Ï Öçmez ýagtylyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Öçmez ýagtylyk

view-icon 838
Türkmenabatda “Ýedigen” seýilgähinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň golaýlap gelýän ýubileý baýramçylygyna bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Şäheriň zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we okuwçy ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda bu dabaranyň geçirilen ýeri ýönelige saýlanyp alynmady. Bu ýerde türkmen nusgawy şahyrlarynyň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň hem, ýedisiniň heýkelleri oturdylandyr.

Şäheriň 1-nji kitaphanasynyň işgärleri ajaýyp söz ussadynyň eserlerinden we onuň durmuş ýoly hem-de döredijilik ýoly baradaky kitaplardan ybarat bolan uly sergini görkezdiler. Welaýatyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri şahyryň ýaşan we döreden döwrüni beýan edýän göçme segini görkezdiler. Olardan däbe görä agaçdan ýasalan kitap goýulýanda goýlan gadymy kitaby, misden ýasalan syýa guýulýany, dürli görnüşdäki keramiki yşyklandyryjylary, elde dokalan halylary görkezmek bolar.

Dabarany welaýatyň S.Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynyň artistleri edebi-sazly kompzisiýa bilen açdylar. Magtymgulynyň gşgularyna döredilen aýdymlar ýaňlandy, ýaş şahyrlar şahyryň mundan birnäçe asyr ozal arluwlan zamanasy bolan bagtyýarlyk döwrüne bagyşlap ýazan öz goşgularyny okadylar. Tomaşaçylaryň öňünde Garabekewül etrabynyň folklor topary, Türkmenabadyň we Serdarabat etrabynyň tansçylar toparlary çykyş etdlier.