Şu gün Stambulyň Fatih uniwersitetinde türkmen halkynyň beýik şahyrynyň Türkmenistanda, şeýle hem ýurdumyzyň çäklerinden alyslarda giňden bellenilýän doglan gününiň 290 ýyllygynyň hormatyna guralan “Magtymguly we dünýä medeniýeti” atly ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy.
Ylmy maslahata gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna Türkmenistanyň alymlaryndan we medeniet işgärlerinden ybarat düzümdäki wekiliýet iberildi. Beýik şahyryň hormatyna geçirilýän maslahaty Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Halkara uniwersitetler birleşigi, Fatih uniwersiteti we Halkara türkmen-türk uniwersiteti bilelikde guradylar.
Ylmy maslahatyň esasy maksady Magtymguly Pyragynyň nusgawy edebi we filosofik mirasyny çuňňur öwrenmek we wagyz etmek, Gündogaryň halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny öwrenmek bolup durýar.
Magtymguly Pyraga bagyşlanan ylmy maslahaty geçirmek üçin Fatih uniwersitetiniň saýlanyp alynmagy tötänden däldir. Ol Türkiýäniň iri halkara ýokary okuw mekdebi bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň hormaty doktorydyr. 2012-nji ýylyň 1-nji martynda bu ýokary okuw mekdebinde türkmen Liderine şol hormatly ady dakmak dabarasy geçirildi. Türkmen döwletiniň Baştutany bu hormatly ada parahatçylyk we syýasy durnuklylyk işine goşan uly goşandy, türkmen we türk halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary berkitmekde, häzirkizaman lukmançylygyny ösdürmekde, şeýle hem ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin mynasyp boldy.
Fatih uniwersitetinde daşary ýurtly talyplaryň ýüzlerçesi bilim alýar. Bu ýerde köpsanly sebit we halkara kongresleri, ylmy-barlag, şeýle hem medeni we sport çäreleri yzigiderli geçirilýär. Uniwersitet dünýäniň, şol sanda Türkmenistanyň ençeme ylmy institutlary we ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy gatnaşyklary saklaýar. Bu abraýly ýokary okuw mekdebinde türkmen alymlarynyň we medeniet işgärleriniň gatnaşmagynda ylmy maslahatlar we dabaralar geçirildi. Fatih uniwersiteti türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mynasyp goşandyny goşýar.
Ine, bu gün hem Fatih uniwersitetiniň maslahatlar binasyna ylmy maslahatyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin iki ýurduň ylym we döredijilik işgärleri, dünýäniň birnäçe döwletlerinden masahata gatnaşyjylar, Fatih uniwersitetiniň mugallymlary, aspirantlary we talyplary,şeýle hem doganlyk ýurtda bilim alýan türkmen talyplary ýygnandylar.
Ylmy maslahatyň umumy mejlisinde türkmen şahyrynyň gymmatly döredijilik mirasyny mundan beýläk-de öwrenmek we dünýä ýaýratmak, medeni gatnaşyklary baýlaşdyrmak we halklary ýakynlaşdyrmak babatda alymlaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan şu günki duşuşygyň ähmiýeti bellenildi.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň umumy taryhy, milli we medeni kökleri bilen bagly bolan bilelikdäki ylmy işleriň amala aşyrylmagy Gündogaryň we biziň medeni mirasymyzy, dil we edebiýat babatda täze açyşlary öwrenmek üçin kuwwatly itergi bolup durýar diýip, çykyş edenler bellediler.
Stambula iberilen türkmen alymlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň eýeleýän orny we ähmiýeti, akyldar şahyryň biziň ýurdumyzda mynasyp bolan sylag-sarpasy, onuň mirasynyň öwrenilişi hem-de şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygynyň hormatyna Türkmenistanda geçirilýän dabaralar hakynda gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň isleg-arzuwlaryny beýan edijiler, taryhy aýawly saklaýjy bolan türkmen edebiýatynyň görnükli şahyrlary belent ahlak gymmatlyklaryny saklaýjylar hökmünde ykrar edilip, adamlaryň dünýägaraýşyna, olaryň ahlak nukdaýnazarlaryna we jemgyýetiň maksatlaryny kemala getirmäge ägirt uly täsiri bolupdyr. Söz ussatlaryna uly hormat goýmak bilen, türkmen halky olaryň atlaryny taryh üçin, nesiller üçin aýawly saklap geldi.
Dabarada çykyş eden alymlar we jemgyýetçilik işgärleri Magtymguly dünýä möçberindäki şahsyýet bolmak bilen, ençeme asyrlar mundan öň bolşy ýaly, bu gün hem dünýäniň halklaryny umumyadamzat ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän şygryýetiň belent ruhy bilen birleşdirýän jebisleşdiriji güýç hökmünde çykyş edýär diýip nygtadylar. Biziň hemmämizi Magtymguly, onuň asyrlaryň jümmüşinden geçen şygyrlarynyň çuňňur many-mazmuny we öçmejek nury birleşdirdi diýip, dabara gatnaşyjylar bellediler.
Umumy mejlis tamamlanandan soň, “Magtymguly we dünýä medeniýeti” atly ylmy maslahatyň dört bölüminde işler dowam edip, olaryň barşynda şahyryň, onuň döwürdeşleriniň we şägirtleriniň ömri barada maglumat berýän gymmatly türkmen golýazma mirasyny, täze makalalary we materiallary öwrenmek boýunça alymlaryň bilelikdäki işleriniň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türki dilli halklaryň dil medenietini,edebi mirasyny ösdürmäge Magtymgulynyň täsiri bilen bagly mowzuklara seredildi. Elbetde, dünýäniň dürli dillerinde çykyş edenler belent şygryýetiň senasy, ynsan ruhunyň beýikliginiň senasy hökmünde beýik şahyryň şygyrlaryndan ganatly setirleri okadylar.
Maslahata gatnaşyjylar üçin guralan konsertde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň döredijilik topary we türkmen sungat ussatlary çykyş etdiler. Olaryň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen türkmen aýdym-sazlary ýaňlandy.
Ertir “Magtymguly we dünýä medeniýeti” atly ylmy maslahat öz işini dowam eder.
Maslahatyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň türk dilinde neşir edilen eserleriniň tanyşdyryş dabarasy meýilleşdirildi.
Magtymgulynyň şygryýet mirasy türkmen halkynyň dünýä medeniýetine özboluşly goşandy bolup durýar. Bu miras türkmen halkynyň diňe milli buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň ähli halklarynyň çeper baýlygydyr. Şonuň üçin beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 290 doglan gününiň ýyllygyna bagyşlanan dabaralar öz çägini barha giňeldýär. Biziň şanly baýramçylygymyza daşary ýurtly dostlarymyz, beýik Pyragynyň zehininiň we döredijiliginiň köpsanly muşdaklary goşular. Magtymguly öz goşgularynda türkmen halkynyň erkinlik, parahatçylyk we dostluk maksatlaryna ygrarlylygyny beýan etdi.