Ï Ýurduň kümüş gözbaşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurduň kümüş gözbaşlary

view-icon 597
Nowruz baýramynyň öň ýanynda Aşgabatda däp boýunça Türkmenistanyň Zenanlar guramasy tarapyndan guralan “Läle baýramy” gyzlar aýdymynyň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşige welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň bäsleşikler tapgyrlarynyň ýeňijileri – çeper höwesjeň toparlary gatnaşdylar. Her bir topar öz sebitleriniň owadanlygyny beýn etdi. “Gülzamanyň” gül bilen bezelen dabaralar zaly bir günlükçe türkmen zenanlarynyň milli bezegleri bilen bezelen gülälekli meýdanyna öwrüldi. Çeşme suwunyň şillirdisini ýatladýan kümüş bezegleriniň owazy bolsa bu ýere aýratyn öwüşgin berdi

Aşgabat şäheriniň höwesjeňler topary “Gran-pri” baýragyna eýe boldy. Birinji orna Lebap welaýatynyň, ikinji orna Balkan welaýatynyň, üçünji orna Mary welaýatynyň toparlary mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijileriniň ählisine pul baýraklary sowgat edildi.

Läle baaýramy – gülälegiň güllemegini aňladýan gadymy baýramdyr. Ol ýaşlygy we zenan owadanlygyny beýan edýär. Şol gün zenanlar we gyzlar ýaşyl begrese bürenen uly bolmadyk meýdana ýygnanyp öz arzuwlaryny we ynamlaryny beýen etmek bilen, gyzlar aýdymlaryny aýdypdyrlar. Höwesjeň toparlaryň çykyşlary “läle” gyzlar aýdymynyň we sallançakdyr hiňňildigiň şeýle dürli-dürlidigini hem-de köp ugurly sungatdygyny görkezdi.

Täsirli hem-de lirizime ýugrulan toparlaryň çykyşlary bu ýere ýygnanlaryň hiç birini hem biparh goýmady. Her bir çykyş, ýerine ýetiriliş, lybaslar – emin agzalaryny we tomaşaçylary uly joşguna besledi. Tomaşaçylar her bir çykyşy dowamly el çarpyşmalary bilen garşy aldy. Läle baýramy halk poeziýasyny we aýdym sungatyny söýýänleriň her biri üçin hakyky baýramçylyga öwrüldi.