykdysadyýetiň ösüşiniň kuwwatly serişdesi we döwlet ösüşimiň görkezijisi hökmünde garalýar.

Durmuş ulgamyndaky büjet syýasaty ilkinji nobatda bilim, saglygy goraýyş we dürmuş üpjünçiligi ýaly ugurlarynyň binýatlyk hyzmatlarynyň maliýe serişdelerini üpjün etmäge gönükdirilendir. 2014-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda durmuş ulgamyna edilen çykdajyalr ýurduň büjetiniň umymy harç edileniniň 77,6% tutýar. Seljerilýän döwürde jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlary üçin bölünip berilýän maliýe serişdeleriniň umumy möçberiniň köp bölegi Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyna, bilim, döwlet sosial üpjünçiligine we jemagat hojalygyna gönükdirildi.

Aýlyk haklary, pensiýalar, kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet büjetiniň çykdajylarynyň goragly maddalary bolup durýarlar. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeler belli bir babatda döwlet maliýe ulgamyna, ilkinji nobatda büjet ulgamyan hem degip geçdi.

Ýurduň ykdysady ösüşiniň innowasion ugruny üpjün edýän häzirki hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek we täze kanunlary kabul etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň mümkinçiliginden ugur almak bilen, milli parlament Türkmenistanyň Büjet kodeksini kabul etdi. Kodeks büjet ulgamynyň umumy ýörelgelerini guramagy we işlemegini kesgitleýär, Türkmenistanda büjet işiniň esaslaryny we büjetara gatnaşyklary kesgitleýär. Bu ulgamda öňdebaryjy halkara tejribelerini we halkara standartlaryny nazara almak bilen işlenilip taýýarlanylan Kodeks büjet ulgamynyň bütewi mehanizimini emele getirmäge şert döreder, şeýle hem bu ugurda netijeli döwlet syýasatynynyň geçirilmegini üpjün eder.