Paýtagtyň günorta böleginde Parahat 7/1 ýaşaýyş masiwi bilen goňşuçylykda Ýunus Emre köçesinde “Aşgabat” lomaý söwda merkezi gurulýar. Onuň gurluşygyna şu ýylyň başynda badalga berildi.
Häzirki günlerde bu ýerde binýat çukurlary taýýarlanylýar, bu ýerini tekizlemek işleri alnyp barylýar. 5 gektardan ybarat bolan bu täze desganyň gurluşygyny ýurduň “Belent ruh” hususy kärhanasy alyp barýar. Gurluşygyň meýçilnamasy “Aşgabattaslama” taslama institutynda işlenilip taýýarlanyldy, şeýle hem geologiki we geodeziki gözlegler hem bu institutyň hünärmenleri tarapyndan geçirildi.
Bu söwda merkeziniň toplumy 1-2 gatly dükanlardan ybarat bolup, olarda azyk we senagat, durmuş himiýa harytlary satylar. Toplumyň merkezi böleginde gök we miwe önümleriniň söwdasy üçin ýapyk pawilýonlaryň dördüsi ýerleşer. Desganyň çäklerinde ýerleşjek oňaýly kafe-morožennoýe merkeze gelýänleriň dynç alýan ýeri bolar.
Söwda merkeziniň binagärlik keşbi häzirki zaman we milli äheňli bezegleri bilen sazlaşar, ony beýik arka, öň tarapynyň we dükanlaryň witražlarynyň bezegleri bezär.
Söwda merkeziniň çäklerinde 350-den gowrak ornly awtoduralga gurmak göz öňünde tutulýar. Bu ýerde gül ekmäge niýetlenen ýerli gök otly syýilgäh zolagy bolar, pürli we ýaprakly baglar ekiler, dynç almak üçin skameýkalar goýlar.