Türkmenistanda uly göwrümli bagy-bossanlyga öwürmek möwsümine badalga beren ählihalk ýowary geçirildi. Ýowar – gadymýetde bilelikdäki haýyr-sahawat zähmet diýlip atlandyrylypdyr. Bu gündogarda has ýaýran halk dessury bolup, ol türkmen halkynyň durmuşynda örän wajyp orny eýeläpdir. Ýüregiň emri bilen oba ýaşaýjylary özleriniň goňşularyny iň ýakyn hossar hökmünde hasap edip, biri-birlerine täze jaý gurmaga, toýa taýýarlyk görmäge bilelikde kömek edipdirler. Biziň ata-babalarymyz köpülenç dürli işleri ýowar arkaly ýerine ýetiripdirler. Olar bilelikde suw kabalaryny arassalapdyrlar, bag, üzüm we beýleki bag nahallaryny ekipdirler. Ine, türkmen halkynyň ýowar däp-dessury şundan ybaratdyr.
Ýowaryň esasy aýratynlygy bolsa onda birek-birege muzdsuz kömek etmekden, obanyň we beýleki ýaşaýyş ýerleriniň umumy işlerine köpçülikleýin bolup gatnaşmakdan ybaratdyr. Bu babatda zenanlar hödür-kerem taýýarlapdyrlar, ýowara gatnaşyjylaryň ählisi üçin saçaklar giňden ýazylypdyr. Eger-de ýowar näme diýip sorasaň - bu umumy baýramçylyk diýip jogap bererler.
Bu gadymy däp-dessur bu günki gün hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler maksatnamasynyň ähmiýetli tarapy hem Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmekden, gülledip ösdürmekden ybaratdyr. Bu umumy meýdanyň 80 göterimni Garagum çöli tutýan ýurtda ýaşaýan halkyň hakyky mukaddes arzuwydyr. Bu ýerde her bir agaç nahalyna edil çaga serediýän ýaly seredilýär. Her bir ekilen agaç nahaly nesilleriň dowamatynyň özboluşly nyşanydyr.
Köpetdagyň dag etekleri, “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy bag ekmegiň giň göwrümli maksatnamasy bilen gurşalyp alynda, Garagum derýasynyň boýlaryny, “Altyn asyr” türkmen kölüniň kenarlaryny gök zolaklar bezeýär. Bu günki gün her bir şäheriň, şäherçäniň, obanyň töwereginde tokaý zolaklary döreýär. Her bir ulanylmaga berilýän gurluşyk desgasyny bu günki gün gök zolaksyz we daş töwereginiň abadanlaşdyrlmadyksyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu babatda ekilen bag nahallarynyň tebigy relýäf we binagärlik gurluşygy bilen sazlaşygy möhüm mesele bolup durýar.
Soňky ýyllaryň dowamynda seýilgähleriň we gök zolaklaryň gör näçesi döredildi! Bu ýerlerde ekilen baglaryň ilkinjisini biziň Prezidentimiziň ekendigi guwandyrjy ýagdaýdyr. Kenarýaka şäheçesi bolan Esengulyda, Ruhubelent, Döwletli, Altyn sähra etraplarynda, Türkmen kölüniň ilkinji nobatdakysynyň ulanylmaga berilende we “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda, Aşgabatdaky “Altyn asyr” gündogar bazarynyň töwereginiň gök massiwinde bu şeýle boldy.
Şäherleriň ekologiki ýagdaýlary – bu özboluşly “aýna” bolup, onda ýurduň durmuş-ykdysady derejesi beýan edilýär. Biziň ýurdumyzda şäherleri bagy-bossanlyga öwürmekde eýýäm uly tejribe toplanyldy. Bu batda ählikhalk ýowary uly ähmiýete eýedir.