Ï Döredijilikli zähmetiň güýji
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döredijilikli zähmetiň güýji

view-icon 1541
Türkmenistanda şäherleri we şäherçeleri bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý massiwlerini, seýilgähleri, skwerleri döretmek boýunça uly göwrümli işler alnyp barylýar. Munuň üçin biziň ýurdumyzyň howa şertlerine öwrenişýän bezeg we peýdaly ösümlikleriň täze durnukly görnüşleri bilen yzygiderli üstüni ýetirilmegini talap edýär. Bu iş bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň Botanika bagy döredileli bäri meşgullanyp gelýär. Şu ýyl onuň döredilmegine 85 ýyl dolýar. Bu ýerde geçirilýän işleriň baş maksady – floranyň introdusirlenen görnüşlerini biologiki taýdan öwrenmek, olary toplamak, özleşdirmek we uýgunlaşdyrmak bolup durýar.



Botanika bagynyň kolleksion gaznasynyň hünärmenleriniň köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetleri netijesinde baglaryň we gyrymsy agaçlaryň, tropiki we subtropiki ekinelriň, gül-bezeg ösümlikleriniň dürli görnaşleriniň üç müňden gowrak görnüşi bar. Ylmy gözlegleriň esasy wezipeleriniň biri hem planetanyň we biziň ýurdumyzyň dürli sebitleriniň flora baýlyklarynyň hasabyna kolleksiýany saklamak we baýlaşdyrmak bolup durýar. Bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen seýrek we ýitip barýan görnüşlerini öwrenmeklige, soňra olary tebigy şertlerde dikeltemeklige we köpeltmeklige aýratyn üns berilýär. Bu kolleksiýadan ýokary durnukly görnüşleri saýlanyp alynýar. Onuň netijesinde bolsa türkmen şäherleriniň gaýtalanmajak “ýaşyl” arhitekturasy döredilýär.



Soňky ýyllarda Botanika bagynyň hünärmenleri tarapyndan ýurduň şäherlerini bagy-bossanlyga öwürmek üçin köp sanly ösümlikler ulanyldy. Olardan lenkoran albisiýasyny, ýa-da ýüpek aksiýasyny, Jillisa sezalpiniýany, kawkaz karkasyny, iri gülli magnoliýany we beýlekileri görkezmek bolar.

Gyrymsy ösümliklerden – henomeles ýa-da ýapon aýwasy, kizil agajy uly gyzyklanma döredýär. Şeýle hem Aşgabadyň seýilgählerini siriýa gibiskusy, paddubol magoniýasy, badam, ýylyň iň gyzgyn günleri hem dowamly gülleýän hindi lagerstremiýasy bezeýär. Pürli agaçlardan öňden bäri eldar, gara, krym, dag sosnalary ulanylaýr. Bu sanalyp geçilen ösümlikleriň ählisi dürli ýyllaryň dowamynda Ýaponiýada we Hytaýdan, Amerikadan, Kawkazdan we Orta Aziýa ýurtlaryndan getirildi.



Şäher gurşawynyň owadan gök bezegler bilen bezelmegi diňe bir estetiki maksatlara hyzmat etmän, eýsem ol howa şertlerine güýçli täsir edýän ekologiki ýagdaýa hem öz oňaýly täsirini ýetirýär. Paýtagtyň bezegçileri gök “infrastrukturany” döretmek hem-de olara çeperçilik taýdan görk bermek bilen, köçelri, baglary we meýdanlary flora taýdan bezemekde köp sanly usullary ulanýarlar.