Paýtagtyň “Türkmenistan” kinokonsert zalynda “German bahary” medeni taslamanyň çäklerinde guralan jaz sazynyň agşamy geçirildi. Bu sapar Aşgabada Hugo Zigmetiň ýolbaşçylyk edýän «Passacaglia» jaz aýdym-saz topary geldi. «Passacaglia» sözi ispan dilinden terjime edilende “ýolugra ýöremek” manyny aňladýar. Bu toparyň çeper ýolbaşçysy hem-de saksofonçy Hugo Zigmet bu barada şeýle gürrüň berýär:
- Haçan-da biz ýolugra ýöräp barýarkak haýsydyr bir bolup geçýän wakanyň şaýady bolýarys, daş-töweregimizde bolup geçýän zatlary duüup, gören, eşiden zatlarymyzdan dürli täsirleri alýarys. Şonuň üçin hem bu zatlary birleşdirip, bu topara at goýanymyzda oňa “gutarnyksyz sazy” siňdirmäge çalyşdyk. Köp saz kompozisiýalarynyň has belent ýaňlanmagy üçin özüne jazyň täsirini siňdirýär. Şeýle-de bolsa biziň saz eserlerimize ilkinji nobatda nusagwy kamera sazlar degişlidir. Sebäbi biz Gendeliň. Bahyň, Weberniň eserlerinden ylham alýarys. Şunlukda biz bu beýik kompozitorlaryň eserlerine täzeçe owaz, düýbünden başga saz kontekstini bermäge çalyşýarys. Köp ugurly jaz dünýäsiniň barokko we nusgawy ugurlarynyň goşulyşmagy biz üçin aýratyn täsirlidir. Ol saz eserleri ýaňlananda ajýyp öwüşgin berýär. Bu aşgabatly tomaşaçylaryň hem göwnünden turar diýip, tama edýärin.
Konsertiň jemleýji sany tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň orkestriniň sazandasy Derýä Garaýew türkmen milli saz guraly bolan gyjakly sahna çykýar. Türkmen halk sazlary ýaňlanýar. Kwartetiň sazandarlary oňa jazyň güýjüni bermek bilen, gyjagyň aýdymyny alyp göterýärler. Şunlukda olar konsertň jemleýji sanynyň üstüni köp seslilik bilen ýetirdiler. Tomaşaçylar zalyny uly el çarpyşmalar gurşap aldy. Sazandarlar bolsa, konsertiň şeýle ýatdan çykmajak jemleýji sany bilen tomaşaçylaryň sag bolsunyna mynasyp boldular. Olar dürli-dürli saz eserleri üçin hiç-hili serhediň ýokdugyny ýene-de bir gezek tassyk etdiler, ol ýurtlaryň we kontinentleriň islendik halkarynyň ählisi üçin hem düşnüklidir!