Ï Bahar baýramyna bagyşlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bahar baýramyna bagyşlandy

view-icon 918
Milli bahar baýramy – Nowruz baýramy mynasybetli Tüekmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda talyp işleriniň iň gowularynyň sergisi guraldy. Dürli žanrlardan we görnüşlerden ybarat bolan eserleriň onlarçasy tomaşaçylara ýaşlaryň sungatynyň neneňsi ýagdaýdadygyny bilmäge, türkmen çeperçilik mekdebiniň haýsy ugurlar boýunça ösýändigini, aktual akymlary synlamaga, täze duýgulary we zehinleri bilmäge mümkinçilik berdi.


Milli sungatyň üsti täze güýçler bilen ýetirilýär. Olar täze günüň ylhamyny, joşgunly ýaşlygyň kuwwatyny, güýçli arzuwlary, şahsy açyşlara bolan ymtylyşy beýan edýärler, her bir adam eşider we “görer” ýaly öz sözlerini aýtmaga çalyşýarlar. Hut şu nukdaýnazardan hem TDÇA Sergi merkezinde ýabaňlandyrylan hem-de žiwopis polotnolaryny, skulturalary, keramika önümlerini, gobelenleri, grafikany, miniatýuralary we döredijilik synaglaryny özünde jemleýän sungatyň dürli görnüşlerinden ybarat bolan serginiň ideýa ýörelgesi guralanadyr.


Nowruz temasy dürli atlar berlen kompozisiýalarda: Eneş Batyrowanyň “Dowamat” ornamaental grafiki monotipiýasynda, Dilnara Rozyýewanyň “Bahar” atli applikasiýasynda beýan edilýär. Güljahan Sähedowanyň gobelen usulynda dokan “Maşgala” portreti söýgüniň we maşgala bagtynyň belent söýüsine bagyşlanypdyr. Bu hudožnik zenan ösümlik nagyşlaryny ulanmak bilen, bezeg dokmasynda düýgynyň mähirliliginiň özboluşly manysyny bermegi başarypdyr.


Myrat Kulyýewiň “Nowruz geldi ülkäme” atly suratynda täze ýylyň gelendigini alamatlandyrýan nowruz baýramçylygynyň dabarasy beýan edilýär. Bu eser bilen kybapdaş Hijran Umarowanyň döreden “Nowruz” atly eserinde türkmen halkynyň ruhy päkliginiň we baýlygynyň keşbini görkezýän bahar paslynyň owadan görnüşi gündogaryň owadan gyzlarynyň ajaýyp keşpelri arrkaly beýan edilýär. Gülýara Babaýewanyň gündogar äheňinde döreden dekorariw keramika eseri hem-de Agaýusup Çohowyň skultura kompozisiýasy sergide mynsayp orny eýeläpdirler.

Sergide görkezilen işleriň ählisi her bir awtoryň özbaşdaklygy bilen tapawutlanýandygyny beýan edýär. Şunlukda olar biri-biriniň üstüni ýetirmek bilen, ajaýyp sazlaşygy emele getirýärler. Sebäbi bu işleriň ählisiniň milli äheňe ýugrulmagy olaryň häsiýetli aýratynlygy bolup durýar. Sergi 30-njy marta çenli dowam eder.