Ï Gözbaşlary saklamak bilen, gaýtadan döredýäris
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gözbaşlary saklamak bilen, gaýtadan döredýäris

view-icon 988
Nowruzy baýram etmegiň – 21-22-nji mart senesi bahar paslynda gije-gündüziň deňleşmeginde geçirilýär. Bu döwürde täze meýdan işleri başlanýar, ekerançylaryň aladalarynyň we ynamlarynyň köpelýän döwri başlanýar.

Bahar paslynda gije-gündüziň deňleşmesini halkaryň köpüsi baýram edýär. Sebäbi gyş pasly öz ornuny bahar paslyna berýär – tebigat janlanyp, täze keşbe eýe bolýar. Nowruza näçe asyr bolan bolsa, halk hem oňa şonça ynanýar, ol näçe şatlyk-şagalaňa beslense, şonça hem tebigat adamlara bolçulyk eçilýär. Şonuň üçin hem Nowruzyň däp-dessur aýdymlary ýerine ýetirilýär, adamlar tans edýärler, baharyň gelmegine şatlanýarlar, birek-birege sowgat berýärler, mätäje goldaw berýärler. Bu bahar baýramynyň taryhy birnäçe asyrlara uzap gidýär. Nowruz gadymy ekerançylyk baýramy bolupdyr. Daýhanlar ony asyrlaryň dowamynda bol hasylly ýyl bolmagyny arzuwlap, dürli däp-dessurlan bilen ýazky meýdan işleriň başlaýan döwri hökmünde belläpdirler.


Nowruz Halkara baýaramçylygydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2010-nji ýylyň 19-njy fewralynda bolup geçen 64-nji mejlisiniň “Dünýä medeniýeti” gün tertibiniň 49-njy böleginiň çäklerinfde 21-nji martyň Halkara Nowruz baýramy hökmünde ykrar edilmegi ýöne ýere däldir.

Nowruz baýaramçylygy bolçulyga tagzym etmegi ündeýär. Onda adamlaryň çeken zähmetine ene toprak bolçulyk eçilýär. Nowruzda edilen arzuwlar – ýagyş ýagmagy, öri meýdanlarynyň otçulyga bürenmegi, bol hasyl bardaky arzuwlary elmydama hasyl bolupdyr. Hut şol günler ata-babalarymyz Burkut babanyň hormatyna baýramçylyk gurapdyrlar – asmandan ekin meýdanlaryna ýagyş ýagdyrmagyny diläpdirler. Saebäbi hasylyň bol bolmagy hut şoňa bagly bolupdyr. Ýaşulylarymyzyň aýtmaklarynä görä, Nowruzdan soň aýazdan gorkman ekişe girişibermeli.

Däp-dessurlara laýyklykda, baýramçylya taýýarlyk gömek işleri öňünden başlanýar, maşala agzalarynyň ählisi üçin täze egin-eşikler satyn alynýar, öý dürli ysly bägüllerden doldurylýar. Baýramçylyk günleri edilen işler bütin ýylyň dowamynda hem ediler diýilip hasap edilýär, bu sebäpli öýke-kineler geçilýär.

Giňden ýazylan, üsti dürli naz-nygmatlardan doldurylan desterhan hem-de birek-birege hödür etmek Nowruzyň esasy alamatlary bolup durýar. Ýakynyňa näçe köp hödür-kerem etseň, şonça hem saňa şowlulyklar ýaran bolýar diýlip hasap edilýär. Çagalardan başlap ululara çenli ählisi öz gaby bilen goňşulara aýlanypdyrlar, duz dadypdyrlar, alkyşlapdyrlar, biri-birlerini gutlapdyrlar, saglyk we abadnçylyk, ýylyň bol hasylly bolmagyny arzuw edipdirler.

Nowruz – gadymy baýramçylyk, ýöne ony her bir döwür öz täze many-mazmunyna besleýär, däp-dessur bilen baýlaşdyrýar. Gadymýeti beýan edýän sahnalaşdyrylan oýunlar görkezmek, bag ekmek, seýilgählerde konsertleri geçirmek, her bir öüde üsti naz-nygmatlardan doldurylan desterhany ýazmak däbe öwrüldi. Adamlar Nowruz baýramyna taýýarlyk görmek bilen, öýkeli ýüreklerini arassalaýarlar, öýkäniň ýerini söýgi we ýagşylyk gurşap alar diýip, berk ynanýarlar.