Ýurduň telekeçileri Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020 ýylda jemi içerki önümiň hususy bölegine düşýän paýyny 70% ýetirmek baradaky öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmäge çalyşýarlar.
Eýýäm häzir hususy bölek Türkmenistnyň ykdysadyýetiniň möhüm segmentine öwrülýär. Şeýlelikde, 2013-nji ýylda hasaba alynan ýuridiki şahslaryň umumy sanda hususy eýeçiligiň paýy 67% boldy. Bu bolsa 2012-nji ýylyň degişli döwriniň görkezijileri bilen deňeşdirilende 7,4% köpdür. Ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginiň subýektleri eýýäm JIÖ 55% emele getirýär; husuy bölekde iş bilen üpjünçilik hem artyp, ol 50% golaýlaýar.
Türkmenistanda ýuridiki şahslar bilen bir hatarda hususy işewürlik hem ösýär. 2009-njy ýyl bilen deňeşdirlende, 2013-nji ýylda hususy telekeçilik bilen meşgullanýanlaryň sany bir ýarym esseden hem artdy. Döwlete degişli däl bölegiň daşary söwda dolanşygy ýylsaýyn artýar. Şunlukda eksporta iberilişiniň artyşy ýaly, import hem artýar. Bu köp babatda sarp ediş bazarynyň dolup durmagyna, şeýle hem büjet serişdelerini tygşytlamaga şertleri dördýär.
Telekeçiler ýurduň içerki bazarlaryny azyk önümleriniň giň görnüşleri bilen üpjün edip, azyk senagatynda has ähmiýetli üstünlikleri gazanýarlar. Ýurduň telekeçiligini ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlarynyň biri hem gurluşyk we gurluşyk önümleriniň önümçiligi bolup durýar. Ýurduň hususy firmalary köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş infrastrukturasynyň desgalarynyň gurluşklarynyň baş potratçysy bolup çykyş edýärler. Bu günki gün ýurtda ýaýbaňlandyrylan giň göwrümli gurluşyk işleri ekologiki taýdan arassa gurluşyk önümleriniň önümçiligini ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döretdi. Häzirki wagtda bu önümleri hususy kärhanalaryň ýüzlerçesi öndürýär.
Telekeçiler dürli işleri, şol sanda energiýany tygşytlaýjy ulgamyny, turba geçirijilerini goramak, şeýle hen durmuş enjamlaryny awtomatlaşdyrmak we kompýuterleşdirmk boýunça häzirki zaman tehnolgiýalaryny çekmeklige uly goşant goşýarlar.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň hususy bölegi ýurduň bazarlarynda öz ornnuny tapmakda epesli öňgidişlikler gazandy. Bu günki gün telekeçiler gazanan serişdeleri bilen önümçiligi maýeleşdirýärler, bölümler gurýarlar, häzirki zaman enjamlaryny satyn alýarlar, bazary takyk öwrenýärler. Olaryň önümleri ýurtda bäsdeşlige ukyply harytlaryň sanawyny giňeldýär. Bu bolsa içerki bazarlarda daşary ýurt harytlaryň ornuna öz harytlarymyz bilen üpjün etmäge we biziň ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga şertleri döredýär.
Telekeçiligi ösdürmekde döwlet tarapyndan berilýän goldaw düýpgöter işjeň häsiýete eýe bolýar. Türkmenistanda esasyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalary düzýän giň göwrümli kanunçylyk-normatiw binýat döredildi. Şeýle hem telekeçiligi goldamak Raýat, Salgyt we Gümrük kodeksleri, Türkmenistanyň “Eýeçilik hakynda”,”Kärende we kärende gatnaşyklary hakynda”, ”Paýdarlar jemgyýetleri hakynda”, ”Erkin telekeçilik ykdysady zolagy hakynda”, ”Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýumlary hakynda”, “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Kanunlar bilen sazlaşdyrylýar. “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda”, “Mikromaliýe guramalary we Türkmenistanda mikromaliýeleşdirmek hakynda”, “Rieltorçylyk işi hakynda”, “Baha işi hakynda” Kanunlaryň ähmiýetlerini nyktamak hökmandyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan “Türkmenistanda 2011-2015-nji ýyllarda kiçi we orta telekeçili goldamak barada döwlet maksatnamasy” we ony amala aşyrmagyň meýilnama çäreleri ýurduň hususy bölegini goldamagyň we ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän wajyp maksatnamalaýyn we kadalaşdyryjy resminamalar bolup durýar.
Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet topary hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanynda döredilen Döwlet emlägi boýunça pudagara merkezi topar olardan iň möhümi bolup durýärlar. Bularyň ilkinjisiniň mejlislerinde kiçi we orta işewürligi goldamagyň möhüm meselelerine garalýar, döwlet emlägi topary bolsa döwlet eýeçiliginden aýyrmagy we husulaşdyrmagy goşmak bilen, döwlet eýeçiligi bilen bagly meseleleri çözýär. Husuy bölegiň netijeli işini üpjün edýän ösüş institutlaryna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky, şeýle hem ýurduň telekeçilik bölegine kar pullary amala aşyrýan döwlet we täjirçilik banklary degişlidir.
Soňky ýyllarda hususylaşdyrmak we döwlet eýeçiliginden aýyrmak işleri düýpgöter işjeňleşdirildi. 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen “Türkmenistanda 2013-2016-njy ýyllarda kärhanalary we döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmagyň döwlet maksatnamasy” tassyklandy. Bu hususylaşdyrmagyň esasy maksatlaryny, ugurlaryny, usullaryny we düzgünlerini, şeýle hem guramaçylyk çärelerini hem-de olaryň ýerine ýetirilmeginiň möhletlerini kesgitledi. 2013-nji ýylyň dekabr aýynda hususy bölegiň emläk ýagdaýyny giňeltmegiň kanunçylyk-kadasynyň binýadyň üsti “Döwlet eýeçiliginden aýyrmak we döwlet emlägini hususylaşdyrmak hakynda” Kanun bilen ýetirildi.
Kärhanalary we desgalary kapitallaşdyrmagy ýokarlandyrmak üçin olaryň tehnolgiki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, korporatiw gatnaşyklaryň ösdürilmegi we daşary ýurt maýaly bilelikdäki kärhanalary döretmek maksady bilen, ýurduň we daşary ýurt maýalaryny çekmäge gönükdirilen paýdarlaşdyrmak ýaly, emläk gatnaşyklaryny kämilleşdirmegiň gurallary mundan beýläkki ösüşlere eýe bolýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda 250-den gowrak paýdarlar jemgyýetleri hasaba alyndy. Olaryň pudaklar boýunça – senagatda, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda bölünşigi deň häsiýete eýedir, ýagny 26% -den 28%-e çenlidir.
Biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň häsiýetli tarapy hem döwlet we hususy kapitalyň integrirlenmegini üpjün edýän döwlet-hususy hyzmatdaşlyk bolup durýar. Ol esasan hem gurluşyk pudagynda çalt depginler bilen ösýär: soňky ýyllarda ýerine ýetirilen potratçylyk işleriniň umumy möçberiniň 80% döwlete degişli däl kärhanalaryň paýyna düşýär.Türkmenistanyň telekeçileri döwlet maksatnamalrynyň, şeýle hem welaýatlary ösdürmegiň maksatnamalarynyň, ählisiniň diýen ýaly amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar.
Türkmenistanda telekeçiligiň ösdürilmegi golaý geljekde hususy bölek üçin esasy ugurlary kesgitleýän bazar özgertmelerine, innnowasiýalary we döwlet durmuş-ykdysady maksatnamalrynyň ösdürilmegine daýanar. Onuň 2016-njy ýyla çenli jemi içerki önüminiň ortaça ýyllyk ösüşi on göterime deň bolar, iş orunlary takmynan 1,4 esse artar, hususy bölegiň maýa goýmunyň möçberi bolsa umumy maýa goýumlarynyň üçden bir bölegini düzer.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ylmy taýdan esaslandyrylan syýasaty biziň ýurdumyzda hususy telekeçiligi netijeli ösdürmegiň girewi bolup durýar. Milletiň baştutany hususy bölege aýratyn üns berýär, onuň işiniň geljegi uly bolan ugurlaryny kesgitleýär, gerek bolan kanunçylyk we maksatnamalaýyn resminamalary işläp taýýarlamak we kabul etmek boýunça başlangyç bilen çykyş edýär. Bu bolsa umumylykda, telekeçiligiň ösdürilmeginiň çaltlaşdyrylmagyny üpjün edýär.