Ýewropanyň edebi çeşmelerinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň terjimehaly we döredijiligi baradaky maglumatlar ХIХ asyryň ortalarynda döräp başlady. 1842-nji ýylda polýak edebiýatçysy we alymy L.Hodzko-Boreýko Londanda Magtymguly hakynda gysgajyk maglumaty we şahyryň goşgularynyň üçüsini çap etdi. Wenger gündogarşynasy, syýahatçy, Budapeşt uniwersitetiniň professory A.Wamberi 1879-njy ýylda Magtymgulynyň goşgularynyň 31-ni we onuň eserlerinden bölekleriň 9-ny arap grafikasynda çap etdi we olary “Türkmenleriň dili we Magtymgulynyň diwanlary” ady bilen nemes diline terjime etdi. Bu material bolsa onuň 1865-nji ýylda Sankt-Peterburgda çap edilen “Orta Aziýa boýunça syýahat” atly kitabynyň bir bölegi boldy. Bu kitap umuman türkmenleriň dumuşy barada we Magtymgulynyň terjimehaly barada baý maglumatlary öözünde jemleýär.
1872-nji ýylda “Rus geografiki jemgyýetiniň Kawkaz bölüminiň habarlarynda” Magtymgulynyň goşgularynyň rus diline terjime edilen goşgularynyň ikisi ilkinji sapar peýda bolýar. Bu goşgulary Kawkaz welaýatynyň Gürgende bolan emeldary F.Bakulin terjime edipdir. Bu setirme-setir terjime “Türkmenleriň aýdymlary we olaryň Magtymguly şahyry” atly makalasy bilen berlipdir hem-de bu terjime rus dilinde bermegiň ilkinji synagy bolupdyr. Hut bu adamlaryň ХIХ asyryň ortalarynda ýazan işleri türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň döredijiligini öwrenmekde başlangyç tapgyr bolupdyr. Şeýleleikde Ýewropa özi üçin türkmen şahyryyny açypdyr.
ХХ asyr Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmek we onuň bahasyna ýetip bolmajak eserlerini Russiýada çap etmek babatda önjeýli bolupdyr. 1907-nji ýylda gündogarşynas N.A.Ostroumow Magtymgulynyň goşgularynyň birnäçesini türküstan gazrtinde türkmen dilinde çap edipdir, 1911-nji ýylda bolsa “Magtymguly. Zakaspiý oblastynyň türkmenleriniň arasynda ýaýran garrygalaly türkmen, asly gökleň, ХVIII asyryň ikinji ýarymynda dünýeden öten Magtymgulynyň döreden goşgulary ” sözbaşly kitabyny neşir edýär. Rus alymy, akademik A.N.Samoýlowiçiň hem hyzmaty ulydyr. Ol, esasan hem, 1902, 1906, 1907 we 1908-nji ýyllarda Türkmenistanda bolan saparlarynda toplan materiallary esasynda Orta Aziýanyň halklarynyň edebi mirasyny toplamakda we öwrenmekde örän uly işleri bitirdi. Türkmen edebiýatyny öwrenmeklige örän uly goşant goşan bu alym 1908-1909 we 1914-nji ýyllarda şahyryň goşgularynyň 197-i giren “Magtymgulynyň sözlerine döredilen aýdymlara düşündiriş” we “Düşündirişlere goşundyny” düzdi we çap etdi. Magtymgulynyň goşgularyna düşündirişi ýazmakdan hem başga, ol şahyryň döredijilik mirasyna ylmy taýdan düşünmegi ilkinji sapar beýan etdi. 1910 we 1911ýyllarda Magtymgulynyň eserleriniň Buharada we Taşkentde, 1912-nji ýylda – Astrahanda neşir edilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Magtmgulynyň eserleriniň ilkinji teswirlenen neşiri “Magtymgulynyň diwanlary” at bilen 1921-nji ýylda Stambulda taýýarlandy
ХХ asyryň 20-nji ýyllarynda Magtymgulynyň eserlerini yzygiderli ýygnamak we çap etmeklik başlanýar. Onuň eserleriniň golýazmalary, taryhy maglumatlar, nesilleriniň, şägirtleriniň we döwürdeşleriniň maglumatlary, şeýle hem Magtymgulynyň mirasynyň döredijilik seljermeleri tapylýar.
1940-njy ýyldan başlap, Russiýanyň köp şaherlerinde we öňki soýuz respublikalaryň köpüsinde sözbaşy we reswirler ýazylan Magtymgulynyň goşgularynyň ýygyndysy birnäçe gezek neşir edilýär. Şol wagtyň özünde hem türkmen nusgawy şahyrynyň eserleri mongol, wetnam, polýak, fransuz we beýleki dilerde aýratyn ýygyndyda neşir edilýär.
Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmekde Ýe.E.Bertels uly goşant goşýar. Onuň Magtymgulynyň ömri we döredijiligi baradky makalasy we 1948-nji ýylda Moskwada neşir edilen “Magtymguly” kitaby meşhur eserlerdir. Ol öz materiallarynyň birinde “Onuň köp taraplaýyn döredijilik zehininiň çuňluklaryna aralaşmak üçin onuň her bir eseriniň, her bir şahyrana setiriniň, her bir sözüniň çuňňur manysyna irginsizlik bilen düşünmäge we syzmaga çalyşmaly” diýip, belleýär.
Türkmen alymlary - akademik B.Garryýewiň we professor M.Kösäýewiň, türkşynas Z.Muhammedowanyň we beýlekileriň Magtymguly Pyragynyň eserlerini çap etmekde, onuň ömrüni we döredijiligini öwrenmekde bitiren hyzmatlary ulydyr.
Türkmen döwletiniň täze taryhy eýýamynda Magtymgulynyň dürli sebäplere görä ýer togalagynyň dürli künjeklerine düşen köp sanly golýazmalary ata watana getirildi. Türkmen magtymgulyşynaslary şahyryň näbelli golýazmalaryny öwrenmek bilen, täze gözlegleri geçirýärler, olaryň netijesini bolsa monografiýalarda we makalalarda beýan edýärler.