Ï 2014-njy ýylyň marty: milli Liderimiziň daşary syýasata degişli başlangyçlarynyň ugry bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2014-njy ýylyň marty: milli Liderimiziň daşary syýasata degişli başlangyçlarynyň ugry bilen

view-icon 8676
Şu baharyň birinji aýynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyndaky ähli wakalar täzelenişiň ruhuna we döredijilikli güýç-kuwwata beslendi. Şu döwürde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde guran köp sanly duşuşyklary, forumlary, okuw maslahatlary, ylmy we pudaklaýyn maslahatlary Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän “açyk gapylar” syýasatynyň häzirki döwürde dünýäde globallaşmagyň şertlerinde netijelidigini we muňa uly gyzyklanma bildirilýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi.

Geçen aýda bolan wakalary yzygiderli ýatlamak bilen, martyň başynda Türkmenistanda Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Hamad Al Sulaýtiniň işe başlandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň Mejlisinde dostlukly ýurduň diplomaty ynanç hatyny gowşuran mahalynda, türkmen topragynda bolup geçýän giň gerimli özgertmeleriň haýran galdyrýandygyny belläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesinde uly at-abraýa eýedigini hem-de munuň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ählumumy bähbitler üçin parahatçylyga we giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan syýasatyň ýöredilmeginiň gös-göni netijesi bolup durýandygyny aýtdy.

3-nji martda Aşgabatda geçirilen türkmen-owgan syýasy geňeşmeleriň çäklerinde Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Resupblikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Owganystanyň daşary işler ministri Zarar Ahmad Osmaniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi.

Geňeşmeleriň çäklerinde 2014-2015-nji ýylar üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna gol çekildi, şonda ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlyk, konsullygyň meseleleri we bilelikdäki taslamalar amala aşyrmak boýunça syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyz ýanaşyk ýerleşýän döwletleriň ählisi bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň saklanmagyna we ösdürilmegine gönükdirilen ugra eýerip, hyzmatdaşlygyň has möhüm meseleleri boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleri işjeň ýagdaýda alyp barýar. Martyň birinji ongünlüginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygynyň geçirilmegi muňa aýdyň mysal bolup biler. Şonda Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we şonuň ýaly ýagdaýlaryň netijelerini aradan aýyrmak boýunça Ylalaşygyň hem-de Hazar deňziniň biologik serişdelerini aýawly saklamak we oýlanyşykly ulanmak boýunça Ylalaşygyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. 2010-njy ýylyň noýabrynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Baku şäherinde geçirilen üçünji Sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şol ylalaşyklaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.

Geçen aýyň birinji ongünlüginde Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankarada iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-türk syýasy geňeşmeler boldy, şol geňeşmeleriň barşynda türkmen we türk halklarynyň dostlukly gatnaşyklaryna mahsus ýörelgeler esasynda guralýan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

10-njy martda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Indoneziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Dian Wirengjurit bilen duşuşyk boldy. Şol duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlary boýunça gyzykly pikir alşyldy.

Geçen aýda şanly senä—Gündogaryň ajaýyp şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň dogulan gününiň 290 ýyllygyna taýýarlyk görülmegine aýratyn üns berildi. Bu senäniň gerimi has giňelip, halkara derejesinde möhüm ähmiýete eýe boldy. 10-njy martda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekinde HHR-iň daşary ýurtlar bilen Dostluk Jemgyýetiniň binasynda “Magtymguly Pyragy we umumy adamzadyň medeni gymmatlyklary” diýen mesele boýunça “tegelek stoluň” başynda Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasy tarapyndan duşuşyk guraldy. Ertesi gün Hytaýyň Milletleriň Merkezi Uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň hytaý diline terjime edilen ýygyndysy bilen tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

11-nji martda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen Assosiasiýasynyň döredilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Bu assosiasiýanyň işi 2013-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň barşynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen Assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek boýunça gol çekilen Ähtnama esaslanar. Maslahata Ýaponiýanyň ylmy toparlarynyň 80-ne golaý wekilleri, şeýle hem iri ýapon kompaniýalarynyň, gaznalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşanlar üçin Türkmenistana bagyşlanan sergi guraldy hem-de şonda döwletimiziň üstünlikleri we gazananlary aýdyň görkezildi.

Şu ýylyň sentýabrynyň başynda ulag boýunça ählumumy hyzmatdaşlyga bagyşlanyp, ýokary derejede guraljak halkara maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilen birinji maslahat mart aýyndaky möhüm waka öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralýan bu wekilçilikli forumyň gün tertibiniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna iri halkara guramalarynyň we ulag boýunça düzümleriň wekilleri, Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu maslahatda esasy mesele hökmünde ulag we üstaşyr geçelgeleriň halkara hyzmatdaşlygyny, durnuklylygy we yzygiderli ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetine garalar.

Duşuşyga gatnaşyjylar ara alyp maslahataşmak üçin orta atylan meseleleriň möhümdigini belläp, Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek maslahata eýýäm ykjam taýýarlyk görülýändigini hem-de bu maslahatyň halkara gepleşiginiň netijeliligini artdyrmak arkaly, oňa güýçli itergi berjekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrjakdygyna ynam bildirdiler.

12-13-nji martda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Günorta-Gündogar Türkmenistanyň mirasy Ýewraziýa gadymy we orta asyr medeniýetleriniň ulgamynda” atly halkara ylmy maslahat tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýete eýe bolan ýewraziýa medeniýetlerini, şeýle hem irki döwürlerden bäri dünýäniň syýasy, ruhy-medeni we ykdysady ösüşine önjeýli goşant goşýan türkmen halkynyň özboluşly mirasyny öwrenmekde möhüm ädime öwrüldi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa instituty tarapyndan guralan foruma Amerkadaky, Ýewropadaky, Aziýadaky we Afrikadaky ýurtlaryň onlarçasyndan iri akademiki ylmy-barlag we ýokary okuw mekdepleriniň merkezleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň ösen we bütindünýä derejesinde uly ähmiýete eýe bolan köp sanly ýadygärlikleri miras galdyran gadymy we orta asyr medeniýetleriniň ojagy bolup durýandygy hem-de adamzat siwilizasiýasynyň hakyky taryhyny dikeltmekde uly ähmiýete eýe bolan arheologik gözlegleriň we açyşlaryň netijeleriniň muňa aýdyň şaýatlyk edýändigi bellenildi.

Maslahatyň işi bölümleriň üçüsi boýunça alnyp baryldy, şonda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Günorta-Gündogar Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamakda we öwrenmekde halkara hyzmatdaşlygy”, “Günorta-Gündogar Türkmenistanyň taryhynyň çeşmeleri we taryhnamasy”, “Günorta-Gündogar Türkmenistanda gadymy we orta asyr maddy-ruhy medeniýetiň ösüşi” ýaly meseleler boýunça çykyşlaryň we ylmy maglumatlaryň ýüzden gowragy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dünýä siwilizasiýanyň ösüşe uly goşant goşan türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwrenmek, iň esasysy bolsa, köp asyrlyk däp-dessurlara we adatlara mukaddeslik hökmünde garaýan ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzyň geljegini, jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşi kesgitleýän esasy şertleriň biri bolup durýar.

Mart aýynda Rumyniýanyň Ýassy şäherinde George Asaki adyndaky Tehniki uniwersitetde geçirilen Günorta-Gündogar Ýewropanyň matematika boýunça 8-nji Halkara olimpiadasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetlerniň talyplarynyň dürli derejeli medallaryň bir bada 6-syna eýe bolmagy häzirki wagtda Türkmenistanda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe örän uly wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etjek hünärine ökde ýaş işgärleriň täze nesliniň—täze dünýägaraýyşly alymlaryň nesliniň kemala getirilýändigini aýdyň görkezýän mysala öwrüldi.

Türkmen talyplarynyň halkara intellektual bäsleşikde üstünlik gazanmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli bilim ulgamyny ösdürmek boýunça düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň kanunalaýyk netijesi bolup durýar. Tutuş ýurdumyz boýunça şol özgertmeleriň çäklerinde okatmagyň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim edaralarynyň onlarçasy açyldy.

13-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Merkezi Aziýanyň ýurtlary boýunça Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň sebitleýin utgaşdyryjysy jenap Deýan Keserowiç bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda köp ýyllaryň dowamyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, şeýle hem Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň ýardam bermeginde migrasiýa we raýatlygy bolmadyk adamlara degişli meseleler boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda Aşgabatda geçiriljek halkara maslahatynyň guralmagyna Migrasiýa baradaky halkara guramasy tarapyndan ýardam berilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşldy.

16-njy martda paýtagtymyzdaky “Mizan” işewürlik merkezinde geçirilen işewürlik forumy Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga täzeden badalga berdi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Hytaýyň halkara söwdasyny ösdürmek boýunça komitetiniň arasynda özara düşünişmek boýunça gol çekilen Ähtnamanyň çäklerinde geçirilen iişewürlik duşuşygyna gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň şu komitetiň wise-prezidenti Žang Weýiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan üçin Hytaý strategiki hyzmatdaşlaryň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Köp ýyllaryň dowamynda dostlukly iki ýurdy netijeli hyzmatdaşlyk boýunça toplanan tejribe baglanyşdyrýar, şol hyzmatdaşlyk milli bähbitleri we iki ýruduň durmuş-ykdysady ösüşde ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutmak arkaly guralýar. Soňky ýyllarda dostlukly iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň has-da artmagy hem-de ýurdumyzda uly möçberli maýa goýumly taslamalaryň amala aşyrylmagyna Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň 30-dan gowragynyň gatnaşmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Hytaýyň döwlet düzümleriniň wekilleriniň we işewürleriniň türkmen kärdeşleri bilen şol duşuşygy bellenilen meýilnamalary we bilelikdäki taslamalary aýdyňlaşdyrmagyň we iş ýüzünde amala aşyrylmagyň, şol sanda iki ýurduň telekeçi düzümleriniň derejesinde hyzmatdaşlyk etmegiň täze mümkinçiliklerini we oňaýly görnüşlerini öwrenmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüldi.

Duşuşyga gatnaşyjylar syýasy gatnaşyklaryň, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň, söwda degişli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny, sebitdäki halklaryň ruhy-medeni gymmatlyklary arkaly özara baýlaşmagynyň artdyrylmagyny maksat edinýän sebitleýin hyzmatdaşlygyň täze nusgasy hökmünde “Ýüpek ýolundaky ýurtlary ykdysady ulgamyny” bilelikde döretmegiň taslamasy bilen tanyşdyryldy.

17-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ministrliginiň Departamentiniň başlygy jenap Wan Sžisaýyň ýolbaşçylyk etmeginde Hytaýyň Atçylyk assosiasyýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar atçylyk boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, hususan-da, Pekinde Ahalteek atçylygyyň halkara assosiasiýasynyň nobatdan daşary forumyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek hem-de Türkmenistanyň we HHR-iň arasynda atçylyk boýunça Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasyny tassyklamak barada pikir alyşdylar.

Mart aýynyň ortasynda paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde iki günlük forum geçirilip, şonda milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlary we mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Bu forum Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 6 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň telekeçiliginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli maksatnamalarynyň we özgertmeleriň amala aşyrylmagyna goşýan goşandyny, telekeçiligiň üstünliklerini we mümkinçiliklerini äşgär etdi.

Şu ýylda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guralan giň gerimli sergä gatnaşanlaryň sany has-da artdy. Ýurdumyzyň iri hususy kompaniýalarynyň, özbaşdak kärhanalaryň we önüm öndürijileriň 200-den gowragy öz ekspozisiýalaryny görkezdiler, şolaryň 40-a golaýy sergä ilkinji gezek gatnaşan eksponentlerdir.

17-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan Yslam Respublikasynyň Ýokary parahatçylyk geňeşiniň başlygy jenap Salahutdin Rabbaniniň ýolbaşçylygyndaky Owganystanyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy, gepleşikleriň barşynda soňky döwürde has-da işjeňleşdirilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Mart aýynyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky hormatly konsuly Mohammed Ýakub Tabani we Hindistan Respublikasyndaky konsullary Hasmukh Amritlal Şah we Rawi Appaswami bilen duşuşyklary geçirildi. Şonda Türkmenistanyň we ýola goýlan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine içgin gyzyklanma bildirilýän bu ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

19-njy martda ýurdumyzyň DIM-de BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Kommisarynyň müdiriýetiniň Merkezi Aziýadaky sebitleýin utgaşdyryjysy jenap Saber Azam bilen duşuşyk geçirildi, ol türkmen paýtagtyna jemleýji iş sapary bilen geldi. Türkmenistan bilen dünýä bileleşiginiň abraýly guramalarynyň arasynda oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

24-nji martda Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi jenap Ronald Ýakobus Petrus Mari wan Dartel Türkmenistanda işe başlady, ol ýurdumyzyň Mejlisinde ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini nygtap, öz ýurdunyň doly ygtyýarly wekili hökmünde Türkmenistanda döwletara gatnaşyklarynyň, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam berjekdigini aýtdy.

Diplomat şeýle hem, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi we Türkmenistanyň hökümetinde birnäçe duşuşyklary, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky türkmen milli institutynda duşuşyk geçirdi.

24-nji martda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda dünýä diplomatiýasynyň tejribesini öwrenmäge bagyşlanan usulyýet maslahaty öz işine başlady, ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ABŞ-nyň halkara ösüşi boýunça agentligi (USAID) bilen bilelikde guraldy.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, olaryň hatarynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Robert Ýudžin Patterson hem bar, türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýasy, özüniň bitaraplyk derejesine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda hem netijeli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, bu sebitde özara düşünişmek we hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny emele getirmekde täsirli gural hökmünde seredilýär.

Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar diplomatik gepleşikleri geçirmegiň halkara tejribesi, hususan-da, onuň gepleşikleri geçirmegi guramak ýaly möhüm ugry bilen tanyşdylar.

25-nji martda DIM-de BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdiriýetiniň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekili jenap Aleksandr Syçýew bilen duşuşyk geçirildi, ol türkmen paýtagtyna iş sapary bilen geldi. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şol sanda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdiriýetiniň milli, sebit we ählumumy taslamalarynyň ýerine ýetirilişiniň çäklerindäki wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şonuň ertesi güni ýurdumyzyň DIM-de Fransiýa Respublikasynyň senatory hanym Žoel Garrio-Meýlam kabul edildi, ol türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny, şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň we medeni-gumanitar ulgamda bilelikde hereket etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.

25-27-nji mart aralygynda biziň ýurdumyzyň wekiliýeti Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Owganystan Yslam Respublikasynda iş sapary bilen boldy. Mälim bolşy ýaly, bu gadymy bahar baýramy Aziýanyň halklarynyň we dünýäniň beýleki sebitleriniň ilaty tarapyndan giňden bellenilýär.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň goňşy ýurtda saparda bolmagynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar geçirildi, olaryň barşynda köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda ulag pudagy boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu möhüm ulgamda öňe süren döredijilikli halkara başlangyçlarynyň Owganystan tarapyndan doly goldanylýandygy bellenildi.

25-nji martda Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherindäki ilçihanasynda goňşy ýurtda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa gatnaşyjylar Owganystanda ýaşaýyn watandaşlarymyza berilýän goldaw we yzygiderli kömek üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, milli Lidermiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda bolmagynyň çäklerinde beýleki döwletleriň wekiliýetleri bilen Halkara Nowruz baýramyna gabatlanyp bilelikde guralan konserte, şeýle hem sergä gatnaşdy. Biziň ýurdumyzyň wekiliýeti tarapyndan türkmen halkynyň amaly-haşam sungatyna we milli däp-dessurlaryna bagyşlanan sergi hem guraldy.

27-nji martda Türkmenistanyň Mejlisinde Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly ilçisi hanym Danaýi Magdalina Kumanakudan ynanç haty kabul edildi, ol döwletara hyzmatdaşlygyny üstünlikli dowam etdirmek we hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin tagalla etjekdigini nygtady.

Şol gün diplomat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, ýurdumyzyň käbir ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda kabul edildi, duşuşyklaryň barşynda grek kompaniýalarynyň gelejegi uly türkmen bazarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen aýyň ahyrynda (25-27-nji mart) ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Kuweýtdäki ştap-kwartirasyna baryp gördi, ol ýerde 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek bilen baglanşykly tehniki hem-de guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Syýahat” žurnalynyň nobatdaky sanynda giňişleýin makalanyň Aziada-2017-dä bagyşlanandygy guwançly ýagdaýdyr.

Türkmenistan tarapyndan gumanitar gatnaşyklaryň, häzirki wagtda ýurdumyzyň daşary syýasy bähbitlerine gönükdirilen uly ähmiýetli gurallaryň biri hökmünde garalýandygyna Döwlet habarlar gullugy – TDH tarapyndan döredilen we günsaýyn üsti doldurylýan “Medeniýet” maglumat – aňýetiriş internet serişdesi aýdyň mysaldyr, geçen aýda onuň üsti beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan täze bölüm bilen dolduryldy. Bu Gündogaryň meşhur şahyrynyň we akyldarynyň öçmez-ýitmez eserleriniň hem-de tutuşlygyna türkmen halkynyň edebi-ruhy mirasyny wagyz etmegiň ýolunda täze möhüm ädimdir.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekiliýetiniň mart aýynyň üçünji ongünlüginde Ermenistanyň paýtagtynda – Ýerewan döwlet uniwersitetinde Magtymgulynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahata, şeýle hem beýik türkmen akyldarynyň ermeni dilinde neşir edilen kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp geçmelidiris. Bu beýik türkmen şahyrynyň Ermenistanda çap edilen üçünji kitabydyr. Täze neşir edilen kitabyň öňkülerden tapawudy, oňa şahyryň öň ermeni dilinde çap edilmedik goşgulary girizilendir we mundan başga-da olar türkmen dilinden göni terjime edildi, bu bolsa Magtymgulynyň belent ruha ýugrulan pikirlerini we taglymlaryny anyk beýan etmäge mümkinçilik berdi.

Maslahata dostlukly ýurduň medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynyň, beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, Ermenistanyň Milli ýygnagynyň deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, belli ermeni edebiýatçylary, ylmy intelligensiýanyň, Ermenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň kabul edişlik binasynda Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna bagyşlanyp guralan Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti ajaýyp döredijilik sowgaty boldy.

Şeýlelikde, biziň şu synymyzda mart aýynda bolup geçen şanly wakalaryň beýany Garaşsyz Türkmenistanyň okgunly ösüşini doly derejede görkezýär, bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan hem-de ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän, parahatçylygyň we ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen daşary syýasy strategiýanyň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr.