Ï Ylmy işiň hukuk esaslary berkidilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylmy işiň hukuk esaslary berkidilýär

view-icon 8926
Şu ýylyň mart aýynda kabul edilen “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Kanun ýurtda döwlet ylmy-tehniki syýasaty ösdürmegiň maksatlaryny we ýörelgelerini hem-de onuň durmuşa geçirilmegini kesgitleýär, ylmy işiň subýektlerini, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň we ylmy önümi sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler barada aýtmak bilen, ylmy ulgamyň düşünjeleri bilen bir hatarda düýpli ylmy barlaglar we amaly ylmy barlaglar ýaly düşünjeler türkmen ylmynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýan innowasion işi hökmünde ilkinji sapar ulanylýandygyny belläp geçmelidiris.

Kanun bazary azyk önümleri bilen doldurmagyň wezipelerini çözmekgiň, ýokary tehnologik galyndysyz industriýany guramagyň, sarp ediş närselerini öndürmegiň we ilat üçin hyzmatlar şygryny giňeltmegiň, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagyň, şeýle hem ekologik ýagdaýyny gowlandyrmagyň we serişde tygşytlamagyň hukuk binýadyny esaslandyrýar. Ykdysady, durmuş we hukuk kepilliklerini, ylmy, ylmy-pedagogik, oýlap tapyjylyk we rasionalizatorçylyk işi üpjün etmek, ylmy işgärleri hemmetaraplaýyn maddy taýdan goldamak we durmuş taýdan goramak – ine kamumyň esasy maksatlaty şulardan ybaratdyr.

Milli ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, döwlet döwlet-husuy hyzmatdaşlygy ösdürilmegini höweslendirýär, ylmy işde telekeçiligiň dürli görnüşleriniň netijeli işlemegi we ösdürilmegi üçin deňhukukly we ykdysady mümkinçilikleri kepillendirýär. Ylmy işgärler, inženerler, oýlap tapyjylar we beýleki hünärmenler, ýagny ylmy önümi işläp taýýarlaýjylar öz kärhanalaryny we guramalaryny döretmek arkaly telekeçilik işini amala aşyryp bilerler.

Ylmy we innnowasion işi bilim ulgamynyň işi bilen baglanyşygyny üpjün etmek, zehinli çagalary we ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ylmy-tehniki ukyplaryny ösdürmekde döwlet goldawyny bermek döwlet ylmy syýasatynyň esasyny düzýän ýörelgesi bolup durýar. Döwlet ylmy-tehniki syýasaty ylmy we tehniki döredijiligiň azatlygyny üpjün etmeklige, intellektual eýeçiligini goramaklyga , ylmy zähmetiň we tehniki döredijiligiň abraýyny ýokarlandrmaklyga esaslanýar.

Kanuna laýyklykda döwlet ylym we tehnika babtda ylmy-tehniki maglumaty ýygnaýan, döwlet tarapyndan hasaba alýan, analitik işläp taýýarlaýan, saklaýan we sarp edijilere çenli ýetirýän döwlet maglumat gaznalarynyň we ulgamlarynyň döredilmegini üpjün edýär, ylmy barlaglaryň netijeleriniň Türkmenistanyň çäklerinden daşarda neşir edilmegine, şeýle hem ol ýerde neşir edilýän ylmy žurnallaryň, kitaplaryň, beýleki ylmy häsiýetli neşir önümleriniň edinilmegine ýardam berýär.

Şeýle hem kanunyň esasyny düzýän maddalary döwlet halkra ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy goldaýar, zerur hukuk we ykdysady şertleri döredýär hem-de Türkmenistanyň ylmy işiniň subýektleriniň we gatnaşyklarynyň daşary ýurt döwletleriniň ylmy işiniň subýektleri gatnaşyklary bilen, halkara ylmy bileleşikler bilen erkin we deňhukukly gatnaşyklaryň amala aşyrylmagyna ýardam edýär.