Ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen 1-nji aprelde bolan duşuşygynyň çäklerinde beýan eden teklipleri netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin täze sepgitleri açýar.
Mälim bolşy ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda ösen ykdysadyýetli we özboluşly medeniýetli ýurt bolan Ýaponiýa bilen syýasy, ykdysady hem-de medeni-gumanitar gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmegi özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşdy.
Häzirki wagtda, täze taryhy şertlerde, biri-birinden alysda ýerleşýändigine garamazdan, iki ýurt dostlukly gatnaşyklaryň däplerine ygrarlydygyny görkezip, özara ykdysady bähbitleriň deňagramlylygyna hem-de döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanan gatnaşyklaryň düýbünden täze nusgasyny guraýarlar.
Döwletara hem-de hökümetara derejesinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek ýoluna ygrarlydygyny tassyklaýar. Şol duşuşyklaryň her biri özara ynanyşmak häsiýetine eýe bolýar. Olarda häzirki wagtda täze many - mazmun bilen baýlaşdyrylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa bolan resmi sapary däbe öwrülen türkmen-ýapon gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berdi. Şol saparyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemeçine gol çekildi. Olar döwletara hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn – hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.
Iki dostlukly ýurduň ýolbaşçylarynyň birek-birege ynanýandygyny we hormat goýýandygyny nobatdaky gezek görkezmegi bilelikdäki işiň tejribesini hem-de köp asyrlyk dostluk däplerini nazara almak bilen, mundan beýläk-de netijeli gatnaşyk etmek hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek üçin ygtybarly binýady döretmäge umumy, ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, ýapon tarapynyň iki ýurduň paýtagtlaryna – Tokio we Aşgabada doganlaşan şäherleriň derejesini bermek baradaky häzirki teklibi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Munuň özi ertirki gününe ynamly garaýan Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň mizemez dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň ýene-de bir aýdyň nyşanyna öwrüler. Belent binalaryň we täsin desgalaryň onlarçasynda, ýylyň bütin dowamynda gök öwüsýän baglarda we seýilgählerde öz beýanyny tapýan geljege bolan ymtylyş iki ýurduň baş şäherleriniň – köp ilatly Tokionyň hem-de Gündogaryň merjeni diýlip ykrar edilen we ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Aşgabadyň kesgitleýji häsiýetnamasy bolup durýar.
Soňky ýyllarda Ginnesiň meşhur neşirinde bellige alynýan rekordlaryň täsin sanawy gün-günden gözelleşýän türkmen paýtagtynyň ajaýyp desgalarynyň birnäçesi bilen ýetirildi. Olaryň hatarynda Aşgabadyň Halkara howa menziline barýan ýolda ýerleşen “Oguzhan we onuň ogullary” suw çüwdürimler toplumy, “Türkmenistan” teleradio merkezini bezeýän sekiz burçly ägirt uly ýyldyzy, paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkezindäki aýlanýan çarh we beýlekiler bar.
Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze mümkinçilikleri barada gürrüň etmek bilen, onuň köpugurlary öz içine alýandygyny, şeýlelik-de, dürli ugurlarda tagallalary birleşdirmek üçin has amatly mümkinçilikleri döredýändigini bellemelidiris. Şol ugurlaryň hatarynda söwda-ykdysady ulgamy, senagat pudaklaryny, ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamlaryny, maýa goýum işini we beýlekileri görkezmek bolar.
Türkmen Lideriniň Ýaponiýa saparynyň bolan günlerinde Tokioda geçirilen “Ygtybarly hyzmatdaşlygyň ýagty geljegi” atly türkmen-ýapon forumy, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň netijeli işi, şeýle hem yzygiderli geçirilýän bilelikdäki işewürler maslahatlary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri ulanmagyň we ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin mümkinçilikleriň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.
Türkmenistanda amala aşyrylýan, ilkinji nobatda, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze girdejili pudaklary döretmäge, eksport ugurly ýokary hilli önümleriň köp görnüşlerini öndürmäge gönükdirilen özgertmeler özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şol hyzmadaşlyk bolsa ägirt uly we köp ugurly kuwwata eýedir.
Türkmenistan milli ykdysadyýeti okgunly ösdürmek, degişlilikde, onuň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak ugruna ygrarly bolmak bilen, Ýaponiýanyň ylym-bilim we ýokary tehnologiýalar ulgamynda toplan baý tejribesine uly gyzyklanma bildirýär. Biziň ýurtlarymyz bu möhüm ugurlarda gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berip, hyzmatdaşlygyň täze ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Iň täze tehnologiýalary we öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary ornaşdyrmak boýunça bilelikde geçirilýän işler bu sanawda aýratyn orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabatda gurulýan döwrebap Tehnopark bu iş üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Iri toplum bolan Tehnopark özüne ylmy-barlag edaralarynyň birnäçesini birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýnyň iri ylmy-barlag merkezleriniň binýadynda ýurdumyzyň ylmy işgärlerini taýýarlamak, şeýle hem talyplary alyşmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň baý tejribesi hem-de bar bolan ägirt uly intellektual kuwwat iki ýurduň bu ugurdaky hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarýar.
Şunuň bilen bir hatarda, medeni alyşmalar hem ýylsaýyn işjeňleşýär, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklar berkidilýär. Munuň özi iki doganlyk ýurduň halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna we özara baýlaşmagyna oňyn täsir edýär.
Syýahatçylyk hem özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Bu ulgamyň ösdürilmegine köp ýagdaýlar, şol sanda bütin dünýäniň syýahatçylygynyň gyzyklanmasynyň artmagy, Türkmenistanyň çäginde täsin tebigy we taryhy – medeni ýadygärlikleriň bolmagy oňyn täsir edýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistan dünýäniň syýahatçylyk ulgamynyň ünsüni has köp özüne çekýär. Aziýa – Ýuwaş umman sebitindäki iri syýahatçylyk ýarmarkasynda - “JATA Travel Showcase” halkara sergisinde biziň ýurdumyzyň hödürlän ekspoziýasynyň uly gyzyklanma döretmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu sergi geçen ýylyň sentýabrynda, türkmen döwletiniň Baştutanynyň Ýaponiýa bolan resmi sapary mahalynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirildi. Milli Liderimiz bu forumyň hormatly myhmany boldy.
Halkara ähmietli "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy sergä gelenleriň, aýratyn hem köp syýahat edýän halk hasaplanylýan ýaponiýalalaryň uly gyzyklanmasyny döretdi. Şunuň bilen baglylykda, Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginiň örän wajyp we şunuň bilen birlikde, durmuş ähmiýetli taslamalaryň biri bolup durýandygyny bellemelidiris. Şol taslamanyň amala aşyrylmagyna daşary ýurtlaryň meşhur kompaniýalary hem-de maýadarlary işjeň gatnaşýarlar.
Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz portuny gurmak baradaky taslamany durmuşa geçirmäge ýapon maýa serişdelerini çekmek mümkinçiligi hem 1-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Türkiýäniň “Gap Inşaat” kompaniýasy bu gurluşygyň baş potratçysydyr. Ýurdumyzyň täze “deňiz derwezesiniň” sebitiň häzirki wagtda döredilýän köp şahaly ulag düzüminiň möhüm we aýrylmaz bölegine öwrüljekdigini nazara alsaň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gyzyklanmasy öz-özünden düşnüklidir. Türkmenistan özüniň oňyn başlangyçlary bilen bu düzümiň ösdürilmegine saldamly goşant goşdy.
Daşary ýurtlaryň iri işewür düzümleriniň maýalaryny çekmegiň wajypdygyna düşünip, Türkmenistan daşary ýurtly maýadarlaryň işini hukuk taýdan goramak hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň maýalary goýmagyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak meselelerine uly üns berýär we maýadarlaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara talaplaryny nazara almak bilen, degişli düzümi ösdürýär we kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirýär.
Şeýlelikde, ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň täze teklipleri soňky ýyllarda ýola goýlan oňyn döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösýändiginiň, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gyzyklanmasynyň artýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Şol gyzyklanma bosla diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem köptaraplaýyn esasda hem amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň täze bilelikdäki taslamalaryny işjeň araalyp maslahatlaşmakda öz aýdyň beýanyny tapýar.